Mejbury çäreler býujet işgärlerini köseýär, mugallymlar sapakdan çykarylyp, çärelere sürülýär

Türkmenistanda geçirilýän bir köpçülik çäresi.

Türkmenistan her ýylyň 7-nji aprel – Bütindünýä Saglyk gününi mejbury köpçülikleýin çäreler bilen belleýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň paýtagtynda we Mary welaýatynda yglan edilen köpçülik çäreleri hem-de bu mejbury çäreleriň ilatyň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri barada habar berýärler.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty bu mejbury çäreleri köpçülikleýin ekologik çäreler atlandyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi Aşgabat şäher häkimligine salgylanyp, 4-nji aprel – 11-nji aprel aralygynda irden sagat 8-den agşam sagat 6-a çenli paýtagtyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketiniň çäklendirilendigini habar berdi.

Degişli maglumat Tüp yssyda tigir süren işgärler 'mejbury çärelerden doýandyklaryny' aýdýarlar

Türkmen häkimiýetleri, adatça, 7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni ýurduň paýtagtynda we sebitlerinde köpçülikleýin welosiped sürmek çäresini geçirýärler.

Azatlygyň habarçysy döwlet metbugaty tarapyndan “ekologik saglyk çäreleri atlandyrylýan” çäreleriň raýatlaryň gündelik durmuşyna ýetirýän oňaýsyz täsirleri barada habar berýär.

“10 gün ekologik saglyk çäreleri geçirilýär. Adamlaryň işine pyýada barmaly halatlary bolýar. Transport çäklendirilýär. Welosiped bilen işe gatnamak talap edilýär. Medisina uniwersitetine, Onkologiýa we beýleki keselhanalara barmaly bolýan adamlar we şol ýerlerde işleýän adamlar transportdan kösenýär” diýip, paýtagt ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyz köpçülik çäreleriniň hususan-da býujet işgärleriniň iş tertibine oňaýsyz täsir edýändigini habar berýär.

Türkmen hökümeti şeýle çäreleriň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin hem-de daşky gurşawy goramak babatda habarlylygy ösdürmek üçin ýardam edýändigini aýdýar. Şeýle tagallalaryň çäginde, Türkmenistan her ýylyň dowamynda iki gezek köpçülikleýin bag ekmek, welosiped sürmegi wagyz etmek, ilat arasynda sport bilen meşgullanmagy ündemek hem-de temmäki önümlerinden el çekmegi ýaýbaňlandyrmak ýaly köplenç mejbury çäreleri gurnaýar.

Ýöne Azatlygyň habarçysy häkimiýetleriň geçirýän mejbury çäreleriniň esasan durmuş-ykdysady aladalara gümra bolan býujet işgärleri üçin dürli kösençlikleri döredýändigini habar berýär.

Degişli maglumat Türkmenistan bag ekip, Nowruzy we täze prezidenti garşy aldy, ýene býujet işgärleri kösendi

“Bu çäreleriň Aşgabatda býujet işgärlerine we şäher ýaşaýjylaryna ýetirýän ýaramaz täsiri duýlup başlandy. Şäher ykdysadyýetine hem oňaýsyz täsir ýetdi” diýip, bir paýtagt ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, köpçülik çäreleri bilen girizilen çäklendirmeleriň arasynda Teke, Gülüstan bazarlaryndan başga ähli söwda merkezleri ýapyldy; Älemgoşar, Parahat, Azatlyk we Gündogar bazarlaryna-da gulp asyldy.

Bu aralykda, Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy 4-nji aprel güni Mary şäherinde “ekologiýa arassaçylygy we welosiped hepdeligine” bagyşlanan köpçülik çäresi barada habar berdi.

“4-nji aprelde Mary şäheriniň Mollanepes köçesinde ýerleşýän Ylham köşgünde çäre geçirildi. Bu çäre ‘ekologiýa arassaçylygy we welosiped hepdeligine’ bagyşlanyp geçirildi. Bu çärä, hemişe bolşy ýaly, býujet işgärleri çekildi” diýip, Azatlygyň habarçysy Marydan habar berdi.

Býujet işgärleri irden işe baranlarynda özlerine çärä gitmegiň tabşyrylandygyny aýdýarlar. Azatlygyň habarçysy esasan medisina we magaryf işgärleriniň çärä çekilendigini habar berýär.

Degişli maglumat Saglyk güni geçirilýän çäreler üçin býujet işgärlerinden welosiped we sport forma talap edilýär

“Irden okuwçylara ýaňy bir sapak düşündirip başlapdym welin, müdiriň kätibi synp otagyna gelip, çärä gitmelidigimi aýtdy” diýip, bir maryly mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Okatmaly sapaklarymy taşlap, çärä gitmeli boldum. Çärelerden ýaňa halys işlemäge goýmaýarlar. Okuwçylara indiki sapakda iki temany birlikde geçmeli. Bu bolsa agyr gelýär. Okuwçylar hem doly düşünip bilmeýärler. Soňra bolsa, okuwçylara bilim berip bileňizok diýip, arz-şikaýat gelýär. Gysgaça aýdylanda işden öňürti çäre durýar. Ýene-de öňki senariýalar boýunça çäreler dowam edýär” diýip, maryly mugallym aýtdy.

Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4-nji aprelde oba senagat ýolbaşçylary we welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynda “Bütindünýä saglyk güni” mynasybetli geçiriljek çäreleri aýratyn üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ekologiýany arassa saklamakda we sagdyn durmuşy wagyz etmekde özüniň bütin dünýä görelde bolýandygyny aýdýan türkmen hökümeti halkara hasabatlarda daşky gurşawa agyr zyýan ýetirmekde tankyt edilýär.

Geçen oktýabrda Bloomberg neşiri ýörite hasabat çap edip, Türkmenistanyň çäginden atmosfera uly möçberlerde metan gazynyň zyňylýandygyny, bu zyňyndylaryň mukdar taýdan dünýäde ABŞ-dan we Russiýadan soň üçünji orunda durýandygyny habar berdi.

Her ýylyň 3-nji iýunynda hem Türkmenistanda köpçülikleýin welosiped sürmek çäresi geçirilýär. 3-nji iýun Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni yglan edildi.

Galyberse-de, Bütindünýä saglyk gününi giňden bellemäge taýýarlyk görýän türkmen hökümeti iki ýyl bäri tutuş dünýäde dowam edýän bütindünýä saglyk krizisiniň, koronawirus pandemiýasynyň fonunda öz çäginde hiç hili COVID hadysasyny hasaba almady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.