Türkmen häkimiýetleri okuwçylaryň ahlak terbiýesi bilen aladalanýar, ýene-de
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanyň mekdeplerinde ýokary klas okuwçylarynyň, hususanda gyzlaryň arasynda “ahlak terbiýäni ýokarlandyrmaga” gönükdirilýändigi aýdylýan sapaklar ýene-de gün tertibine getirildi. Bu işlere çekilen terbiýeçileriň käbiri ýaşlar üçin zerur hasaplanýan jynsy terbiýäni öwretmegiň, munuň bilen bagly ýüze çykyp biljek meseleler barada habarly etmegiň deregine, häkimiýetleriň diňe dini wagyz-ündewler, şeýle-de sosial ulgamlara garşy çykyşlar bilen çäklenýändiklerini belleýär.