Uzak wagt bäri howatyr edilýän rus hüjümi başlandy. Ukraina raketa zarbalary uruldy

Russiýa Ukraina hüjüm etdi

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin goňşy ýurdy we garşydaşyny “ýaragsyzlandyrmak” we “nazistsizlerşdirmek” üçin “ýörite” operasiýa geçirmegi buýrandan soň, Moskwanyň Ukraina garşy eder öýdülip garaşylan hüjümi 24-nji fewralda başlandy.

Paýtagtda we onuň Boryspil howa menzilinde bolan partlamalar, atyşyklar we sirena esleri barada habar berildi, Harkow, Kramatorsk, Dnipro, Mariupol, Odessa we Zaporižýe şäherlerinde hem şaýatlar irden partlamalaryň bolandygyny habar berdiler.

CNN habar gullugy rus goşunlarynyň port şäheri Odessanyň üsti bilen Ukraina girendigini habar berdi, ýöne olaryň söweşe girendikleri ýa däldigi anyk däl. Şeýle-de, CNN Belarusda harby türgenleşige gatnaşan rus goşunlarynyň şol ýerden Ukraina girişini görkezýän wideo görkezdi.

Ýaraly bolanlar, ölenler we urlup ýykylan uçar barada birnäçe gapma-garşylykly habar bar, emma olaryň köpüsini garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.

Ukrainanyň Içeri işler ministrligi ilkinji howa hüjüminde ýedi esgeriň ölendigini we 15 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Mundan başga, 19 esgeriň dereksiz ýitendigi we Inhulets derýasyndaky bir köpriniň weýran edilendigi aýdylýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Moskwa bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesendigini yglan etdi we söweşe goşulmak üçin ýarag beriljekdigini aýdyp, ukrain raýatlaryny ýurdy rus hüjüminden goramaga çagyrdy.

Zelenski 24-nji fewralda telewideniýede eden çykyşynda "heniz wyždanyny ýitirmedik" ruslary çykyp, hökümetiniň Ukraina garşy eden hüjümine protest bildirmäge çagyrdy.

Zelenski halka eden ýüzlenmesinde Ukrainanyň rus hüjüminden “uly ýitgi çekendigini” aýtdy we adamlary gan tabşyrmaga çagyrdy.

Gapma-garşylykly habarlaryň arasynda, Zelenskiniň geňeşçisi hüjümiň ilkinji sagatlarynda 40-a golaý ukrainalynyň öldürilendigini we azyndan 10 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň howa bazalaryndaky harby infrastruktura zarba urlandygyny we howa goraglarynyň "gowşadylandygyny", emma ilatly ýerlere zarba urulmandygyny aýtdy.

Degişli maglumat Putin “ýörite operasiýany” yglan edenden soň, Ukrainanyň ençeme şäherinde bombalaryň, ok atyşyklaryň sesleri eşidilýär

"Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň howa gorag serişdeleri ysgyndan gaçyryldy. Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň howa bazalarynyň harby infrastrukturasy hereketsiz galdy" diýip, "Interfaks" ministrligiň habaryna salgylanyp habar berdi.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba twitterde "Putin edil häziriň özünde Ukrainany giň gerimde basyp almaga başlady. Ukrainanyň asuda şäherlerine zarba urulýar” diýip ýazdy.

"Bu agressiýa urşy. Ukraina özüni gorar we ýeňer. Dünýä Putini togtadyp biler we togtatmly. Häzir hereket etmegiň wagty geldi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we britan premýer-ministri Boris Jonson bilen telefonda gürleşen ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski özüniň harby ýagdaýy yglan edýändigini aýtdy, ýöne raýatlary asudalyga, dowla düşmezlige çagyrdy.

Zelenski Moskwanyň Ukraina garşy giň gerimli hüjüme başlandygyny, raketa hüjümleriniň ýurduň harby infrastrukturasyny we birnäçe şäherde serhet goragçylaryny nyşana alandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Baş ştabynyň beýanatynda Russiýanyň gündogardaky “ukrain bölümlerini yzygiderli topa tutmaga başlandygy we alty howa menziline raketa zarbalaryny urnadygy” aýdylýar.

Günbatar ýurtlary bu hüjümleri bada-bat ýazgarmak bilen, Moskwa garşy täze, has berk sanksiýalaryň giriziljegini wada berdiler.

Baýden bu hereketi Ukraina garşy edilen "esassyz we delillendirilmedik" hüjüm diýip atlandyrdy we dünýä "Russiýany jogapkärçilige çeker" diýdi.

Şeýle-de ol bu hüjüm netijesinde bolup biljek "heläkçilikli adam ýitgilerine we çekiljek jebir-jepalara” Russiýanyň jogapkär boljakdygyny aýtdy.

"Şu gije bütin dünýäniň doga-dilegleri Ukrainanyň halkynyň adyna ediler, sebäbi olar rus harby güýçleriniň esassyz we delillendirilmedik hüjümine sezewar bolýarlar" diýip, Baýdeniň beýanatynda aýdylýar.

"Prezident Putin bilkastdan heläkçilige we adam hasratlaryna sebäp boljak urşy saýlady. Bu hüjümiň sebäp boljak adam ýitgilerine we weýrançylyklaryna diňe Russiýa jogapkärdir, ABŞ we onuň ýaranlary, hyzmatdaşlary agzybirlikde we aýgytly gaýtawul berer. Dünýä Russiýany jogapkärçilige çeker” diýip, Baýden sözüniň üstüni ýetirdi.

Ak tam biraz soň Baýdeniň Zelenski bilen telefonda gürleşendigini we oňa goldaw bildirendigini, ukrain liderine Waşingtonyň we onuň ýaranlarynyň Russiýa garşy meýilleşdirilýän indiki ädimleri barada maglumat berendigini aýtdy.

Şeýle-de, Baýden 24-nji fewralda halka ýüzlenme bilen çykyş etjekdigini aýtdy.

Separatistleriň gözegçiligindäki Donetskde görlen harby awtoulaga. 23-nji fewral, 2022.

Angliýanyň premýer-ministri Jonson "Ukrainadaky aýylganç wakalary" ýazgardy we Putiniň "esassyz hüjümi amala aşyrmak bilen gan dökmek we weýran etmek ýoluny saýlap alandygyny" aýtdy.

"Birleşen patyşalyk we biziň ýaranlarymyz aýgytly jogap berer" diýip, ol Twiterde ýazdy we, Baýden ýaly, Zelenski bilen telefonda gürleşendigini aýtdy.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýeniň "delilsiz we esassyz harby hereketleri bilen, Russiýa halkara hukugyny gödek bozýar we Ýewropanyň we dünýäniň howpsuzlygyna we durnuklylygyna zyýan ýetirýär" diýmegi bilen ÝB hem ýazgaryş sözlerini gaýtalady.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Russiýanyň Ukraina garşy başlan "oýlanyşyksyz" hüjümini ýazgardy.
Ol NATO ýaranlarynyň "Russiýanyň täzelenen agressiýasy" barada maslahatlaşmak üçin duşuşjakdygyny aýtdy. Ukraina NATO-nyň agzasy däl, ýöne Günbatar ýurtlary bilen ýaranlykda durýar.

Stoltenberg twitterde "Russiýanyň Ukraina garşy oýlanyşyksyz hüjümini berk ýazgarýaryn. Bu halkara hukugynyň düýpli bozulmagy we Ýewro-Atlantik howpsuzlygyna çynlakaý howp" diýdi.

Liderler Russiýanyň Ukraina garşy geçen hüjümine reaksiýa bildirýär:

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba:

“Putin edil häziriň özünde Ukrainany giň gerimde basyp almaga başlady. Ukrainanyň asuda şäherlerine zarba urulýar. Bu agressiýa urşy. Ukraina özüni gorar we ýeňer. Dünýä Putini togtadyp biler we togtatmaly. Häzir hereket etmegiň wagty geldi”

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden:

“Prezident Putin bilkastdan heläkçilige we adam hasratlaryna sebäp boljak urşy saýlady. Bu hüjümiň sebäp boljak adam ýitgilerine we weýrançylyklaryna diňe Russiýa jogapkärdir, ABŞ we onuň ýaranlary, hyzmatdaşlary agzybirlikde we aýgytly gaýtawul berer. Dünýä Russiýany jogapkärçilige çeker”

Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen:

“Urşuň gaýtadan Ýewropa getirilmegine prezident Putin jogapkär... Biz olaryň möhüm bazarlara we tehnologiýalara elýeterliligini bökdemek arkaly rus ykdysadyýetiniň strategiki pudaklaryny nyşana alarys. Biz Russiýanyň ykdysady bazasyny we onuň döwrebaplaşmagyny gowşadarys”

Ýewropa komissiýasynyň daşary syýasat başlygy Josep Borrell:

“Bular Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropanyň başdan geçirýän iň garaňky pursatlary... ÝB mümkin bolan iň güýçli gaýtawul berer hem-de biz şu wagta çenli amala aşyran iň agyr sanksiýalarymyz boýunça ylalaşýarys”

Wengriýanyň premýer-minitri Wiktor Orban:

"Biz özümiziň ÝB we NATO ýaranlarymyz bilen bilelikde Russiýanyň harby hereketini ýazgarýarys" diýip, Orban Facebook beýanatynda aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň hem-de NATO-nyň ýagzasy bolup, Ukraina bilen serhetleşýän Wengriýa Orbanyň ýolbaşçylygynda Putin bilen ýakyn aragatnaşyk saklamaga ymtylyp gelýär. Bu ýagdaý Wengriýanyň günbatar hyzmatdaşlary üçin alada döredýär. Özüniň migrasiýa garşy alyp baran syýasaty sebäpli ÝB bilen arasyna tow düşen Orban Wengriýanyň serhedine ýakynlaşjak bosgunlaryň sanynyň köpelmeginiň mümkindigini aýtdy. Ol Wengriýanyň "olaryň aladasyny etmäge taýýardygyny hem-de bu kynçylygy netijeli we dessin çözüp biljekdigini" aýtdy.

Ýewropa Parlamenti:

"Çozuş esassyz we bikanun. Ol ýewropa hem-de sebit durnuklylygyna, şeýle-de kanuna esaslanýan dünýä tertibine howp salýar. Bu hüjüm biziň nusgalyk demokratik jemgyýetimizi nyşana alýar. Muny jogapsyz goýmaly däl.

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz:

"Putin özüniň duldegşir goňşusyna horluk we weýrançylyk getirýär. Ol Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we serhetlerini bozýar. Ol Ukrainadaky sansyz bigünä adamyň - Russiýanyň doganlyk halkynyň durmuşyny howp astyna salýar. Galyberse-de, ol biziň yklymymyzyň asuda tertibini howp astyna salýar. Bularyň hiç haýsy esasly däl. Bu Putiniň urşy"

Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok:

“Biz Russiýa garşy iň agyr gadaganlyklardan ybarat doly sanksiýalar bukjasyny işe girizeris. Biz özümiziň hem-de ýaranlarymyzyň howpsuzlygyny güýçlendireris”

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron:

“Fransiýa Russiýanyň Ukraina garşy uruş yglan etmek kararyny berk ýazgarýar. Russiýa özüniň harby operasiýalaryny derhal bes etmeli”

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson:

“Prezident Putin Ukraina garşy essasyz hüjümi amala aşyrmak bilen gan dökmek we weýran etmek ýoluny saýlap aldy”

Çehiýanyň prezidenti Miloş Zeman:

"Ozal meýilleşdirilen sanksiýalardan has berk sanksiýalary girizmegiň wagty geldi, beýle diýmek bilen men ähli sanksiýalaryň has ulusy bolsa SWIFT ulgamyndaky sanksiýalary göz öňünde tutýaryn... Bu [çäreler] telbäni üzňeleşdirmek üçin, oňa garşy diňe söz bilen däl, anyk çäreler bilen [üzňeleşdirmek üçin] zerur"

Eýranyň daşary işler ministri:

"Ukraina krizisi NATO-nyň prowakasiýalaryndan gözbaş alýar. Biz uruşdan haraý gözlemegiň çözgütdigine ynanmaýarys. Ot açmagy bes etmek hem-de syýasy we demokratik çözgüt tapmak zerur"

Hytaýyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hua Çunýing:

“Ukraina meselesi taryh geçmişi babatda çylşyrymly... Häzirki wagtda biziň görýän zatlarymyz çylşyrymly faktorlaryň özara baglanyşmagydyr... Biz heniz hem degişli taraplaryň parahatçylyk gapysyny ýapmajagyna hem-de ýagdaýyň mundan beýläk hem dartgynlylaşmagynyň öňüni almak üçin gepleşik we geňeşmeler bilen meşgullanjagyna bil baglaýarys”

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi:

“Bu hüjüm halkara hukugynyň düýpli bozulmagydyr hem-de biziň sebitmiziň we dünýäniň howpsuzlygyna çynlakaý howp salýar. Biz Russiýa Federasiýasyny bu bikanun hem-de adalatsyz hereketi derhal bes etmäge çagyrýarys”

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan:

“Biz Russiýanyň harby operasiýasyny ret edýäris... Bu sebit parahatçylygyna hem-de durnuklylygyna agyr zarba.”

“Türkiýäniň Ukrainanyň syýasy jebisligine, özygtyýarlylygyna hem-de territorial bitewiligine goldaw bermegi dowam etdirjekdigi nygtaldy” diýip, prezidentiň edarasy beýanat berdi.

Ysraýylyň daşary işler ministri Ýair Lapid:

“Russiýanyň Ukraina hüjüm etmegi halkara düzgüniň düýpli bozulmagydyr. Ysraýyl hüjümi ýazgarýar.

Portugaliýanyň premýer-ministri Antonio Kosta:

"Bu krizisiň jogaby diplomatik çözgütde bolmaly. NATO Ukraina gatyşmaz, ýa-da Ukrainada hereket etmez"

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg:

“Bu halkara hukugynyň düýpli bozulmagy we Ýewro-Atlantik howpsuzlygyna çynlakaý howp... Biz bu aýylganç pursatda Ukraina halkynyň ýanynda. NATO ähli ýaranlary goramak üçin zerur bolan ähli zatlary eder"

Polşanyň prezidenti Andreý Duda:

"Men harby operasiýalaryň togtadylmagyna we Ukrainanyň öz gününe goýulmagyna çagyrýaryn. Ukrainada bolup geçýän wakalaryň gysga wagtda togtadylmagy üçin hemme zady ederin"