Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde maýyplygy bolan adamlar döwlet tarapyndan özleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmaýandygyndan we jaý almak üçin duran nobatlarynyň hiç hili öňe süýşmeýändiginden şikaýat edýärler. Şol bir wagtda, olar "häkimiýetlere para beren maýyplaryň nobatda durmazdan, dessine jaý bilen üpjün edilýändiklerini" aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen söhbetdeş bolan maýyplygy bolan adamlaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, olar 2016-2018-nji ýyllar aralygynda özleriniň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ýaşaýyş jaýyna mätäçdigi barada häkimlige arza tabşyrypdyrlar. Şondan soňra olaryň şahsy maglumatlary alnyp, atlary jaý üçin nobata duran adamlaryň sanawyna goşulypdyr.
Ýöne maýyplygy bolan adamlar aradan ençeme ýylyň geçendigine garamazdan, häkimligiň ýöredýän bu sanawynda hiç hili öňe gidişligiň ýokdugyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Maýyp arabasynda dilegçilik edýän Bäşim işsiz maşgalasyny ekläp bilmeýändigini aýdýar"Bu sanaw diňe göz üçin düzülip, maýyplara diňe ýalan wadalar berilýär. Nobat hiç hili öňe süýşmeýär. Häkimligiň işgärleri jaýyň ýokdugyny aýdýarlar" diýip, I topar maýyplygy bolan türkmenabatly bir ýaşaýjy gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan maýyplygy bolan adamlar "häkimiýetlere para beren maýyplaryň nobata durmazdan, dessine jaý bilen üpjün edilýändiklerini" aýdýarlar.
"Häkimiýetler tarapyndan maýyplara paýlanan jaýlaryň käbirleri wagtal-wagtal boşaýar. Ýöne bu jaýlary ýokary döwlet wezipesinde tanyş-bilişleri bolan ýa-da para beren maýyplar alýar. Häkimligiň sanawynda bolsa, jaý almak üçin duran nobatlarymyz hiç hili öňe süýşmeýär" diýip, I topar maýyplygy bolan türkmenabatly ýaşaýjy belledi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenabat şäher häkimliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi. Bu barada ýurduň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerli bölümi bilen hem habarlaşyp bolmady.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, soňky dört ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenabatda häkimiýetler tarapyndan maýyplar üçin ýaşaýyş jaýlary salynmady.
Resmi metbugat Türkmenabatda maýyplygy bolan adamlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanylmaga berlendigi barada soňky gezek 2018-nji ýylda habar beripdi. Şonda maýyplygy bolan adamlaryň 44 sanysyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň paýlanandygyny aýdylypdy.
Ýöne habarçylarymyz özleriniň döwlet edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp, welaýatda maýyplygy bolan adamlaryň sanynyň müňlerçedigini belläpdiler we sebitdäki maýyplaryň 1%-niň hem jaý bilen üpjün edilmändigini aýdypdylar.
Degişli maglumat Lebapda lukmanlara maýyplygy hasaba alynýan adamlaryň sanyny azaltmak tabşyrylýarTürkmen häkimiýetleri ýurtda maýyplygy bolan adamlar babatynda "aýratyn alada edilýändigini" aýdýarlar. Olar muny beýlekiler bilen bir hatarda, maýyplar üçin ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygy, olar üçin maýyp arabalarynyň mugt paýlanýandygy bilen delillendirýärler.
Ýöne habarçylarymyz we türkmenistanlylaryň ençemesi bu ýeňilliklerden maýyplygy bolan adamlaryň ujypsyz böleginiň peýdalanyp bilýändigini we bu prosesde-de, hatda maýyplygy tassyklatmak işinde-de parahorlugyň "giň ýaýrandygyny" ýyllarboýy aýdyp gelýärler.
Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler "geljekde her bir maşgalanyň aýratyn öýli ýa-da jaýly boljakdygyny" hem wada berýär. Bu barada Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde aýtdy. Halk Maslahatynyň başlygy bu maksatnamanyň haçan durmuşa geçiriljekdigini aýdyňlaşdyrmasa-da, täze prezident Serdar Berdimuhamedow hem 19-njy martda geçirilen inaugurasiýa dabarasynda eden çykyşynda bu sözleri gaýtalady.
Häkimiýetler ýurt ilatynyň, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň sany baradaky statistikany köpçülige aýan etmeýär. Şeýle-de, ýurtda maýyplygy bolan adamlaryň näçesiniň jaýa mätäçdigi hem nämälim bolup galýar.
Türkmenistan maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary boýunça Konwensiýany berjaý edişi barada Birleşen Milletler Guramasyna soňky gezek 2015-nji ýylyň aprelinde hasabat berdi. Şonda türkmen wekilleri Türkmenistanyň pensiýa fondunyň maglumatyna salgylanyp, ýurtda maýyplygy bolan adamlaryň 121 müň 810 sanynyň hasaba alnandygyny, olardan 2 müň 513 sanysynyň I topara, 24 müň 834 sanysynyň II topara we 13 müň 450 sanysynyň III topara degişlidigini mälim etdiler.
Türkmenistan Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýa 2008-nji ýylyň sentýabrynda goşuldy. Bu Konwensiýa dünýä boýunça 153 ýurt agzadyr.
Degişli maglumat Aşgabadyň maýyplar boýunça hasabatyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.