Ýaňgalalylara çörek her dört günde bir gezek satylýar
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda çörek gytçylygy bilen bagly problema ýiti bolmagynda galýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň bir daýhan birleşiginde ilata çörek her dört günden bir gezek satylýar. Aşgabadyň döwlet dükanlarynda hem çörek gytçylygy saklanýar. Adamlar subsidirlenen bahadan çöregi satyn almak üçin daň atmanka garaňkyda nobata durup başlaýarlar.