'Aşgabat-sitiniň' guruljak ýerinde durnuksyz topraga hem prezident, hem-de bilermenler ünsi çekdi
Aşgabatda täze kaşaň binalaryň gurluşygy soňky günlerde ýurt baştutanynyň üns merkezinde boldy. Prezident Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze administratiw merkeziniň we "Aşgabat-siti" toplumynyň gurluşygy bilen gyzyklandy. Döwlet metbugaty prezidentiň gurluşyklaryň jemgyýet üçin ähmiýetini nygtap, daşky gurşaw, ösen tehnologiýa meselelerini göz öňnde tutmagy buýrandygyny habar beren bolsa, bu ýagdaýdan habarly çeşmeler bolsa, prezidentiň gurluşygyň öňe süýşmändigini görendigini habar berip, suw asty suwlaryň gurluşygyň öňe böwet salýandygyny aýdýarlar.