Pandemiýa başlanaly bäri öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almadyk Türkmenistanda girizilen pandemiýa çäklendirmeleriniň çäginde egin-eşik, öý goşlary we gurluşyk harytlary satylýan bazarlar ýapyklygynda galýan mahaly, polisiýa Lebap welaýtynda emeli döredilen bazarlary nyşana alýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.
Welaýatyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň Ikinji etrapçasynda ýerleşýän bazaryň girelgesiniň öňünde gurlan emeli bazar polisiýa işgärleri tarapyndan nyşana alyndy.
“Bazaryň daş-töwereginde 100-e golaý raýat açyk meýdanda ýere şal ýazyp, köne egin-eşikleri, ulanylan öý goşlaryny we köne gap-gaçlary satýardy. Şol satyjylara üç gün bäri söwda etmäge rugsat bermeýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.
Onuň sözlerine görä, bazarlar bilen bagly güýçlendirilýän gözegçilik Lebap welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýeriň bu sebite sapar etmegine garaşylmagy bilen düşündirilýär.
Degişli maglumat Türkmenistan ýene-de koronawirusa garşy göreşi güýçlendirýär25-nji martda geçirilen hökümet mejlisinde Şahym Abdrawhmanow wise-premýer wezipesine bellenildi we şol bir wagtyň özünde Lebap welaýatyna jogapkär edilip bellenildi.
Göz öňünde tutulan bu sapar bilen baglylykda, Türkmenabat şäherinde ähli bazarlar 11-13-nji aprel aralygynda ýapylmaly edildi.
“Wise-premýeriň gelip-gelmejegi, ýa-da onuň eýýäm gelip gidendigi belli bolmady” diýip, türkmenabatly bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçymyz Türkmenabatdaky emeli bazaryň bellenen seneden bir gün soň, 13-nji aprelde heniz hem ýapyklygynda galýandygyny habar berdi.
“Köne egin-eşik satyp, gün-güzeran aýlaýan satyjylar şu gün (13-nji aprelde) Ikinji bazaryň gabadynda ýere şal ýazyp, söwda etmekçi bolanlarynda polisiýa tarapyndan kowuldy” diýip, habarçymyz aýtdy.
Habarçymyz gün-güzeran şertleri agyrlaşan ýerli ýaşaýjylaryň emeli bazarda köne öý goş, we dürli hojalyk harytlaryny satyp eklenç edýändiklerini ýene bir gezek nygtady.
Emeli bazara çykýan satyjylardan döwletiň salgyt düzgünlerine tabynlyk talap edilmeýär, olaryň söwdasy resmileşdirilmeýär.
Degişli maglumat Türkmenistanyň orta mekdeplerinde "karantin okuw tertibi" saklanýar“Bu satyjylardan hiç hili ýer salgydy alynmaýar. Islendik adam ýere şal ýazyp, öýlerindäki könelen harytlaryny ýa-da täze harytlaryny satyp gün görýärdiler” diýip, habarçy aýtdy.
Ýurtda ýaramazlaşan ykdysady şertleriň fonunda bazar gadaganlygynyň dowam etmegi ýerli ýaşaýjylary alada goýýar. Bazarlaryň ýapyk galmagy ençeme raýatlary girdejiden mahrum edýär.
“Bu açyk meýdanda oturan satyjylar iş bolmansoň, ‘iň bolmanda çörege pul tapaly’ diýip, alaçsyz meýdan söwdasyny edýärler” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasynyň fonunda öz çäginde hili COVID-19 hadysasynyň hasaba alynmandygyny öňe sürýän türkmen hökümeti berk karantin çäklendirmelerini girizdi. Bu çäklendirmeler wagtal-wagtal gowşadyldy, wagtal-wagtal bolsa berkidildi, ýöne ilat çäklendirmeler bilen bagly wagtly-wagtynda habarly edilmedi. Ýurduň çäginde gündelik zerur bolan esasy harytlar satylýan bazarlardan we dükanlardan daşary ähli söwda we dynç alyş merkezleri, bazarlar ýapyldy; halkara howa gatnawlary bes edildi, içerki gatnawlar çäklendirildi. Ýöne içerki çäklendirmeler ýeri gelende wagtal-wagtal gowşadyldy.
Türkmenistanyň hökümeti pandemiýa çäklendirmeleriniň haçan doly ýatyryljakdygy, şol sanda halkara uçar gatnawlarynyň haçan dikeldiljekdigi barada resmi beýanat bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.