“Russiýany eklemek bize galdymy?!”: Türkmen potratçylary häkimiýetleriň eksport talabyndan nägile

Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň sebäpsiz Ukraina çozmagy netijesinde Moskwa garşy girizilen halkara sanksiýalaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri potratçy telekeçilere Russiýa gök-bakja önümleriniň, iri we ownuk şahly mallaryň, towuk etleriniň, şeýle-de beýleki azyklaryň eksportynyň artdyryljakdygyny dilden duýduryp başladylar. Türkmenistanda ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady çökgünligiň arasynda, ýurt raýatlarynyň özleri-de ýiti azyk ýetmezçiliginden we gymmatçylygyndan ejir çekýärler. Azatlygyň habarçylary söhbetdeş bolan potratçylarynyň ‘indi Russiýany eklemek bize galdymy?!” diýen kinaýaly sorag bilen aladalanýandyklaryny hem belleýärler.

“Maryda häkimiýetler potratçylar bilen ýygnak geçirip, indi azyk bilen bagly näme öndürilse, olaryň aglabasynyň Russiýa iberiljekdigini aýdýarlar. Olar esasan hem şeker şugundyrynyň önümçiligine üns bermelidigini duýdurýarlar. Resmiler bize ‘Russiýada şeker gytçylygy başlandy, et önümleri hem ýetmezçilik edýär. Hatda tekstil önümlerimiziň hem Russiýa iberilmegi mümkin’ diýip aýdýarlar” diýip, maryly telekeçileriň biri 23-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagy zerarly Moskwa ýiti ykdysady sanksiýalara uçrady. Özüne garşy girizilen sanksiýalaryň yzýany Russiýa käbir önümleriň daşary ýurtlara eksport edilmegini çäklendirdi. 8-nji martda girizilen bu gadagançylyk esasynda, hususan-da şekeriň eksportyna rugsat berilmeýär we gallanyň eksporty çäklendirilýär.

Munuň netijesinde, Russiýada eýýäm käbir azyklaryň, esasan hem şekeriň gytçylygynyň emele gelendigini synlasa bolýar. Internetde peýda bolýan wideolarda boş dükan tekjelerini we adamlaryň basa-baslykda azyklary satyn almaga synanyşýandygyny hem görmek bolýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda rus önümleriniň bahasy ýokarlandy, ukrain önümleri tekjelerden ýitdi

Howpsuzlyk jähtinden atlandyrylmasyzlygyny soran maryly telekeçi türkmen häkimiýetleriniň bu soňky talabynyň tas ähli kişide nägilelik döredendigini aýtdy.

“Biziň özümizde hem ençeme ýyllap şekeriň tagamyny datmadyklar bar. Mallar hem çölde iýmäne ot bolmansoň, köpçülikleýin gyrylýar. Bu hem etiň bahasyny keýigiň şahyna çykardy. Indi Russiýany eklemek bize galypdyrmy?! Mundan ozal hem unumyzy we bugdaýymyzy agzymyzdan alyp, Owganystana ynsanperwer kömek diýip iberipdiler. Köp adam täze prezident saýlansa, käbir zatlar gowy tarapa üýtgär diýip umyt edipdi. Görnüşinden umytlar pujda çykdy” diýip, maryly telekeçi nägileligini bildirdi.

Türkmenistanda öndürilen azyk önümleriniň agramly böleginiň Russiýa eksport ediljekdigi baradaky dilden berilýän görkezmeler barada ýurduň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady. Bu barada döwletiň gözegçiligindäki mediasynda hem habar ýok.

Maglumat üçin aýtsak, şugundyr önümçiliginiň artdyrylmagy talap edilýän Mary welaýatynda ýurduň iň iri şeker zawody ýerleşýär. Türkmenistanyň käbir sebitlerinde döwlet plan borçnamasy esasynda ösdürilip ýetişdirilýän şugundyr bu zawodyň şeker önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýar.

Türkmenistan Russiýa, Azerbaýjan we Hindistan ýaly ýurtlardan şeker import edýär.

Degişli maglumat "Ýene iýmit ýok." Saýlaw geçen badyna Türkmenistanda azyk önümleriniň ýetmezçiligi möwjedi

Russiýa ykdysady sanksiýalaryň yzýany türkmen pomidorynyň importyna girizen gadagançylygyny hem ýatyrdy. Geçen ýylyň martynda Russiýanyň “Rosselhoznadzor” gullugy Türkmenistandan import edilýän pomidoryň Russiýanyň fitosanitariýa şertlerine gabat gelmeýändigi bilen baglylykda onuň importyny çäklendirjekdigini aýdypdy.

Azatlyk Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady çökgünligiň arasynda soňky döwür azyk önümleriniň hasam gytalandygy we gymmatlandygy barada habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky bar bolan azyk meselelerini boýun alman, munuň deregine importa durýan harytlaryň içerki önümçiliginiň artdyrylmagy ugrunda tagalla edýändiklerini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.