Aşgabatdan Mary we Lebap welaýatlaryna barlagçylar geldi

Lebapdaky çeşmämiz wise-premýer Ç.Amanowyň sapary bilen baglylykda, duşenbe güni howpsuzlyk pudagyna degişli edaralaryň, şol sanda polisiýanyň güýçlendirilen iş tertibinde işländigini habar berdi. Illýustrasiýa suraty

Şu hepdäniň başynda Aşgabatdan Mary welaýatyna duýdansyz toparlaýyn barlagçylar geldi. Bu barlagçylar döwlet we hususy edara-kärhanalaryň tas ählisine aýlanyp, barlaglary geçirýärler. Bu aralykda, Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirligindäki çeşmämiz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowyň sebite iş saparyny amala aşyryp, käbir edaralarda duýdansyz barlaglary geçirendigini habar berýär. Bu barlaglar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň wajypdygyny soňky bir hepdäniň dowamynda iki gezek tekrarlandan birnäçe gün soňa gabat geldi.

Marydaky habarçymyz döwlet we hususy edara-kärhanalaryň ençeme işgärine salgylanyp, olara işde taýýarlyk derejesinde oturmalydygy barada duýduryş berilendigini aýtdy.

"Barlaglaryň çäginde işgärleriň iş ýerine wagtynda gelýändigi, olaryň işe gatnaşyklary, arassaçylyk işleriniň talaba laýyk berjaý edilişi, býujetden goýberilýän serişdeleriň nirä we näçe sarp edilýändigi hem-de ähli dokumentler barlanýar. Şeýle-de, işgärleriň üç arkasyny we olaryň döwlet tarapyndan gurnalýan çärelere öz razylygy bilen gatnaşýandyklary hakyndaky arzalar hem barlanýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran bir býujet işgäri 18-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Berdimuhamedow Internetdäki dürli maglumat çeşmelerini berk çäklendirmegi tabşyrdy

Habarçymyz öz çeşmelerine salgylanyp, barlag geçiriljek edara-kärhanalaryň sanawynda prokuraturanyň bardygyny hem aýtdy.

Şeýle-de, ol barlaglaryň näçe wagt dowam etjeginiň belli däldigini, ýöne edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň aglabasynyň gaty aladaly ýagdaýdadygyny hem sözüne goşdy.

Mundan başga-da, her gün ähli pudak edaralarynda ýygnaklar geçirilýär. Býujet işgärlerinden 80 manat möçberinde pul ýygnalýar.

"Bu ýygnalýan pullar işde goýberilen kemçilikleri protokolda görkezmezlik üçin barlagçylara sowgat hökmünde konwerte salnyp berilýär. Protokolda kiçiräk kemçilikler görkezilip, düýpli kemçilikler para bilen ýapylýar" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Bu aralykda, Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirligindäki çeşmämiz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowyň 17-nji ýanwarda sebite iş saparyny amala aşyryp, käbir edaralarda duýdansyz barlaglary geçirendigini habar berýär.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty Döwlet howpsuzlyk geňeşine tassykladyp ýa inkär etdirip bilmedi. Ýöne çeşmämiz wise-premýeriň sapary bilen baglylykda, duşenbe güni howpsuzlyk pudagyna degişli edaralaryň, şol sanda polisiýanyň güýçlendirilen iş tertibinde işländigini habar berdi.

"Pyýadalaryň geçelgelerinde goşmaça polisiýa ýa-da gollaryna ýaşyl reňkdek sargy daňylan, nobatçy diýlip atlandyrylýan, raýat eşigindäki polisiýa işgärleri ýerleşdirildi. Çatryklarda polisiýanyň sany çäklidi, ýöne şaýollaryň ugrunda we olaryň çatryklarynda goýlan awtoulaglar polisiýa tarapyndan aýyrdyldy" diýip, çeşmämiz Amanowyň 18-nji ýanwarda Mara sapar etmegine garaşylýandygyny hem belledi.

Degişli maglumat Berdimuhamedowyň çykyşyny raýatlar ‘sowuk we nägilelikli’ garşyladylar

Azatlyk bu barlaglar we olaryň sebäpleri barada Mary we Lebap welaýat häkimliklerinden, Polisiýa müdirliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne bu barlaglar prezident Berdimuhamedowyň ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň wajypdygyny soňky bir hepdäniň dowamynda iki gezek tekrarlandan birnäçe gün soňa gabat geldi. Döwlet baştutany bu baradaky çykyşlaryny 12-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde we 14-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde etdi.

"Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň, olaryň işine sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna bu babatda anyk görkezmeleri berdi" diýip, TDH belleýär, ýöne görkezmeleriň jikme-jiklerini aýdyňlaşdyrmady.

Mundan ozal, Berdimuhamedow ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginden sebit döwletlerinde bolup geçýän harby, syýasy we howpsuzlyk ýagdaýlarynyň yzygiderli öwrenilmegini we olaryň Türkmenistana ýetirip biljek täsirleriniň seljerilmegini talap etdi. Şeýle-de, döwlet baştutany Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyrdy.

Degişli maglumat Aşgabatdan Mara duýdansyz barlagçylar geldi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.