Gaýtalanýan gurakçylyk maldarçylyga zarba urýar

Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynyň öri meýdanlarynda mallar köpçülikleýin gyrylýar. Çopanlar gyş şertleri sebäpli, hem-de soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän gurakçylyk zerarly emele gelen ot-iým ýetmezçiliginiň mal ölümlerine sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Bu aralykda, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri Türkmenistanda gurakçylygyň täze tolkunyna garaşylýandygyny habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan maryly bir çopan sebitde soňky iki-üç ýyl bäri dowam edýän gurakçylygyň soňky bir ýylda has-da ýaramazlaşandygyny aýdýar.

Degişli maglumat Murgapda guraklykdan ejir çekýän maldarlar mallaryny tas ýarym bahasyna satýar

“Öri meýdanlarda çöp ýok... Mallar gyrylýar” diýip, çopan çöl meýdanlaryndaky gurakçylygy suratlandyrdy. Ol gyş möwsümi sebäpli öri meýdanlarda onsuzam ot-iýmlik ösümlikleriň ýokdugyny sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy dowam edýän gurakçylygyň arasynda ot-iým ýetmezçiliginiň çopanlara we mal eýelerine ýetirýän oňaýsyz täsiri barada habar berýär.

Maglumat üçin aýdylsa, çöl meýdanlaryndaky çopan goşlary sebitiň öri meýdanlarynda aýlyk töleg esasynda mal bakmak hyzmatlaryny hödürleýärler. Mal eýeleri özleriniň iri ýa-da ownuk şahly mallaryny öri meýdanlara eltip, çopanlara tabşyrýarlar. Çopanlar bolsa töleg esasynda mallara ideg etmek jogapkärçiligini öz üstüne alýarlar.

Ýöne habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli çopanlar ot-iýmlik ösümlikleriň ýetmezçiligi sebäpli geçen aýdan bäri mal eýeleriniň mallaryny yzyna gaýtarmaga synanyşýandyklaryny aýdýarlar.

Käbir mal eýeleri mallaryny yzyna alyp gaýtmagyň deregine olary soýup etini alyp gaýdýar.

“Başga alaç ýok. Çölde galan mallar haram ölmäge başlady” diýip, bir sygyr çopany Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Meniň mal goşumyň aňyrsynda ýene bir goş bar. Ol goş diňe düýe malyny saklaýar. Edil häzir çölüň içinde suwsuzlyga we açlyga çydaýar diýilýän mal hem düýe malydyr. Ýöne düýe çopanlary düýeleriň hem açlykdan haram ölýändiklerini aýdýarlar” diýip, habarçynyň söhbetdeşi aýtdy.

“Meteožurnal” neşiri howa kadalaryna laýyklykda Türkmenistanda ýyllyk ýagşyň köp böleginiň gyş möwsüminde ýagýandygyny, ýöne dowam edýän sowuk möwsümde howanyň çyglylyk derejesiniň düýpli üýtgemändigini hem-de ýurduň diňe käbir sebitlerinde howanyň köp ýagynly bolandygyny habar berýär.

Howa maglumaty gyş aýlaryndaky gurakçylykdan soň, bahar aýlarynda howanyň temperaturasynyň kadadan ýokary bolmagyna garaşylýandygyny çaklaýar.

Degişli maglumat Türkmenistanyň gündogar sebitleri aşa gurakçylykdan ejir çekýär

Mundan ozal, ýanwaryň ortalarynda “Meteožurnal” neşiri Türkmenistanda dowam edýän gurakçylygyň gerimini görkezýän bir maglumat çap etdi. Neşiriň maglumatyna görä, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Sekizýap suw howdanynyň gerimi gurakçylyk zerarly bir ýylyň içinde 9,3 gektardan 3,9 gektara çenli azalypdyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitleri gurakçylykdan, anomal yssy ýa-da aşa sowuk howadan ejir çekýär. Azatlyk geçen ýylyň başynda aşa sowuk gelen gyşyň irki ekinlere, owlak-guzy alýan maldarlara ýetiren zyýany, soňra anomal yssy howanyň netijesinde, müňläp düýäniň we ownuk mallaryň suwsuzlykdan we açlykdan haram ölendigi barada habar berdi.

Bu aralykda, çopan goşlary we maldarçylyk hojalyklary ýiti gurakçylykdan ejir çekýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy etiň sebit dükanlaryndaky bahasy barada habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, süňkli sygyr etiniň bir kilogramy Marynyň et dükanlarynda 54 manatdan bahalanýar. Süňksiz jylka et 60 manat, süňk 10 manat, üwelen et 62 manat, goýun eti 50 manatdan bahalanýar.

Türkmen hökümeti ýurduň oba hojalyk pudagynyň, şol sanda maldarçylygyň ösdürilýändigini aýdýar. Ýöne häkimiýetler ýurtdaky gurakçylyk, ot-iým ýetmezçiligi we munuň maldarlara ýetirýän täsirleri barada hiç hili beýanat bilen çykyş etmeýär. Şeýle-de, iri we ownuk mallaryň müňläp aç we suwsuz gyrylýandygy barada hem ne häkimiýetler, ne-de resmi media tarapyndan haýsydyr bir mesele gozgalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.