Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda ýer edinmek üçin “$10 müň para bermeli”


Türkmenabat
Türkmenabat

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda onlarça ýyllyk könelen binalar ýer-ýegsan edilip, olaryň ýerleşen sebitleri ýaşaýjylara jaý salmak üçin bölünip berilýär. Emma Azatlygyň habarçylary şäheriň çägindäki bu sebitlerden ýer edinmek üçin, raýatlaryň ýerli resmilere para bermeli bolýandyklaryny anyklamagy başardylar.

“Häzir Türkmenabadyň Ýer serişdeleri gullugy tarapyndan ýykylan binalaryň ýerlerinden ilata alty sotka meýdan bölünip berilýär. Bu ýerlerde jaý salmaga hem rugsat berilýär. Munuň kagyz ýüzünde 700 manada amal edilýändigi aýdylsa-da, şäheriň öz çäginden ýer almak üçin 200 müň manat (gara bazaryň kursy bilen $10 müň töweregi) möçberinde para bermeli bolýar” diýip, bu sebitlerden ýer edinmek islän türkmenabatlylaryň biri 23-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligi soran söhbetdeşimiz häzir Türkmenabadyň “Gök bazarynyň” golaýyndaky 1960-njy ýyllarda salnan kinoteatryň we Narkologiýa hassahanasynyň hem ýykylandygyny we bu ýerleriň eýýäm adamlara bölünip berlendigini aýtdy.

“Häzir adamlar ‘Gök bazaryň’ golaýyndaky ýykylýan binalaryň duran ýerlerini edinmek isleýärler. Sebäbi bu sebitde bazaryň ýerleşmegi bilen birlikde, ýaşaýyş üçin ähli şertler hem bar. Narkologiýa hassahanasynyň ýerleşen sebiti eýýäm paýlanypdyr. Emma bu ýerleri satyn alanlaryň käbiri, olary gaýtadan, has ýokary bahadan ýerlemegiň aladasyny edýärler” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.

Ol para bermäge gurby çatmaýan ýaşaýjylara şäheriň çetindäki gumlukdan ýer berilýändigini hem sözüne goşdy.

“Eger-de soralýan parany bermeseň, Türkmenabadyň merkezinden 25 km uzaklykdaky, aeroportuň golaýyndaky çöllük meýdandan ýer berilýär. Bu ýerlerde 25-30 ýyl boýunça gurluşyk edip bolmaz, sebäbi ne suw, ne gaz, ne-de başga infrastruktura hyzmatlary ýola goýuldy. Bu ýerleri alanlaryň diňe çagalaryna ýa agtyklaryna jaý salmak nesip eder” diýip, söhbetdeşimiz sözüni jemledi.

Azatlyga ýokarda beýan edilen meseleler, şeýle-de resmileriň para-berim ýagdaýlary boýunça Lebap we Türkmenabat häkimliklerinden kommentariýa ýa-da düşündiriş almak başartmady.

Türkmenistanda onlarça ýyl bäri, hususanda paýtagt Aşgabatda müňlerçe köp gatly we hususy jaýlar ýykyldy. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýykylan jaýlarynyň öwezine kompensasiýa alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda täze gurulýan ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar barada yzygiderli habar berýär, ýöne ýykylýan jaýlar barada, jaýlary ýykylan ýerli ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG