Türkmenistanda 12-nji martdaky irki prezident saýlawlaryndan bäri ençeme günüň geçmeginden soň, ses berişligiň dowamyndaky mümkin düzgün bozmalar, saýlaw uçastogyna gelmediklere basyş edilýändigi dagy barada maglumatlaryň gowuşmagy dowam edýär. 15-nji martda türkmen resmileri, giň ýaýran saýlaw galplygy baradaky habarlaryň arasynda, Serdar Berdimuhamedowyň 72,97% ses alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdiler. ABŞ-nyň Döwlet departamenti geçen şenbe güni geçirilen ses berişlik boýunça beýanat ýaýradyp, Türkmenistanda “erkin, adalatly we bäsleşikli saýlaw ulgamynyň” üpjün edilmändigini belledi.
Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy soňky günleriň dowamynda sebitiň saýlawçylarynyň onlarçasy bilen söhbetdeş bolup, olaryň saýlaw günündäki tejribeleri bilen gyzyklandy. Onuň sözlerine görä, saýlaw gününiň öňýany ilat arasynda, hamala, Serdar Berdimuhamedow prezident saýlansa, onuň pandemiýa sebäpli çäklendirilen halkara uçar gatnawlaryny ýola goýjakdygy barada tassyklanmadyk gep-gürrüňler ýaýradylypdyr.
“Görnüşinden bu myş-myşlar Serdar [Berdimuhamedowa] ses berilmegini üpjün etmek üçin ýörite ýaýradylana meňzeýär. Bu maglumat diňe adamlaryň öz aralarynda edýän gürrüňine esaslanýar. Emma men onlarça töweregi adamyň, hut şu gep-gürrüňlere ynanyp, ýeňiji diýlip yglan edilen kiçi Berdimuhamedowa ses berendigini bilýärin” diýip, habarçymyzyň atlandyrylmasyzlygyny soran söhbetdeşi 17-nji martda gürrüň berdi.
Degişli maglumat ABŞ-nyň Döwlet departamenti: Türkmenistanda “erkin, adalatly we bäsleşikli saýlaw ulgamy” üpjün edilmediAzatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylar Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň ilatyň arasynda ‘gerekli’ myş-myşlary ýaýratmak emeline öňden bäri baş urýandyklaryny belleýärler. Olar ýörite gulluklaryň wezipesinden gidip barýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň oglunyň nobatdaky ýurtbaştutany boljakdygy barada hem, saýlawlardan öň ilat arasynda gep-gürrüňleri ýaýratmak boýunça kampaniýa alny barandygyny hem çaklapdylar.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary-da ses berişligiň öňýany saýlaw uçastoklaryna ses bermäge gelen pensionerlere ýörite sowgatlaryň gowşuryljakdygy barada hem ýalan maglumatlaryň ýaýradylandygyny aýtdy.
“Gülkünç ýeri, muňa ynanyp ses bermäge gelen köp boldy” diýip, aşgabatlylaryň biri şaýat bolan wakalaryny gürrüň berdi.
Habarçylarymyz saýlawlar bilen birlikde, sesleri sanamak işlerinde hem açyklygyň we aýdyňlygyň üpjün edilmändigini, munuň hem mümkin düzgün bozmalara şert döreden bolmagynyň mümkindigini aýtdylar. Azatlygyň çeşmeleri 13-nji marta geçilen gije bir welaýatda “nädogry kandidata” berlen sesleriň Serdar Berdimuhamedowyň bähbidine üýtgedilýändigini habar berdiler.
Mundan başga-da, saýlaw güni öýländen soň Aşgabatda raýat eşikli adamlar saýlaw uçastoklaryna gelmedik saýlawçylaryň öýlerine aýlanyp, olara ‘düşündiriş’ ýazdyrdylar.
“Paýtagtyň 2-nji etrapçasynda raýat eşikli adamlar ses bermäge gelmedikleriň öýlerine aýlanyp, şol ýeriň özünde býulletene ses berdirdiler. Bu açyk edildi we kime ses berilmelidigi elin görkezildi. Şeýle-de näme sebäpden saýlawa gelmändigi barada düşündiriş ýazdyryldy” diýip, bu wakalary başdan geçirenleriň biri 17-nji martda gürrüň berdi.
Mundan öň, Azatlygyň habarçylary saýlawlaryň öňüsyrasynda we saýlawlaryň dowamynda Serdar Berdimuhamedowa ses bermek, öz ýakynlaryny saýlaw uçastogyna getirmek barada saýlawçylara duýduryş berilýändigini habar beripdiler.
Bu aralykda, garaşsyz turkmen.news neşiri hem öz çeşmeleriniň saýlaw güni ýüze çykaran mümkin düzgünbozmalary boýunça maglumat taýýarlady.
Onda, Azatlygyň-da habar berişi ýaly, köp saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň pasportunyň umuman talap edilmändigi, käbirleriň birdenkä ençeme býulleteni saýlaw gutusyna oklandygy bellenilýär. Şeýle-de käbir ýagdaýlarda eýýäm Serdar Berdimuhamedowyň ady saýlanan býulletenleriň gowşurylandygyna hem üns çekilýär.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ses berişligiň dowamynda düzgünbozmalar boýunça arz-şikaýatlaryň gowuşmandygyny aýdýar.
15-nji martda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Türkmenistanda "erkin, adalatly we bäsleşikli saýlaw prosesiniň üpjün edilmändigi" barada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) çykaran bahasy bilen ylalaşýandygyny belledi.
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk taryhyndaky üçünji prezidentiniň innagurasiýasy 19-njy martda Aşgabatda geçiriler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.