Marynyň polisiýasy köpçülikde gedaýçylyk edýän adamlary nyşana alýar

Illýustrasiýa suraty. Türkmenabat.

Ýaramaz ykdysady şertleriň arasynda el serip, gedaýçylyk edýän adamlar polisiýa tarapyndan nyşana alynýar. Marynyň polisiýasy gedaýlara garşy girişen nobatdaky kampaniýasyny “arassalaýyş” atlandyrýar. Gedaýçylyk bilen meşgullanýan adamlaryň arasynda maýyplygy bolan adamlar, köp çagaly maşgalalar we ýaş çagalar bar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

Gedaýlara garşy girişilen kampaniýa sebitde heniz bazarlar ýapylmanka başlady. Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji aprelde Marynyň iri bazarlarynyň gaýtadan ýapylandygyny habar berdi.

Habarçymyz dilegçileriň köplenç bazarlarda dilegçilik edýändiklerini habar berýär.

“Maýyp adamlar bazarlara çykyp, köpçülikleýin gedaýçylyk etmäge başladylar. Şäher ýerlerinde olaryň dükanlaryň öňünde oturmagyna we gedaýçylyk etmegine rugsat berilmeýär. Kowýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy geçen hepde sebitden habar berdi.

Şu günler musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Oraza aýy dowam edýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maýyplygy bolan ýardama mätäç adamlara rehim-şepagatyň artandygyny we olara sadaka berilýändigini habar berýär.

Degişli maglumat Ykdysady kynçylyklaryň arasynda dilegçilik etmäge mejbur bolýan pensioner enäniň kyssasy

“Oraza aýy mynasybetli, şu günler bazarlarda gedaýçylyk edýän hor-homsy adamlara sadaka berip başladylar. Hatda dilegçilik edýän maýyp adamlaryň arasynda: ‘Sen meniň ýerimde oturypsyň’! Süýş! Meniň çörekli ýerimi aljak bolma!’ diýip, öz aralarynda goh-galmagalyň hem ýüze çykýan pursatlaryna gabat gelse bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

Habarçymyz anna güni Baýramalynyň etrap bazarynda gedaýçylyk edýän adamlara garşy geçirilen reýdlerde, olaryň bazardan çykarylyp kowlandyklaryny habar berýär.

Galyberse-de, gedaýçylyk edýän adamlaryň arasynda diňe bir maýyplygy bolan adamlar däl, eýsem hojalyk ýagdaýy pes maşgalalaryň agzalary we ýaş çagalar hem bar.

Gedaýçylykda tutulyp, bazardan kowlan raýatlaryň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özüni gedaýçylyga elten şertler barada gürrüň berdi.

“Ýurtda iş tapmak kyn. Biziň tapýanja işimiz – günlükçi bolmak. Biziň ol işden alýan ujypsyzja pullarymyz çagalarymyzyň garnyny doýurmaga ýetmeýär. Azyk harytlary gymmatlady. Biz hem çagalarymyzy ýanymyza alyp, dilegçilik etmek islemeýäris. Çagalara ýaşlykdan gedaýçylyk etmegi öwretmek islemeýäris, ýöne başga çykalga galmansoň, gedaýçylyk etmeli bolýarys. Başga çykalga ýok” diýip, polisiýa tarapyndan bazardan çykarylan bir raýat Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Ykdysady krizis: "Biz mundan öň beýdip kese ýol gözläris öýtmändik"

Türkmenistanyň hökümeti ilata, hususan-da ilatyň gowşak gatlagyna dürli ýeňillikleri hödürleýändigini aýdýar. Döwlet resmileri ýurtda raýatyň durmuş taýdan goraglylygynyň kepillendirilendigini, ilkinji nobatda ilatyň pes gatlaklary, maýyplar üçin deň mümkinçilikleriň hödürlenýändigini öňe sürýärler. Ýöne ilatyň iş ýüzünde ýüzbe-ýüz bolýan gündelik durmuş kynçylyklary häkimiýetleriň durmuş kepilligi baradaky aýdýanlaryny tassyklamaýar.

Reýdlere gatnaşan polisiýa işgärleri ilat bilen gürrüňdeşlikde durmuş kynçylyklaryny boýun alýarlar, ýöne bazarlary dilegçilerden arassalamak barada özlerine buýruk berlendigini aýdýarlar.

“Edil häzirki döwürde gün-güzeran şertleri kyn. Biz düşünýäris, emma bize-de düşüniň!” diýip, polisiýa işgärleri aýdýarlar. Olar ýurtda maýyplygy bolan adamlaryň ýeterlik aladasynyň edilmeýändigi bilen ylalaşýarlar.

“El-aýagy sag adamlaryň hem, maýyplygy bolan adamlaryň hem gadry ýok. Maýyp adamlaryň asla aladasy edilmeýär. Meniň hem aýlygym ol aýdan bu aýa zordan ýetýär. Biz wagtal-wagtal şäheriň içinde we şäheriň çet ýerlerinde adamlara ‘çilim çekdi’, ‘maska düzgünini bozdy’ diýen ýaly jerimeler bilen haýbat atyp, aýlygymyzyň daşyndan 5-10 manat para almasak, biziň hem günümiz gedaýyň gününden üýtgeşik däl” diýip, seržant çinli polisiýa işgäri gürrüň berýär.

Bazardan kowlan adamlar polisiýa işgärleriniň arasynda paýyş sözler bilen adamlaryň üstüne topulýan kanun goraýjylaryň hem bardygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady we durmuş kynçylyklaryny aç-açan boýun almaýar. Döwlet metbugaty ýurtda 'berkarar we bagtyýar' zamananyň höküm sürýändigini, ilatyň 'abadan' we 'bolelin' durmuşda ýaşaýandygyny öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.