Balkanda bugdaýlar suwsuz. Häkim prezidente 'batly' hasabat berýär

"Watan habarlarynyň" suraty. Balkan welaýatynyň häkimi T. Atahallyýew hasabat berýär. 18-nji aprel, 2022.

Balkan sebitiniň Serdar, Magtymguly, Bereket etraplarynda bugdaý eken daýhanlar, bugdaý meýdanlaryndaky ýiti suw ýetmezçiligi zerarly, ekiniň 60 göterimden gowrak hasylyny ýitirendigini aýdýarlar. Bu habar hökümet başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary we sebit häkimleri bilen "möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny” ara alyp maslahatlaşmagynyň yz ýanyndan geldi. Emma resmi habarlarda ýurduň ekin meýdanlaryndaky suw ýetmezçiligi, bu meselede daýhanlara nähili kömek edip boljagy barada hiç zat aýdylmaýar.

Serdar, Magtymguly, Bereket etraplaryndaky bugdaý meýdanlaryna suw ýetmeýär, sebitiň agronomlary şu ýyl bugdaý hasylynyň 65%-niň ýitendigini aýdýarlar diýip, Balkandaky habarçymyz habar berýär.

Onuň sözlerine görä, ýyl başyndan bäri bir gezegem suwarylmadyk bugdaý meýdanlary bar.

"Gyzlarbat, Paraw, Çerkezli, Mäne, Gumly daýhan birleşiklerinde ýyl başyndan bäri tasdan hiç hili suw görmedik ekinler bar, ýagyş ýeterlik bolmady, bugdaý düýbünden suw içse, hasyly gowy, doly däneli bolýar we mineral dökünleri geregiçe alyp bilýär” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýerli hünärmen aýtdy.

Degişli maglumat Kärendeçiler gowaça derek has girdejili ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba resmilerine para bermeli

Türkmenistandaky suw ýetmezçiligi, ýylyň yz-yzyna gurak gelmegi we käte ýagýan ýagyş suwlarynyň akabalar, takyrlar arkaly bir ýere toplanyp, ekerançylyk üçin netijeli ulanylyp bilinmezligi, ozal gurlan suw desgalaryna ýeterlik ideg edilmezligi we beýleki guramaçylyk meseleleri bilen bagly diýip, ozalky suw inženeri Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen eden söhbetdeşliginde aýtdy.

Harbarçylarymyzyň biraz öň beren habarlaryna görä, mart aýynda ýagan ýagyşlar zerarly, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň käbir obalaryna gelen sil 50 töweregi hojalygyň öýüni, ekin meýdanlaryny basdy.

"Etrabyň Uzynsuw, Oboý, Kanaý obalaryna, şeýle-de 8-nji we 10-njy atly dag etek obalaryna orta howp derejesindäki sil suwlary geldi" diýip, ýerli ýaşaýjylar radionyň habarçysyna 18-nji martda gürrüň berdiler.

Ýöne türkmen metbugaty ne artyk ýagan ýagyş, ne derýa joşmasy, ne sil gelmesi, ne-de suw ýetmezligi barada habar berýär, bu meseleler hökümet mejlislerinde hem açyk ara alnyp maslahatlaşylmaýar.

"Häzir derýanyň düýbündäki suw gaty az, ol ekinlere ýetişerden gaty pes, şu ýyl hatda Gyzylarbat, Bamy, Bäherden töwereklerine hem suw ýeterlik barmaýar“ diýip, Azatlyk bilen gürleşen hünärmen aýdýar.

Degişli maglumat Balkanda mallar suwsuz ölýär, prezident 'bol suwly' howdan açýar

Ekin meýdanlaryndaky suw ýetmezligi Türkmenistanda diňe uzyn çörek, iým nobatlaryna esas bolýan bugdaý, arpa hasylyna däl, eýsem, güýzlük ýeralma, sogan ýaly azyk önümleriniň hasylyna hem uly zyýan ýetirýär. Mysal üçin, martda ýagan ýagyşlardan soň gelen sil suwlary oba ýaşaýjylarynyň bugdaý, ýazky sogan we ýeralma ekinlerine esli derejede zyýan ýetirdi. Emma daýhanyň çeken zyýanyny ne ölçeýän bar, ne-de nazara alýan diýip, kärendeçiler zeýrenýär.

Indi bolsa, güýzki ýeralma we sogan ekinleri suwsuzlykdan saralyp otyr diýip, habarçy aýtdy.

Ýerli hünärmen ýurduň suw hojalyk ulgamynyň henizem sowet döwründäki ýaly işleýändigini, netijede suwuň "juda bisarpa ulanylýandygyny“ aýdýar.

"Ysraýyldan ýa-da Eýrandan tejribe alynsa, suwdan has netijeli peýdalanýan ýurtlaryň tehnologiýalary ulanylsa, Garagum kanalynda isrip bolýan suwlaryň özünden hem Türkmenistan ýaly birnäçe döwleti suw bilen üpjün edip bolardy” diýip, Azatlyk bilen gürleşen hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistandaky suw desgalary köplenç wezipesinden peýdalanyp, bikanun gazanç edýän adamlar üçin işleýär.

"Mysal üçin, Bereket suw ammary gurap ýatyr, Garagum kanalynda we ondan bölünýän ýaplarda tas suw ýok, kanaldan bölünýän ýaplar 35-40 ýyl bäri gazylanok, olaryň akabalaryny gyrmança basypdyr, kanaldan we ýaplardan töwerege syzýan suw ýerleri şorladýar, Serdar etrabyndaky ýerler hatardan çykýar” diýip, hünärmen aýtdy.

Degişli maglumat Bazarlardaky arzanlaşyk az ýaşady, ataly-ogul adamlary aldamakda aýyplanýar

Emma nuňa garamazdan, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň 18-nji aprelde prezidente beren hasabatynda "ýeralmanyň, soganyň... bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça” "giň möçberli möwsümleýin çäreleriň” geçirilýändigi, "ak ekinlere ideg etmek işleriniň batly depginde... dowam edýändigi” aýdyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.