Berdimuhamedowyň çykyşyny raýatlar ‘sowuk we nägilelikli’ garşyladylar

Türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy ýurtda bolup geçýän heläkçilikler, şol sanda weýrançylykly tebigy hadysalar barada hem ilata maglumat bermegiň deregine, adatça dymmagy saýlap alýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtdaky onsuz hem berk gözegçilikde saklanýan internet üpjünçiligini hasam çäklendirmek baradaky tabşyrygy, şeýle-de geçen ýylyň dowamynda bolan adam pidaly heläkçilikli hadysalaryň käbirini açyk boýun almagy – Azatlyga gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa – ilat arasynda nägilelik bilen garşylandy.

Ýatlatsak, Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Milli howpsuzlyk ministrliginden Internet ulgamynda “ýurduň konstitusion gurluşyna, jemgyýete garşy hakykaty ýoýýan, terrorçylygy, ekstremizmi, milletçiligi we beýleki bikanun hereketleri wagyz edýän” diýip häsiýetlendiren Internet çeşmelerini ýüze çykarmagy we ýurduň içinde olary çäklendirmek işlerini kämilleşdirmegi talap edipdi.

Degişli maglumat Berdimuhamedow Internetdäki dürli maglumat çeşmelerini berk çäklendirmegi tabşyrdy

Azatlygyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolan raýatlar munuň has köp eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykan ýakynlary bilen habarlaşmak mümkinçiliklerine ýaramaz täsir ýetirip biljeginden howatyrlanýandyklaryny aýdýarlar. Türkmenistanda iri sosial torlar, ýurt barada habar berýän garaşsyz habar saýtlary bilen birlikde, WhatsApp, Telegram ýaly messenjerler hem ençeme ýyldan bäri petikli saklanýar.

“Lebabyň ilaty [Berdimuhamedowyň çykyşyny] sowuk garşylady. Internetiň onsuz hem dowamly çäklendirilýändigi, onuň tizliginiň juda pesdigi hiç kime syr däl. Diktator ne daşarda galan maşgala agzalarymyzy ýurda getirýär, ne-de daşary çykjagy ýurtdan goýberýär. Ärini, çagalaryny üç ýyldan hem köp wagt görmedik maşgalalar bar. Indi häkimiýetleriň asla-da gatnaşygymyzy kesjek bolýana meňzeýär. Bu mesele Türkmenabatda, Farapda adamlaryň ikiçäk gürrüňdeşliginde has gyzgalaňly maslahat edilýär. Ozal syýasatdan daşda duranlar hem närazylyklaryny dile getirip başladylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan Farabyň ýaşaýjysy 14-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň ýene biri Berdimuhamedowyň çykyşynyň türkmenistanlylarda “uly täsir” galdyrandygyny aýtdy.

“Berdimuhamedowyň internedi mundan beter hem çäklendirme astyna almaklygy buýurmagy [Lebabyň] Hojambaz, Halaç, Döwletli ýaly daş aralykda ýerleşýän we şonsuzam internedi pes işleýän etraplaryň ýaşaýjylarynda iki -çäk gürrüňdeşlikde uly nägilelik döretdi. Sebäbi, daşary ýurtlarda zähmet çekýän ýa okuwda okaýan hossarlary bilen öňem oňaýly bir aragatnaşyk saklap bilmedik lebaplylar indi ol ýoluňam "üzňelige siňmeginden" howatyrdalygyny bellediler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply söhbetdeşimiz 13-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Bellesek, Berdimuhamedow ýygnagyň dowamynda daşary ýurda gidýän türkmenistanly raýatlaryň daşary ýurt gulluklarynyň, syýasy-ekstremistik we radikal dini toparlaryň täsirine düşmekden goralmagyny hem tabşyrypdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda ýol hadysasynda ölen harby gullukçylaryň sany 30-dan aşdy

Azatlygyň söhbetdeşi prezidentiň geçen ýylda harby ulag bilen bagly heläkçilikli ýol hadysasyny, Lebapda Täze ýyl gijesi ýasama petardanyň patlamagy netijesinde ýüze çykan adam pidaly ýagdaýy we Ahalda dikuçaryň heläkçilige uçramagyny hem boýun almagynyň “bir giden soraglary we şübheleri hem ýüze çykarandygyny” aýtdy. Gepiň gerdişine bellesek, türkmen häkimiýetleri Azatlyk Radiosynyň ozal habar beren bu ýagdaýlaryny şu wagta çenli ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edipdiler.

“Prezident Çärjew etrabynda ýasama pirotehnikasyndan adam pidalarynyň ýüze çykanyny ýa bolmasa geçen ýylda harby esgerleriň ýol heläkçiliginde wepat bolanyny aýtdy. Ýöne lebaply ildeşlerimiz gürrüňdeşlikde "näme üçin prezident şol tragediýalar bolup geçen mahaly halka ýüzlenmedi ýa-da jebir çekenlere duýgudaşlyk bildirmedi? " diýip, sorag berýärler. Şeýle hem, lebaply ýaşaýjylar prezidentiň problemalary diňe saýlama görnüşde boýun alanyndan we hat-da boýun alnan problemalar boýunça-da özüniň Konstitusiýanyň kepili hökmünde çekýän jogapkärçiligi hakynda kelam agyz söz açmanyndan nägilediklerini aýtdylar” diýip, söhbetdeşimiz gürrüňdeş bolan raýatlaryň garaýyşlaryny ýetirdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda bolan harby dikuçar heläkçiliginde üç serhetçi öldi

Bellemeli bolsa, türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy ýurtda bolup geçýän heläkçilikler, şol sanda weýrançylykly tebigy hadysalar barada hem ilata maglumat bermegiň deregine, adatça dymmagy saýlap alýarlar.

Berdimuhamedowyň 12-nji ýanwardaky çykyşy goňşy Gazagystanda ilatyň ýangyç bahalarynyň ýokarlanmagyna garşy protest geçirip, munuň soňy zorluk bilen utgaşandan soňra, gazak ýolbaşçylarynyň ganly gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin, Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň harby güýçlerini ýurda çagyrmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.