Prezident Wolodymyr Zelenski 22-nji aprelde, Russiýanyň tas iki aýlap topa tutulan port şäheriniň “azat edendigini” aýtmagyna garamazdan, gabawdaky Mariupol şäherindäki ukrain garşylygynyň dowam edýändigini aýtdy. Azow deňziniň boýundaky strategiki porta urlan zarbalar müňlerçe adamyň ölümine, ullakan weýrançylyga sebäp boldy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 21-nji aprelde rus güýçleriniň Mariupoly "azat edendigini" aýtdy, müňlerçe ukrain esgeriniň we asuda adamlaryň gabalan ýerine, “Azowstal” polat zawodyna bolsa, “ol ýerde rus esgerleriniň janyny töwekgellige salmazlyk üçin”, hüjüm etmezligi buýurdy.
Şol bir wagtda Putin “Azowstalyň” daşynyň berk baglanmagyny, ol ýerden “hatda bir siňegiň hem çykyp bilmeli däldigini” aýtdy.
Emma Zelenski Mariupoldaky söweşiň dowam edýändigini aýtdy.
“Biziň ýurdumyzyň günortasynda we gündogarynda basybalyjylar iň bolmanda nähilidir bir ýeňişden söz açmak üçin her zat etmegi dowam etdirýärler” diýip, ol wideo ýüzlenmesinde aýtdy.
Degişli maglumat Putin Mariupol goragçylaryna zabt etmegi goýbolsun edip, rus esgerlerini goramagy buýurýar“Olar diňe gutulgysyz netijäniň wagtyny yza süýşürýärler, basybalyjylaryň biziň çägimizi, hususan-da, basybalyjylaryň aýdýan ähli zatlaryna garamazdan, Russiýa garşylygy dowam etdirýän Mariupoly terk etmeli wagtyny yza süýşürýärler” diýip, Zelenski aýtdy.
22-nji aprelde britan goşuny özüniň yzygiderli çap edýän maglumatynda Putiniň Azowstaly petiklemek kararynyň onuň Mariupoldaky garşylygy ýatyrmak islegini görkezýändigini aýtdy.
Şeýle-de, britan goşuny Russiýanyň gündogar Ukrainada öňe gidişlik gazanmak isleýän wagtynda, Donbasda agyr top atyşlarynyň dowam edendigini aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden hem, ABŞ-nyň Ukraina berýän täze 1,3 milliard dollar kömegini yglan edip, Russiýanyň Mariupolda gazandym diýýän ýeňşiniň “gümanlydygyny” aýtdy.
“Mariupolyň doly synandygy barada heniz subutnama ýok” diýip, Baýden 21-nji aprelde Ak tamda aýtdy. Ol Donbas sebitinde rus çozuşlaryna garşy göreşýän ukrain güýçlerine we asuda ilata 800 million dollar harby goldaw iberjekdigini aýtdy.
Kömek bukjasy Donbas sebitindäki agyr söweşleri goldamaga niýetlenendir diýip, Baýden sözüniň üstüni ýetirdi.
Degişli maglumat Gündogar Ukraina topa tutulýar, Zelenski “Donbas söweşiniň” başlanandygyny aýdýarŞeýle-de, Baýden Kanada we ýewropa ýurtlaryna goşulyp, ABŞ-nyň Russiýa bilen ilteşikli gämileriň amerikan portlaryna girmegini gadagan etjekdigini aýtdy we Ukrainanyň hökümet edaralarynda aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki tölegleriň tölenilmegi üçin 500 million dollar möçberinde göni ykdysady ýardam yglan etdi.
Zelenski minnetdarlyk bildirdi, ýöne öz ýurdunyň has köp kömege mätäçdigini aýtdy. Dowam edýän uruş üçin zerur bolan ýaraglardan we puldan daşary, ykdysady ýitgileri dikeltmek üçin ýurda her aý 7 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesi gerek bolar.
Onlarça müň binanyň zyýan çekmegi bilen hem-de möhüm desgalar haraba dönensoň, “gaýtadan bina etmek üçin bize ýüzlerçe millard dollar gerek bolar” diýip, Zelenski wideoaragatnaşyk arkaly Bütindünýä bankynyň we Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylaryna ýüzlendi.
Zelenski rus güýçleriniň “Ukrainada ýaşaýyş üçin ykdysady baza hökmünde hyzmat edip biljek ähli obýektleri” ýumurmagy maksat edinýändigini aýtdy. “Bular demir ýol menzillerini, azyk saklawhanalaryny, nebiti gaýtadan işleýän zawodlary öz içine alýar” diýip, Zelenski belledi.
Ýardam wadalary berlip, has köp kömek soralýan mahaly, Mariupolyň ykbaly nämälim galýar, şäheriň ukrain goragçylary Azowstal polat zawodynda gysylyp galdy.
Ukrainaly goragçylaryň biri BBC-ä beren interwýusynda özleriniň bukuda oturan gabaw astyndaky zawodynyň ýeriň üstündäki böleginiň ýykylandygyny aýtdy. “Bunkerleriň içinde ölüler we ýaralanan adamlar bar. Käbir raýatlar ýykylan binalaryň aşagynda galdy” diýip, Swýatoslaw Palamar aýtdy.
Rus goşunlary gabawdaky port şäherinde ýerleşýän zawody zapt etmek synanyşyklaryny, Putiniň beýle synanyşyklary etmezlik barada beren buýrugyna garamazdan, dowam etdirdiler.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Russiýany halkara hukugyna hormat goýmaga we asuda ilatyň Mariupoly terk etmegine rugsat bermäge çagyrdy.
“Mariupolda ýagdaý diňe erbetleşmek bilen bolýar. Onlarça müň raýat gysylyp galdy. Men ýene bir gezek Russiýany halkara hukugyna hormat goýmaga, asuda ilatyň şäheri terk etmegine rugsat bermäge, ynsanperwer ýardama rugsat bermäge çagyrýaryn” diýip, Makron Twitterde ýazdy.
Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk 21-nji aprelde raýatlaryň Mariupoldan ewakuasiýa edilmändigini, sebäbi rus goşunlarynyň adamlaryň üýşýän ýeriniň töweregini oka tutup başlandyklaryny we geçelgäniň ýapylmaly bolandygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.