Saýlawlara taýýarlyk polisiýanyň “arassalaýyş” kampaniýasy bilen dowam etdirilýär
Türkmenistanda 12-nji marta yglan edilen irki prezidentlik saýlawlary bilen baglylykdaky alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäginde resmiler öýme-öý aýlanyp çakylyk hatlaryny paýlaýarlar, Aşgabatda bolsa polisiýa ykdysady krizis sebäpli eklenç gözleginde zir-zibil gutularyny dörmäge mejbur bolan raýatlary köçelerden ýygnaýar. Şeýle-de, häkimiýetler “ygtybarsyz” diýip hasaplaýan raýatlara basyşlaryny dowam etdirýärler. Ýerli we halkara synçylar ýetip gelýän türkmen saýlawlaryna ýurduň iň ýokary döwlet wezipesini atadan ogla geçirmek synanyşygy hökmünde baha berýärler.