Aşgabatda täze kaşaň binalaryň gurluşygy soňky günlerde ýurt baştutanynyň üns merkezinde boldy. Prezident Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze administratiw merkeziniň we "Aşgabat-siti" toplumynyň gurluşygy bilen gyzyklandy. Döwlet metbugaty prezidentiň gurluşyklaryň jemgyýet üçin ähmiýetini nygtap, daşky gurşaw, ösen tehnologiýa meselelerini göz öňnde tutmagy buýrandygyny habar beren bolsa, bu ýagdaýdan habarly çeşmeler bolsa, prezidentiň gurluşygyň öňe süýşmändigini görendigini habar berip, suw asty suwlaryň gurluşygyň öňe böwet salýandygyny aýdýarlar.
Türkmen häkimiýetleri "Aşgabat-siti" proýektiniň paýtagty täze bir şähere öwürmegine garaşýarlar. Kaşaň proýektiň deslapky dizaýnyna görä, toplumyň çäginde 200-den gowrak belent bina gurulmaly, olaryň belentligi 12-35 gata barabar bolmaly.
Proýekte aýratyn ähmiýet berýän prezident Berdimuhamedow 19-njy ýanwarda gurluşygyň barýan ýerine bardy. Resmi metbugatyň habaryna görä, prezident şäher toplumynyň gurluşyk meýdançasyndaky topragyň ýagdaýyna, şeýle hem bu sebitiň tebigy aýratynlyklaryna üns bermegi tabşyrypdyr we döwrüň iň möhüm talaplarynyň daşky gurşawy goramakdygyny belläpdir.
Bu aralykda, Azatlygyň çeşmeleri prezidentiň "Aşgabat-siti" proýektiniň gurulmaly ýerine baranda bu ýerde gurluşygyň öňe süýşmändigini görendigini habar berýärler.
Degişli maglumat Ahalyň täze merkeziniň gurluşygy üçin 1,5 milliard dollar çykarylar“Oňa topragyň suwuny guratmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy, ýöne bu beýle däl. Häzir entek bu işi nädip etmelidigi hakda oýlanýarlar. Prezident telewizorda eden çykyşynda ýeri berkitmegi buýurdy, diýmek ol bu işi etmek mümkin diýen pikirde. Mümkinçilik tapylsa, bu gaty gymmada düşer we eýýäm birnäçe milliard dollar diýlip çak edilýän taslamanyň bahasyny ýene ýokarlandyrar. Gymmat bahaly zeýkeş gidrawlik gurluşlary, daşary ýurt hünärmenleri hem gerek bolar" - diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar we proýekte gatnaşýan hünärmenlere salgylanyp, gurluşygy dowam etdirmegiň tas mümkin däldigini, dowam etdirmegiň puly boş sowmagy aňladýandygyny belleýär.
Resmi metbugatda berlen habarlarda bu ýagdaý agzalmady. Şeýle-de bolsa, resmi habarda Berdimuhamedowyň täze şäher üçin saýlanan ýerde düýpli inženerlik we gözleg işlerini geçirmegiň hem durnuksyz topragy berkitmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini aýdandygy habar berildi.
Aşgabat şäheri seýsmiki taýdan aktiw ýerde ýerleşýär. Şäheriň topragynyň çylşyrymly bolup, ýer sarsgynlaryna duýgurlygyndan başga-da, ýerasty suwlaryň aýratyn bir problemadygyny bilermenler belleýärler. Hut topragyň çylşyrymlylygy soňky ýyllarda gurlan iri desgalar üçin howp döredipdi. 2017-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabadyň halkara howa menziliniň binasy ulanylmaga berlenden soňra çöküp başlady. Şonda bu meseläni çözmek üçin “Bouygues Construction” fransuz gurluşyk kompaniýasynyň hünärmenleri getirildi.
Degişli maglumat Türkmenistan 'möhüm desgalaryň' arasynda it ýaryşdyrmak üçin 'ýokary hilli' meýdança gurýarAşgabatda we onuň töwereginde işlemekde tejribesi bolan birnäçe gidrogeologlaryň pikiriçe, Aşgabat şäheriniň gurluşygynyň esasy, ýöne ýeke-täk bolmadyk meselesi ýerasty suwlaryň ýer ýüzüne ýakyn bolmagydyr. Olardan dynmak tas mümkin däl. Bu ýerasty suwlaryň tebigaty dürli, ýöne olaryň esasy çeşmesi Garagum kanaly we Garagum kanalyndan suw alýan Gurtly suw howdanydyr. "Kanalda we suw howdanynda gidroizolýasiýa ýok we olardan suwuň süzüp çykmagy dowam edýär. Köpetdagdan akýan ýerasty suwlar hem bu ýerasty suwlaryň döremegine goşant goşýar" diýip Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan bilermenleriň biri aýdýar.
Şeýle-de bolsa, bilermenleriň pikiriçe, işlenip düzülen käbir mümkinçilikler bar. Ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek zerurlygyna mätäç bolan käbir ýerli desgalar üçin suwuň derejesini aşak düşürýän guýular ulanylýar, şol ýerden ýerasty suwlar gije-gündiziň dowamynda sorulýar.
"Şeýle guýular Aşgabat howa menziliniň çäginde yzygiderli işleýär, binanyň, uçuş-gonuş zolaklarynyň we beýleki infrastrukturany suw basmagynyň öňüni alýar. Ýöne howa menzili Garagum kanalynyň ýokarsynda (günortada) ýerleşýär we onuň daşyna esasan Köpetdagdan akýan hem Garagum kanalyndan gelýän ýerasty suwlaryň bir bölegi ýygnanýar. 'Aşgabar-siti' proýektiniň gurulmaly ýerine bolsa kanal we suw howdany täsir eder" diýip, bilermenleriň biri aýdýar.
Degişli maglumat Çäginde ýerasty suwlar tapylan “Aşgabat-sitiniň” gurluşyk meýdançasynda inženerçilik-geologiýa işleri geçirilerBilermenler "Aşgabat-siti" proýekti üçin saýlanan ýeriň gidrogeologiki ýagdaýynyň has-da çylşyrymlydygyna ünsi çekýär.
"Iň esasy zat, bu meýdany gurluşyga taýýarlamak üçin suwy aşak düşüriji guýularyň has köpüsi gerek bolar we olar gije-gündiz durman işlemeli bolar. Ýöne olar hem bu sebitdäki ýerasty suwlaryň derejesini pes saklamagy kepillendirip bilmez. Uly suw howdanlarynyň golaýynda ýerleşýän bu toprak ýerasty suwlaryň aşa uly basyşy astynda galar. Bu yzygiderli dowam eder" diýip, Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerine gürrüňdeş bolan bilermen aýtdy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi gurluşyk meýdançasynda inženerçilik-geologiýa işlerini amala aşyrmak planlaryny dekabrda yglan etdi we "Aşgabat-siti" proýektine "baý tejribä eýe bolan kompaniýalary” çekmek üçin “halkara tender” geçirilýändigi barada 25-nji dekabrda iki bildirişi “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap etdi.
"Aşgabat-siti" proýektiniň bahasy resmi maglumatlarda agzalmady. Döwletiň hasabyna amala aşyrylýan şäher gurluşygy proýektlerine sarp edilen puluň mukdary barada resmi sanlar seýrek çap bolýar. Şeýle-de bolsa, prezident Berdimuhamedow ýurtda umumy bahasy 37 milliard dollara barabar gurluşygyň alnyp barylýandygyny 2021-nji ýylyň dowamynda birnäçe gezek agzady.
Prezident Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurulýan nobatdaky miliardlarça dollarlyk kaşaň binalaryň gurluşygy ilatyň aglaba bölegini garyplyk derejesine düşüren ykdysady krizisiň güýçlenýän döwründe alnyp barylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.