Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daşky keşbine gözegçilikler barha güýçlenýär. Häkimiýetler indi bu gözegçilikleri diňe köçelerde, gözellik salonlarynda, dellekhanalarda we ýokary okuw jaýlarynda däl, eýse döwlet edara-kärhanalarynda hem batlandyrýar. Aşgabatdan Lebap we Mary welaýatlaryna ýörite barlag toparlary gelip, Türkmenabat şäheriniň mekdeplerine, çagalar baglaryna we saglyk edaralaryna aýlandylar we işgärleriň daşky keşbini barladylar. Mary welaýatynda bolsa, býujet işgärleri bilen ýygnaklar geçirilip, "tebigy gözellik" propagandasy öňe sürülýär.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, geçen hepde geçirilen bu barlaglarda mugallymlardan, terbiýeçilerden we saglyk işgärlerinden diňe milli egin-eşikleri, ýagny uzyn ýakaly köýnekleri geýmek we kellelerine ýaglyk daňmak talap edildi.
Degişli maglumat Aşgabatly mekdep okuwçylary bilen daş görnüşleri barada düşündiriş ýygnaklary geçirilýär"Mugallymlar, terbiýeçiler we saglyk işgärleri sary reňkdäki saçlaryny gara reňke boýamaga hem mejbur edildi. Dyrnagy ösgün, goşmaça dyrnak we kirpik dakdyran, ýüzüne botoks etdiren mugallymlara, terbiýeçilere we saglyk işgärlerine gysga wagtda şu emeli goýulan dyrnaklary, kirpikleri aýyrtmasa, saçlaryny gara reňke boýamasa, onda olaryň işden boşadyljakdygy duýduryldy. Işgärlere bu zatlary düzetmek üçin bir gün möhlet berildi" diýip, türkmenabatly mugallymlaryň biri anonimlik şertinde 25-nji aprelde gürrüň berdi.
Lebaply býujet işgärleri barlaglardan ozal özlerine islendik reňkde egin-eşik geýmäge rugsat berlendigini hem aýtdylar.
"Ýöne barlagçylar gelmezden bir gün öň, ýolbaşçylar mugallymlara ýaşyl reňkde we terbiýeçilere gök reňkde köýnek, onuň üstünden ýeňsiz don geýmegi tabşyrdylar" diýip, mugallym belledi.
Onuň sözlerine görä, barlaglardan öň okuwçylaryň dyrnaklary hem barlandy. Olara ýüzlerine kosmetika serişdelerini çalmak gadagan edildi.
"Barlaglardan soň, mugallymlar her gün irden gyz okuwçylaryň dyrnaklaryny gözden geçirmek bilen işe başlaýarlar. Olaryň okuw eşikleri hem giň tikilen köýnek bolmaly" diýip, mugallym aýtdy.
Mundan başga-da, habarçymyz şäheriň dellekhanalaryna aýal-gyzlaryň saçyny gysga, ýagny egninden kesmegiň gadagan edilendigini hem habar berýär.
Degişli maglumat Balkanda gözellik salonlary we gijeki klublar ýapylyp, ilatyň geýimine gözegçilik güýçlendiŞuňa meňzeş barlaglar Marynyň döwlet edara-kärhanalarynda, şol sanda tutuş bilim, saglyk we azyk pudagynda hem geçirilýär. Habarçymyz özüniň döwlet edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp, bu barlaglaryň şu hepdäniň ortalaryna çenli dowam etjekdigini aýdýar.
Maryly býujet işgärleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, barlaglarda edara-kärhanalaryň ýerine ýetirýän işleri derňelýär. Bulardan başga-da, işgärler, hususan-da aýal-gyzlar bilen ýörite ýygnaklar geçirilip, olarda "edep-ekram, ahlak we türkmen däpleri" barada gürrüň edilýär.
"Bu ýygnaklara merkezden gelen barlagçylaryň käbiri gatnaşyp, ahlaklylyk barada wagyz-nesihat edýärler. Şeýle-de, olarda köpçülikleýin çärelere gatnaşýan eneleriň käbirleri çykyş etdirilýär. Olar "köne döwürde ýaşlaryň ahlagynyň nähili bolandygy" barada gürrüň berip, aýal-gyzlary şolara meňzemäge çagyrýarlar. Olar gelin-gyzlaryň tebigy gözellikleri barada gürrüň berýärler. Umuman aýdanyňda, "tebigy gözellik" propagandasy öňe sürülýär" diýip, maryly býujet işgäri aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýygnagyň dowamynda gyzlaryň ýüzlerine kosmetika serişdelerini çalyp, goşmaça kirpik we dyrnak oturdyp, saçlaryny sallap, köçä çykmagy tankytlanyp, bular "edep-terbiýä gelişmejek zatlar" hökmünde görkezilýär.
"Barlagçylar ýokarda agzalan gözellik usullarynyň okuwçylary we çagalary ýoldan çykarýandygyny aýdýarlar. Olar mugallymlardan bu barada ene-atalar bilen düşündiriş işlerini geçirmegi hem talap etdiler" diýip, mugallym belledi.
Degişli maglumat Ýüzüne botoks etdirýän we dodagyny çişirdýän gelin-gyzlara gözegçilik güýçlendiAzatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebabyň we Marynyň häkimliklerinden, şol sanda ýerli bilim we saglyk bölümlerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi. Şeýle-de, paýtagtdan gelen barlagçylaryň haýsy edaranyň wekilleridigini hem anyklap bolmady.
Türkmen häkimiýetleri aýal-gyzlaryň daşky keşbine gözegçilikleri mundan iki hepde ozal güýçlendirip başlady. Ýurtda ilki saç reňklemek, saç kesmek, manikýur, botoks we depilýasiýa ýaly kosmetiki hyzmatlara gadaganlyk girizildi, soňra raýatlaryň egin-eşiklerine degişli talaplar hem has güýçlendi. Bular barada habarçylarymyz 11-nji aprelden bäri Marydan, Balkandan, Lebapdan we Aşgabatdan habar berdiler.
Türkmen häkimiýetleri bu gadagançylyklar barada resmi çykyş etmeýärler. Adatça bolşy ýaly, bu barada resmi metbugat hem dymýar.
Ýöne häkimiýetleriň bu çäreleri täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň işe girişmeginiň we ýurduň Içeri işler ministrliginiň başlygynyň çalşylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, köpler häkimiýetleriň häzirki çärelerini ýurduň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "konserwatiw garaýyşlary" bilen baglanyşdyrýarlar.
Bu aralykda, Marydaky habarçylarymyz bu gadaganlyklaryň ýurtda ýaşaýan beýleki milletleriň wekillerine, şol sanda ruslara, ermenilere, özbeklere we gazaklara hem belli bir derejede täsir ýetirýändigini habar berýär. Ol gadaganlyklar netijesinde botoks edýän, goşmaça dyrnak we kirpik dakýan gözellik salonlarynyň ýapylandygy sebäpli ýurtdaky beýleki milletleriň wekilleriniň bu hyzmatlardan peýdalanyp bilmeýändigini aýdýar.
Degişli maglumat "Gözellik" gadagançylygy. Türkmenistanda owadanlyk salonlary ýapylýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.