4-nji aprelde "Türkmenistan" awiakompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryny Stambuldan alyp bardy. 290 ýolagçy Türkmenabat şäherine çarter uçary bilen alnyp baryldy.
Azatlygyň habarçylarynyň gelen ýolagçylara salgylanyp, habar bermegine görä, "Türkmenistan" howa ýollarynyň uçary 5-nji aprelde ýerli wagt bilen 2:30 töwereginde Türkmenabat şäherine barypdyr. Uçar 4-nji aprelde sagat 21: 00-da Stambuldan uçupdyr.
Azatlygyň habarçylary we “Türkmenportal” ýarym resmi web sahypasy "Türkmenistan" howa ýollarynyň Boeing 777 kysymly uçary bilen Stambuldan 290 adamyň Türkmenabat şäherine eltendigini habar berdiler. "Türkmenportalyň" habarynda uçaryň Türkiýede we goňşy ýurtlarda bolan Türkmenistanyň raýatlaryny watanyna alyp barandygy aýdylýar.
Ondan öň 4-nji aprelde planlaşdyrylýan uçuşyň ýaragly konfliktiň fonunda Ukrainadan Türkiýä gaçyp giden talyplar üçin niýetlenendigi aýdylypdy. Bu barada 30-njy martda garaşsyz neşir turkmen.news habar berdi.
Degişli maglumat Daşary ýurtlarda galan türkmenler Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistana aşyp başladyStambuldan Türkmenabat şäherine baran uçaryň ýolagçylarynyň sözlerine görä, bortda ozal Ukrainadan Türkiýä ewakuasiýa edilen 100 töweregi türkmen talyplary bardy. Olardan başga-da, ýolagçylaryň arasynda çagaly aýallar we saglyk problemalary bolan adamlar bolupdyr.
"Bu uçuşa garaşýan köp adam öňünden geldi we howa menzilinde birnäçe günläp boldy. Adamlar bu uçuşa sabyrsyzlyk bilen garaşýardy" -diýip, Azatlygyň çeşmelerinden biri aýtdy.
Ýatlatsak, Ukrainadan gaçyp çykan türkmenistanlylary alyp baran ilkinji uçar 10-njy martda Türkmenabat şäherine barypdy, şonda indiki uçuşyň 13-nji martda boljakdygy mälim edilipdi. Uçarlar Ukrainadaky söweşden gaçan türkmen raýatlary üçin Rumyniýadan we Polşadan guralypdy.
Bu aralykda, koronawirus pandemiýasy başlanaly bäri adaty uçar gatnawyň ýatyrylmagy zerarly daşary ýurtlarda galan müňlerçe türkmen raýaty henizem watanyna gitmekde kynçylyk çekýärler.
Türkmenistanyň onlarça raýaty Stambulyň halkara howa menzilinde yzygiderli bolýarlar. Stambuldaky türkmen raýatlary ýurduna uçuşlaryň ýoklugyna garamazdan, seýrek tertipde guralýan çarter uçarlaryna bil baglap, Türkmenistana uçmak üçin mümkinçilik gözleýärler.
Degişli maglumat Aeroportda garaşyp ýatmak, sanawlar we "ýörite uçarlar". Türkmenistanlylar watanyna dolanmak üçin mümkinçiligiň gözlegindeHususan-da, 9-njy we 26-njy martda ellerinde bileti bar bolan onlarça adam "Türk howa ýollarynyň" çarter uçarlaryna münüp bilmedi. Türk awiakompaniýasynyň wekilleriniň habar bermegine görä, uçmaga rugsat berlen ýolagçylaryň sanawy Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygy tarapyndan düzülýär.
Soňky wagtda Türkmenistanyň raýatlary üçünji ýurtlaryň üsti bilen öz watanyna aşýarlar. Aprel aýynyň başyndan bäri azyndan onlarça raýat Özbegistan bilen serhet üsti gury ýer bilen Türkmenistana gaýdyp geldi.
Habarçylaryň sözlerine görä, 1-nji we 2-nji aprelde türkmen-özbek serhedinden geçen Türkmenistanyň raýatlary Farapda üç hepdelik karantine ýerleşdirildi. Özbegistandan, esasanam 1-nji aprelde gelenleriň arasynda iki türkmen raýaty Moskwadan, galanlary Täjigistandan Özbegistana baryp, soň Türkmenistana barypdyr. Şol gün azyndan 75 adamyň serhetden geçendigini ýerli çeşmeleriň biri habar berýär.
"Türkmen hökümeti öz raýatlaryny gaty çäkli sanda kabul edýär" -diýip çeşme aýdýar.
Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda beýleki ýurtlar bilen yzygiderli howa gatnawyny bes etdi. Netijede, ýurduň müňlerçe raýaty watanyna barmak mümkinçiligini ýitirdi.
2020-nji ýylyň awgust aýynda ýurduň hökümeti raýatlaryny daşary ýurtlardan getirmek üçin çarter uçuşlaryny gurap başlady. Uçuşlaryň sany islegi kanagatlandyrmaýar. Dürli ýurtlardaky türkmen ilçihanalary tarapyndan düzülýän sanawlarda azyndan ýüzlerçe adam bar. Sanawlara adyny goşduran adamlaryň sözlerine görä, köpler iki ýyl bäri öz nobatyna garaşýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.