Orta mekdeplerde sapaklar "karantin okuw tertibinde" geçilip başlandy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde iki hepdä golaý dowam eden gyşky dynç alyş günlerinden soňra, 13-nji ýanwarda sapaklar gaýtadan "karantin okuw tertibinde" geçilip başlandy. Mekdep mugallymlary indi iki ýyl töweregi wagt bäri çylşyrymlaşdyrylan iş tertibinde işleýändiklerini aýdyp, özlerine hiç hili kompensasiýa berilmeýändiginden şikaýat edýärler. Bu barada "Turkmen.news" neşiri 13-nji ýanwarda habar berdi.