Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaş edýän Serdar Berdimuhamedow prezident bolan ýagdaýynda döwleti dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegi, döwlet we hususy gurluşlaryň işini täzelemegi, halkyň iş üpjünçiligini, telekeçiligi we maliýe syýasatyny güýçlendirmegi wada berýär. Bu barada dalaşgäriň saýlawlara sähelçe wagt galanda halkyň dykgatyna ýetirlen saýlaw programasynda aýdylýar. Serdar Berdimuhamedowyň bu meseleleri saýlaw programmasyna goşup, bar problemalary gytaklaýyn boýun almagy bu ugurdan özgerişe garaşmaga näderejede esas berýär? Azatlyk Radiosy Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Panniýer bilen söhbetdeş boldy.
Prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedow köpçülige gijikdirilip hödürlenen saýlaw programasynda döwleti we jemgyýeti dolandyrmak sistemasynyň netijeliligini, açyklygyny we hasabatlylygyny ösdürmek üçin täze reformalary durmuşa geçirmegi wada berýär. Şeýle-de, programmada ilatyň, esasan oba ilatynyň iş üpjünçiligini artdyrmak, orta we kiçi telekeçiligi ösdürmekde döwletiň maýa goýum syýasatyny güýçlendirmek we syýahatçylygy ösdürmek ýaly wadalar öňe sürülýär.
Serdar Berdimuhamedowyň saýlaw programmasynda berýän wadasy halkyň maddy ýagdaýyny gowulandyrmak maksadyna gönükdirilýärkä, synçylar bu wadalaryň dünýä tejribesinde saýlawlardan öňki syýasy wadalardan kän bir tapawutlanmaýandygyny, belleýärler.
Degişli maglumat Häkimiýetler saýlawlarda kiçi Berdimuhamedowa ‘ses bermelidigini duýdurýarlar’Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Paniýer Serdar Berdimuhamedowyň syýasy programmasyndaky wadalary bilen baglylykda uly özgerişe garaşmaly däl diýip pikir edýär.
"Dünýä boýunça ähli syýasatçylar saýlawdan öň dürli wadalary berýär, emma olaryň ählisi başa barmaýar. Serdaryň wadalary ilatyň işsizligini we durmuş derejesine degişli problemalaryň bardygyny, telekeçilige degişli meseleleri ykrar edýär. Men onuň adamlaryň bu wadalaryndan habarly bolmagyny, hem-de uly özgerişlikleriň boljagyna ynanmagyny isleýär, diýip pikir edýärin. Sebäbi ol goldaw gazanmak isleýär. Emma, gyzykly ýeri, nädip ol şeýle özgerişleriň kakasynyň döwründe bolmandygyny düşündirmeli? Ol ýöne ýalňyşlyk goýberildi, syýasat erbetdi diýip bilmeýär" diýip Brýus Panniýer aýtdy.
Bilermeniň pikiriçe, uly özgerişliklere garaşylmasa-da, täze prezident üçin käbir üýtgeşikligi amala aşyrmaga mätäçlik bar.
"Ol käbir biznes gurluşlaryna has köp adamy işe almagy buýurmagy mümkin. Meselem bir fabrige 20 adam, beýleki bir zawoda 30 adam, gurluşykda 50 adam goşmaça işe alnar. Şeýdip, ýurtda adamlaryň iş bilen üpjün edilýändigini aýtmaga esas gazanar. Serdar Berdimuhamedow nähili-de bolsa adamlaryň goldawyny gazanmaga zerurlygy bar. Ol hiç bolmanda indi ýagdaýyň ozalkysy ýaly aşa aýylganç däldigi barada pikir döretmek islär. Sebäbi 15 ýylyň dowamynda, aýratynam soňky ýedi ýylyň dowamynda ýagdaý yzygiderli ýaramazlaşdy, welin, indi nähili-de bolsa bir gowulygyň boljagyna hiç bolmanda umyt döretmeli" diýip bilermen aýdýar.
Brýus Panniýeriň pikiriçe, hatda ilata ýeterlik çörek we un satmak, şeker, ýag ýaly esasy azyk önümleriniň söwdasyny kadalaşdyrmak ýaly ýönekeý çäreler hem halkyň düşen agyr ýagdaýyny özgerdip biler. Bilermen häkimiýetleriň muny hiç bolmanda birnäçe aýlyk üpjün edip biljekdigini çak edýär.
Degişli maglumat Saýlaw uçastoklarynda kandidatlaryň ýekelikdäki suratlary aýrylýarKandidatlaryň saýlaw programmalary saýlawlara diňe birnäçe gün galanda köpçülige elýeterli boldy. 12-nji martda geçiriljek möhletden irki saýlawlar barada 12-nji fewralda yglan edildi.
Türkmenistanyň prezidenti wezipesine jemi 9 adam dalaş edýär. Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowdan başga 8 dalaşgär ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda öň özüni tanatmadyk şahsyýetler.
Prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedow ýurduň ykdysady ýagdaýyndan, şol sanda azyk krizisinden habarly.
Azyk üpjünçiligi meselesi soňky ýylyň dowamynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň üns merkezinde boldy. Geçen ýylyň aprel aýynda ol Aşgabadyň dükanlaryndaky nobatlardan nägilelik bildirdi we nobatlaryň prezident kakasynyň abraýyna zeper ýetirýändigini tankyt edensoň, dükanlar subsidirlenen bahadan azyk satmagyny bes etdi. Ýylyň aýagynda subsidirlenen bahalaryň ýatyrylýandygy resmi taýdan yglan edilmedik hem bolsa, olar ýuwaş-ýuwaşdan aradan aýryldy. Prezidentlik saýlawlarynyň geçiriljeginiň yglan edilmeginiň öňýany un ýetmezçiligi döredi we çörek gytçylygy güýçlendi.
Türkmen ýolbaşçylary ýurdaky ykdysady krizisiň we sosial problemalaryň bardygyny resmi derejede ykrar etmän gelýär. Şeýle-de bolsa, dekabr aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "krizise garşy maksatnamany" tassyklady. Bu maksatnamany premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hödürldi.
Resmi habarlarda programmanyň dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklaryň ýurduň ykdysadyýetine we 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegine täsirini azaltmak maksadyna gönükdirilýändigi aýdyldy. Kararyň kabul edilmegi ýurtda durmuş derejesiniň görlüp-eşidilmedik ýagdaýda peselen, azyk krizisiniň agyrlaşan we soňky 30 ýylda iň agyr krizis sebäpli bahalaryň ýokarlanan wagtyna gabat geldi.
Degişli maglumat Prezident saýlawlary: Ses berişlik tamamlandy, mümkin bidüzgünçilikler barada maglumat gowuşýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.