Türkmenistanda 12-nji marta yglan edilen irki prezidentlik saýlawlary bilen baglylykdaky alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäginde resmiler öýme-öý aýlanyp çakylyk hatlaryny paýlaýarlar, Aşgabatda bolsa polisiýa ykdysady krizis sebäpli eklenç gözleginde zir-zibil gutularyny dörmäge mejbur bolan raýatlary köçelerden ýygnaýar. Şeýle-de, häkimiýetler “ygtybarsyz” diýip hasaplaýan raýatlara basyşlaryny dowam etdirýärler. Ýerli we halkara synçylar ýetip gelýän türkmen saýlawlaryna ýurduň iň ýokary döwlet wezipesini atadan ogla geçirmek synanyşygy hökmünde baha berýärler.
“Şu günler Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda we beýleki etraplarynda ýerli resmiler saýlawa çakylyk hatlaryny paýlaýarlar. Ol diňe 18 ýaşy dolan raýatlara berilýär. Çakylygyň ýüzünde raýatyň at-familiýasy we 12-nji martda barmaly saýlaw uçastogynyň salgysy görkezilýär. Ýerli saýlaw resmileri ses berişligiň sagat irden 7-den ikindin 19-a çenli dowam etjekdigini we ses bermäge gelenleriň ýanynda hökmany pasportynyň bolmalydygyny duýdurýarlar” diýip, şeýle çakylyklaryň birini alan türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri 3-nji martda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçymyz ýurtda koronawirusyň ýeke hadysasyny hem resmi taýdan hasaba almadyk türkmen häkimiýetleriniň, saýlaw uçastoklarynda dezinfeksiýa işlerini hem geçirýändiklerini aýtdy.
“Ses bermäge gelenler ilki ellerini dezinfeksiýa etmeli. Soňra olaryň bedeniniň gyzgyny ölçener. Diňe şondan soňra raýat ses bermäge goýberiler. Adamlaryň özara aralygy saklamagy üçin saýlaw gutusyna çenli her iki metrden gyzyl çyzyklar ýerleşdirildi” diýip, bu işlere çekilen Türkmenabadyň ýaşaýjysy aýtdy.
Degişli maglumat ‘Adamlar irki prezident saýlawlaryndan köp zada garaşmaýar’Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini we anyk işleýän ýerini aýan etmezligi soran söhbetdeşimiz 12-nji mart saýlaw gününiň şenbä, ýagny iş gününe düşýändigine hem garamazdan, ýolbaşçylaryň olaryň wagt tapyp, hökmany ýagdaýda ses bermelidigi barada duýdurýandyklaryny hem belledi.
Mundan başga-da, habarçylarymyz sebitleriň döwlet edaralarynda saýlawlar barada asla gürrüň edilmeýändigini we bu barada düşündiriş-wagyz işleriniň hem geçirilmeýändigini aýdýarlar.
Köpler üçin garaşylmadyk ýagdaýda 12-nji fewralda yglan edilen bu saýlawlarda dalaş edýän prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň, ozal ady kän eşidilmedik beýleki sekiz kandidatyň häzirki režimiň tarapyny tutup çykyş edýändigi nazarda tutulyp, aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň otuz ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda şu wagta çenli geçirilen hiç bir saýlaw abraýly Günbatar synçylary we hukuk toparlary tarapyndan hiç haçan ‘erkin we adalatly saýlaw” diýlip ykrar edilmedi.
Şol bir wagtda, türkmen howpsuzlyk gulluklary saýlawlaryň öňüsyrasynda “ygtybarsyz” diýip hasaplaýan raýatlara garşy basyşlaryny dowam etdirýärler. Azatlyk bu işleriň çäginde häzire çenli 200-e golaý adamyň saklanandygy barada habar berdi.
Degişli maglumat Saýlaw çärelerine gatnaşdyryljak talyp gyzlardan milli egin-eşik satyn almak talap edilýärTürkmen häkimiýetleri ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň we syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, ten söwdasy bilen meşgullanýanlara, zähmet-düzediş dispanserlerinde alkogolizme garşy bejergi alan adamlara we ozal kazyýet jogapkärçiligine çekilen raýatlara gözegçiligi güýçlendirýärler. Olar muny "asudalygy saklamak, howpsuzlygy ýokarlandyrmak çäreleri" diýip düşündirýärler.
Bu işleriň çäginde Aşgabatda polisiýa ýurtda eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady çökgünlik sebäpli eklenç gözleginde zir-zibil gutularyny dörmäge ýa-da plastik çüýşelerini toplamaga mejbur bolýan ýaşaýjylary hem saklap başlady.
“28-nji fewralda polisiýa paýtagtyň ‘Magtymguly’ we ‘Atamyrat Nyýazow’ köçeleriniň çatrygyndan plastik çüýşeleri bilen barýan bir welosipedli raýaty saklap, ulagyna mündirip äkitdiler. 30-njy etrapçada polisiýa zir-zibil gutularyny dörýän 7-10 ýaş aralygyndaky dört oglany saklady we zor bilen ulagyna saldy. Polisiýa çagalaryň arkasyny tutmak islän bir aýal maşgalanyň üstüne heňkerip, onuň ýüzüni alyp goýberdi” diýip, bu wakalara şaýat bolan aşgabatlylaryň biri 3-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy Aşgabada saklananlaryň soňky ykbaly, şeýle-de saýlawlaryň öňüsyrasynda alnyp barylýan bu çäreler barada ýurduň Içeri işler ministrliginden we paýtagtyň polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.