Türkmenistanda 12-nji martdaky irki prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda ilatyň aýlyklary we kömek pullary ozalky aýlardan tapawutlylykda wagtynda bank hasaplaryna geçirilen bolsa-da, ýurtdaky dowam edýän maliýe krizisiniň arasynda raýatlar zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda uly kynçylyklary başdan geçirýärler.
“Eýýäm bir hepde töweregi Lebabyň býujet we hojalyk hasaplaşyk edaralarynyň işgärleriniň köpüsi aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler. Sebäbi bankomatdan pul alyp bilmek üçin, ilki bilen bir gün öňünden bankda nobata ýazylmaly. Ertesi güni daňdan 6-da baryp, sanawdaky ornuňy tassykladyp, nobata durmaly. Nobatda her gün ýüzlerçe adam bar. Emma pul diňe öňünden ýazylan ilki 100 adama ýetýär” diýip, türkmenabatly býujetçileriň biri 15-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligi soran söhbetdeşimiz nobata bir gün öňünden ýazylmak talabanyň hem, köp adamyň kartyndaky puluny nagtlaşdyryp bilmegine päsgelçilik döredýändigini, bu ýagdaýlaryň-da para-berim ýagdaýlaryna, korrupsiýa ýol açýandygyny sözüne goşdy.
Degişli maglumat Lebapda soňky üç aýda bäş gezek bankomat talandy“Býujetçileriň, esasan hem mugallymlaryň we saglyk işgärleriniň iki iş gününi nobatda geçirmäge mümkinçiligi we wagty ýok. Degişli edaralaryň ýolbaşçylary hem işgärlerine munuň üçin şert döretmeýärler. Şol sebäpli, bank işgärlerine 20 manat para berip, özümize amatly güne nobata ýazylýarys” diýip, Türkmenabatdaky döwlet edaralarynyň işgärleriniň biri gürrüň berdi.
Azatlyk ýokarky ýagdaýlar boýunça ýurduň maliýe edarlaryndan, şol sanda degişli banklaryndan goşmaça maglumat ýa düşündiriş alyp bilmedi.
Azatlyk ýurduň dürli sebitlerindäki bankomatlaryň öňünde emele gelýän uly nobatlar barada yzygiderli habar berip gelýär.
Türkmenistan, resmi habarlara görä, sanly maliýe ulgamlaryny ilatyň durmuşyna ornaşdyrmak maksady bilen soňky alty ýyldan gowrak wagt bäri zähmet haklaryny, döwlet kömek pullaryny we pensiýalaryny raýatlaryň bank kartlaryna geçirýär. Şol bir wagtda, döwlet metbugaty söwda nokatlarynda hem töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny öňe sürýär.
Ýöne Azatlygyň habarçylary söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň kadaly işlemeýändigi bilen birlikde, hususyýetçileriň käbir harytlar üçin tölegi diňe nagt görnüşinde kabul edýändiklerini belleýärler.
“Hususy dükanlarymyzda telewizor, gaz plita, sowadyjy ýaly harytlar üçin diňe nagt hasaplaşygy kabul edýäris. Sebäbi daşary ýurt harytlaryny nagt puluň hasabyna getirýäris. Eger-de olary bank terminallarynyň üsti bilen ýerlesek, onda dolanyşyk üçin zerur bolan pullary özümiz hem bankdan alyp bilmeýäris” diýip, türkmenabatly söwdagärleriň biri düşündirdi.
Degişli maglumat Maryda adamlar plastik kartlaryndan pul nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärTürkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda berlen maglumata görä, ýurduň banklaryndan berlen bank kartlarynyň sany 2022-nji ýylyň 1-nji martynda 4 million 809 müň 366-a ýetipdir, şeýle-de tutuş ýurt boýunça 2 müň 158 sany bankomat hasaba alnypdyr. Mundan başga-da, ýurt boýunça 41 müň 158 terminal ornaşdyrylypdyr.
Türkmenistanyň hökümeti ilatyň maliýe-ykdysady kynçylyklaryny, şol sanda ilatyň pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kösençliklerini boýun almaýar. Döwlet mediasy ilatyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny öňe sürýär, ýöne raýatlaryň bankomat kösençliklerini agzamaýar.
Azatlygyň habarçylary mundan ozal hatda talanýan bankomatlar, adamlaryň bank kartlaryny aldaw ýoly bilen ele geçirýän toparlar, gije-gündiz bankomatlaryň öňünde nobata garaşýan adamlar we pul nagtlaşdyrmak meselesiniň töweregindäki beýleki maglumatlar barada habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.