Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident saýlawlary: Ses berişlik tamamlandy, mümkin bidüzgünçilikler barada maglumat gowuşýar


Saýlaw resmisi
Saýlaw resmisi

Türkmenistanda 12-nji marta yglan edilen irki prezidentlik saýlawlaryna bagyşlanan - günüň dowamynda dowamly täzelenip durýan - ýörite bölüme hoş geldiňiz.

Saýlawlar bilen ilteşikli soraglaryňyz, maglumatlaryňyz bolsa, biziň bilen

• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

• Telegram: @Azathabar arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Soňky täzelikler

  • Saýlaw komissiýasy ses berişligiň gutarandygyny habar berdi. Resmi maglumatda saýlawlara gatnaşygyň 97,12% bolandygy aýdylýar
  • Saýlawlardaky mümkin bidüzgünçilikler barada, şeýle-de saýlaw uçastoklarynda käbir resmileriň dalaşgär Serdar Berdimuhamedowa ses bermelidigini aýdýandygy barada maglumatlar gowuşýar
  • Saýlaw komissiýasynyň wekilleri saýlawçylaryň öýlerine aýlanyp başladylar
  • 12-nji martda ýerli wagt bilen sagat 7-de ses bermek başlandy. Ses berişlik 19-da tamamlanar. Saýlaw resmileri 2577 saýlaw uçastogynyň esaslandyrylandygyny aýdýarlar
  • Saýlawlar boýunça on gün öňünden ses bermek işleri tamamlandy. Saýlaw resmileri ýurt boýunça hasaba alnan saýlawçylaryň 7,90% gowragy öňünden ses berdi diýýärler
  • Täze prezidentiň innagurasiýasy 19-njy martda Aşgabadyň “Oguz han” köşkler toplumynda geçiriler
  • Saýlawlaryň öňüsyrasynda Aşgabatda howpsuzlyk güýçlendirildi, käbir bazarlar ýapyldy
  • Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary tamamlandy

Sebitlerde prezident saýlawlary nähili geçdi?

Aşgabatdan gelen maglumata görä, saýlaw uçastogyna pasportsyz baran saýlawçy özüne saýlaw býulleteniniň berlendigini we saýlaw toparynyň agzasynyň Serdar Berdimuhamedowa ses bermelidigini elin görkezendigini gürrüň berdi. Mundan ozal Azatlyk býujetçileriň saýlawlarda dalaş edýän prezidentiň ogly Serdara ses bermäge mejbur etdirilýändigi barada habar berdi.

Mundan başga, Ahal sebitiniň Gökdepe, Akbugdaý, Kaka etraplaryndaky saýlaw uçastoklarynda saýlaw resmileriniň sagat 13-den soň uçastoklary ýapyp, býulletenleri özleriniň doldurýandygy hakynda hem anyk maglumatlar bar diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçylary ýerli wagt bilen ir sagat 7-de saýlaw uçastoklarynyň açylandygyny, Türkmenabadyň bäş ýerinde ses berişligiň onlaýn görnüşde geçirilýändigini habar berdiler. Olar irden saýlawlara gatnaşygyň degişlilikde köp bolandygyny aýtdylar.

Marynyň saýlaw uçastoklaryna eltilen aýdym-saz toparlarynyň agzalaryna öýläne çenli gaýtmak gadagan edildi. Habarçymyz şäheriň orta bilim we sport mekdeplerinde gurnalan saýlaw uçastoklaryndaky çärelere mugallymlaryň, tälimçileriň we milli egin-eşikdäki studentleriň hem gatnaşdyrylandygyny habar berdi. Azatlyk saýlawlar çärelerine çekilen talyp gyzlara milli lybaslary satyn almak tabşyrylandygyny habar beripdi.

Saýlaw býulleteni

Prezidentlik saýlawlary üçin taýýarlanan býulletenler adaty A4 kagyza çap edilipdir.

Habarçylarymyzyň maglumatynda görä, olaryň ýüzünde hasap belgisi hem bolman, onuň goragy üçin diňe arka tarapynda möhür basylypdyr.

Aşgabatdaky habarçymyz býulletenleriň saýlaw çakylygy esasynda berilýändigini, ses berijiniň pasportynyň umuman talap edilmeýändigini aýdýar. Mundan başga-da, ol bir saýlawçynyň ençeme býulletini alanyna şaýat bolandygyny hem sözüne goşdy.

Saýlaw resmileri ses berijileriň öýlerine aýlanyp başlady

Habarçymyz günüň ikinji ýarymynda Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda saýlaw uçastoklaryna gelýänleriň sanynyň azalmagy bilen, saýlaw komissiýasynyň işgärleriniň ses berijileriň öýlerine gapyma-gapy aýlanyp başlandyklaryny habar berdi.

Ol Lebabyň dolandyryş merkezinde bir dördünji synp mekdep okuwçysynyň ene-atasynyň pasportlaryny we saýlawlara çakylyklaryny alyp, saýlaw uçastogyna ses bermäge barandygyny aýtdy. "Saýlaw resmileri jaň edip '[saýlaw uçastogyna] gelip bilmeseňiz zyýany ýok, saýlaw çykylygy bilen gelseňiz bolar diýdiler. Prezidentiň eýýäm kimiň boljagy öňünden belli, bu bir göz üçin tomaşa" diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.

Dalaşgärler

  1. Agajan Bekmyradow – Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary. Agrar partiýadan
  2. Perhat Begenjow – orta hünär mekdebiniň direktory. Lebap wel.
  3. Serdar Berdimuhamedow - wise-premýer, Demokratik partiýadan
  4. Berdimämmet Gurbanow – Şypahanada wraç. Deputat. Balkan wel.
  5. Maksatmyrat Öwezgeldiýew – saglyk resmisi. Ahal wel.
  6. Kakageldi Saryýew – energiýa resmisi. Mary wel.
  7. Babamyrat Meredow – hususyýetçi. Senagatçylar we Telekeçiler partiýasyndan.
  8. Hydyr Nunnaýew – sport institutynyň prorektory. Aşgabat ş.
  9. Maksat Ödeşow – Dem. partiýanyň etrap bölüminiň başlygy. Daşoguz wel.

Raýatlar saýlawlardan köp zada garaşmaýandygyny aýdýarlar. Näme üçin?

Adaty halk saýlawlar barada näme diýýär, ilat saýlawlardan nämä garaşýar? Raýatlaryň bu sowallara jogaplaryny şu ýerden okaň.

Açyk söhbet: Daşary ýurtlardaky türkmenler saýlamak we saýlanmak hukuklaryny talap edýärler

Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlary yglan edileninden soň, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň bir topary saýlawyň azat we adalatly geçirilmegine çagyryp, öz aralaryndan birnäçe dalaşgär hödürlediler. Azatlyk olaryň birnäçesini söhbetdeşlige çagyryp, eger deň bäsleşige mümkinçilik berilse, halka ýüzlenip aýtjak sözleri bilen gyzyklandy.

Dünýä türkmenleri Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan nämä garaşýar?

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň bu sany dünýä türkmenleriniň Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan edýän tamasyna, arzuw-isleglerine gönükdirilýär.

Dünýä türkmenleri Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan nämä garaşýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Saýlawlarda aňsatlyk bilen ýeňiş gazanjakdygyna garaşylýan Serdar Berdimuhamedow kim?

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň awtoritar lideriniň ogly Serdar Berdimuhamedow köpçüligiň öňünde ýygy-ýygydan görnüp başlady, sebäbi kakasy ony öz ornuna mirasdar etmäge çalyşýardy. Serdar Berdimuhamedowyň eýeleýän köp sanly ýokary wezipelerine garamazdan, şahsy durmuşy hem häsiýeti barada kän zat mälim däl. Bar bolan maglumatlary şu makalada okaň we aşaky wideo tomaşa ediň.

Serdar Berdimuhamedow kim?
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:24 0:00

Serdar Berdimuhamedowyň saýlaw programmasy özgerişe garaşmaga näderejede esas berýär?

Prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedow köpçülige gijikdirilip hödürlenen saýlaw programasynda döwleti we jemgyýeti dolandyrmak sistemasynyň netijeliligini, açyklygyny we hasabatlylygyny ösdürmek üçin täze reformalary durmuşa geçirmegi wada berýär. Synçylar bu wadalaryň dünýä tejribesinde saýlawlardan öňki syýasy wadalardan kän bir tapawutlanmaýandygyny belleýärler.

Gidip barýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15 ýyllyk häkimiýeti nähili geçdi?

Türkmenistanyň prezidenti häkimiýet çalşygyny gytaklaýyn yglan etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti dolandyrmakda “ýaş ýolbaşçylara” ýol bermek isleýändigini aýtdy. Wezipesinden gidip barýan häzirki prezidentiň häkimiýeti nähili geçdi?

Erkin we adalatly saýlawlar näme?

Türkmenistanda dowam edýän saýlaw möwsüminiň arasynda Azat Adalga "erkin we adalatly" saýlawlaryň käbir aýratynlyklaryny öwrenýär.

Azat Adalga: Erkin we adalatly saýlawlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:44 0:00

XS
SM
MD
LG