Lebapda ýüpek gurçugyna mejbury ideg etmek möwsümi başlady

Ýüpek gurçuklary

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda döwlet tabşyrygy esasynda ýüpek gurçugyna mejbury ideg etmek möwsümi başlandy. Etrap häkimligi sebitiň kärendeçi daýhanlaryny we döwlet edara-kärhanalaryny kesgitlenen mukdarda çig pile öndürmäge mejbur edýär. Bu mejbury zähmet öňki ýyllarda bolşy ýaly tut ýapraklarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen utgaşýar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatlaryna görä, şu günler etrabyň kärendeçi daýhanlary we mekdepleriň, keselhanalaryň, saglyk hem-de medeniýet öýleriniň işgärleri ýüpek gurçugyny ýetişdirmäge mejbur edilýär.

"Döwlet tabşyrygy esasynda ýüpek gurçugyny saklamak mejbury borçnama edilip goýuldy. Bu mejbury talaby berjaý etmegi ret eden býujet işgärlerinden işden çykýandygy baradaky arzany tabşyrmak talap edilýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran faraply býujet işgäri 7-nji aprelde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Mejbury zähmet dowam edýär. Pileçileriň nagt hasaplaşyk baradaky haýyşy diňlenmeýär

Mejbury tabşyryga laýyklykda, her bir döwlet edara-kärhanasyndan we daýhanlardan kesgitlenen möçberdäki çig piläni öndürmek talap edilýär.

"Okuwçy sany 300-e ýeten mekdepler 1 tonna çig pile öndürmeli edildi. Eger okuwçy sany 700-e ýetse, onda bu mekdeplerden 2,5 tonna piläni harmana tabşyrmak talap edilýär" diýip, bir bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, keselhana, oba we saglyk öýleri 200 kilogram pile öndürmäge mejbur edilse, kärende ýerleriniň eýeleri her bir gektar ýer üçin 60 kilogram pile hasylyny tabşyrmaly edildiler.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmek meýilleşdirildi. Türkmen prezidenti bu baradaky karara 25-nji fewralda gol goýdy.

Türkmenistanda pile öndürmek bugdaý, gowaça, ýeralma, şugundyr önümçiliginde bolşy ýaly döwlet plan borçnamasy esasynda ýerine ýetirilýär we bu oba hojalyk çäresi kärendeçileriň, býujet işgärleriniň boýnuna mejbury dakylýar.

Hökümet maslahatlarynda pile öndürijileriň ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün edilýändigi yzygiderli tekrarlanylýar. Ýöne pile öndürijiler sebitde ýüpekçilik üçin zerur şertleriň döredilmeýändigini, onuň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmaýandygyny, tut agaçlarynyň we ýapraklarynyň ýetmezçilik edýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

"Tut agajy we işçi güýji, tut ýapraklaryny daşamak üçin transport meseleleri çözülmeýär. Farapda hem tut agajy üstünde dawaly ýagdaýlar ýylyň-ýylyna gaýtalanýar. Bu meseläni ýerli häkimlik çözmeýär. Ýurtda her ýyl millionlap bag nahalyny oturdýan hökümet tut nahallaryny ekmeýär ýa-da ony ekmek üçin ýörite ýer bölüp bermeýär" diýip, faraply kärendeçi anonimlik şertinde 7-nji aprelde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Lebap ýüpek gurçuklaryny zor bilen ýetişdirmek möwsümine girişýär

Ýüpek gurçuklary tut ýapraklary bilen iýmitlendirilýär. Habarçymyz şu ýyl Farapda tut agaçlaryny oturdyp, ýetişdirmek işiniň hem hususy mellek eýeleriniň boýnuna mejbury dakylmaga çalşylandygyny aýdýar.

"Häkimlik 8-12 gektar ýeri bolan hususy mellek eýeleriniň her birinden 10 düýp tut nahalyny oturtmagy talap etdi. Ýöne häkimligiň bu talaby ilat tarapyndan sowuk garşy alyndy we adamlar oňa garşy çykdylar" diýip, faraply daýhan belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Farap etrap häkimliginden we ýurduň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 7-nji aprelde telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri döwletiň pile önümçiligi üçin býujet işgärlerinden we mekdep okuwçylaryndan pul hem ýygnaýarlar. Geçen ýylyň maýynda Lebapdaky habarçymyz häkimiýetleriň kärendeçilerden we mugallymlardan her kilogram pile üçin 100 manat talap edendigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri geçen ýyl ýurtda 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilendigini yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.