Soňky üç aýdan gowrak wagt bäri, Türkmenistanyň gündogar sebitleri gurakçylykdan ejir çekýär. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy Lebap welaýatynda dowam edýän gurakçylyk barada habar berýär. “Meteožurnal” howa maglumaty neşirine görä, öňümizdäki günlerde Türkmenistanyň çäginde ýene anomal yssy howa garaşylýar.
Lebap welaýatynyň sebitlerine aýlanyp, ýerli ýaşaýjylar bilen gürrüňdeş bolan habarçymyz tas üç aýdan gowrak wagt bäri ýurduň gündogar sebitleriniň gurakçylykdan ejir çekýändigini habar berýär.
“Ýeke damja ýagyş ýagmady. Gurakçylyk. Tozan göterilmegi adaty ýagdaýa öwrüldi” diýip, bir lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň bir meteorology şu ýyl tomsuň başlaryndan bäri dowam edýän gurakçylygyň ýurduň gidrometeorologiýa taryhynda ozal hasaba alynmandygyny aýdýar.
Howa gullugynyň Farap etrabynda ýerleşýän edarasynyň hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde bu barada şeýle diýdi:
“Welaýatyň çäginde şu ýyl bolan gurakçylyk soňky 41 ýylda hasaba alnan iň gurak howa boldy” diýip, efirde adynyň Hangeldi diýip tutulmagyny soran hünärmen aýtdy.
“Bu ýyl bolan ygalsyzlyk gum sebitlerinde janly-jandarlaryň durmuşyna uly apat boldy” diýip, hünärmen belledi.
Üstesine, ýerli hünärmen gurakçylygyň sentýabrda hem dowam etmegine garaşylýandygyny, ýakyn günlerde aşa yssy howa garaşylýandygyny gürrüň berdi.
Howa hünärmeni aşa yssy howanyň tokaýlarda köp agajyň guramagyna sebäp bolandygyny aýtdy.
Tomus aýlarynda dünýäniň dürli künjeklerinde ýüze çykan tokaý ýangynlary, ekspertlere görä, dünýä boýunça daşky gurşawa abanýan howplara, hususan-da howanyň global üýtgemegine üns çekdi.
Soňky ýyllarda halkara jemgyýetçiligi, hususan-da iri Günbatar ýurtlary, galyberse-de, köp sanly iri halkara guramalar klimatyň üýtgemegi, howanyň global maýlamagy ýaly meseleler boýunça ähli ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge synanyşýar.
Türkmenistanyň hökümeti daşky gurşaw meseleleri boýunça halkara jemgyýetçiliginiň alyp barýan tagallalaryna goşulýandygyny aýdýar, ýöne ýurduň çäginden aşa köp mukdarda syzyp çykýan metan gazy, şeýle-de, ýurduň çäginde hereket edýän zawodlaryň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirleri barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.
Bu aralykda, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 23-25-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň territoriýasynda howanyň aşa yssy bolmagyna garaşylýandygyny habar berýär.
Neşiriň ýazmagyna görä, ýurduň käbir künjeklerinde howanyň temperaturasynyň 39-42 gradusa ýetmegine garaşylýar.
Neşire görä, 23-nji sentýabrda ýurduň köp böleginde howanyň temperaturasy +32...+37 gradus bolar; 25-nji sentýabrda ýurduň gündogar, günorta-gündogar we günorta sebitlerinde howanyň temperaturasy +35...+40 gradus bolar.
Aşgabatda 24-nji sentýabrda +39...+41 gradus howa bolar; 25-nji sentýabra geçilen gije we irden tizligi sekuntda 12-17 metre ýetýän şemal öwser.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda umumy 100-den gowrak gidrometeorologiýa beketleri we howa gözegçilik nokatlary bar, jemi dört sany welaýat Gidrometeorologiýa merkezleri döredilýär.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurtdaky tebigy heläkçilikler, şol sanda rekord derejä ýeten gurakçylyk we onuň adamlaryň we janly-jandarlaryň durmuşyna, galyberse-de oba hojalyk önümçiligine ýetirýän ýaramaz täsirleri barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.