Maryly pensioner Bagtygül ene (ady üýtgedildi), Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň we azyk ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda, alýan pensiýasy ýetmän, dilegçilik etmäge mejbur bolýan pensioner eneleriniň diňe biri. Ol Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna soňky ýyllarda maşgalasynyň agyr güne düşendigini gürrüň berdi.
Marydaky habarçymyz soňky aýlarda uly ýaşly adamlar bilen bir hatarda, dilegçilik edýän eneleriň we çagalaryň köpelendigini aýdyp, şeýle güne düşen pensioner eneleriň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Olar öz hal-ýagdaýlarynyň ýyl-ýyldan kynlaşandygyny we munuň ahyr-soňy özlerini hojalyklara aýlanyp, dilegçilik etmäge mejbur edendigini gürrüň berdiler.
Bagtygül ene özüniň 2017-nji ýyla çenli adamysy, üç ogly we olaryň gelinleri hem-de çagalary bilen bile bir jaýda ýaşandyklaryny we hojalyga gelen maddy girdejä laýyklykda, bir saçakdan naharlanandyklaryny aýdýar. Ol munuň sebäplerini täze jaý we mellek bahalarynyň aşa gymmatdygy we öz maşgalasynyň olary satyn almaga maddy mümkinçiliginiň ýokdugy bilen düşündirýär.
Degişli maglumat Ykdysady krizis: "Biz mundan öň beýdip kese ýol gözläris öýtmändik"Ýöne ol wagtyň geçmegi bilen, bu ýagdaýyň gelinleriň arasynda dawa-jenjelleriň döremegine sebäp bolandygyny we 2017-nji ýylda körpe gelniniň öýden çykyp, öz ene-atasynyň öýüne gidendigini aýtdy.
"Körpe gelnimiň ýanyna baryp, "yzyňa dolan, iki sany suw ýaly çagaňy köseme" diýdim. Ol maňa: "Daýza, men siziň bilen bir hojalykdan girip-çykjak däl. Bizi göçürip bilmeseň, biz kwartirant çykjak, diňe şol sert bilen dolanaryn" diýdi. Men iki sany agtyjagymyň hatyrasyna razylaşdym. Körpe oglum kwartirant çykyp gitdi" diýip, Bagtygül ene aýtdy.
Ol şol ýyly Aşgabatdaky hususy gurluşyk firmalarynyň birinde işlän uly oglunyň beýik binanyň ýokarsyndan aşak ýykylyp, oňurgasyna zyýan ýetirendigini we aradan birnäçe gün geçensoň ýogalandygyny hem gürrüň berdi.
"Aradan köp wagt geçmänkä adamym hem aradan çykdy. Şeýdip, uly gelnim we men dul galdyk" diýip, pensioner ene belledi.
Ol şondan soňra ortanjy oglunyň hojalygy, ýagny öz gelnini we çagalaryny, uly erkek doganynyň maşgalasyny eklemeli bolandygyny hem aýdyp, onuň kakasynyň kyrky geçensoň, Türkiýä işlemäge gidendigini belledi.
"Oglum 2018-nji ýylyň ortalaryna çenli bir az pul ugratdy. Soň pul ugratmasyny bes etdi we ondan habar-hatyr bolmady. Men biynjalyk bolup, onuň tanyş we dost oglanlary bilen habarlaşdym. Meniň oglumyň agzyna ajy degipdir. Şondan soň ondan hiç hili habar bolmady. Häzir onuň dirimi ýa ölüdigini hem bilmeýärin. Soňra Türkiýede türmede otyrmyş diýen gürrüň gulagyma degdi. Ýöne çynmy ýa ýalanmy bilmedim. Onuň ady Mergen" diýip, Bagtygül ene aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 2019-njy ýylda onuň körpe ogly ogurlykda aýyplanyp, türmä basylýar. Şondan soňra ol körpe gelnini öz ýanyna göçürmäge synanyşandygyny, ýöne onuň "daýza, indi meni idäp gelme" diýip, jogap berendigini aýtdy.
Degişli maglumat "Özüňizi oňarmaýan bolsaňyz öläýiň": Garyplyk sebäpli dilegçilik etmäge mejbur bolan adamyň kyssasy"2021-nji ýylda türmedäki körpe oglum birinji gezek jaň etdi. Men şonda oňa gelniň ýanyna bardy diýdim welin, oglum maňa "ol meniň üçin indi öldi, ony ýatdan çykaryň, meniň ýanymda adyny tutmaň" diýip jogap berdi. Kim bilýär olaryň arasynda nämeler boldy. Soňra oglum maňa "ejemjan, türmede açlyk çekýäris, iň bolmanda yzymdan çörek getiräýiň" diýdi. Men bu nähili hökümet diýip, geň galdym. Ekläp bilmese, öý tussaglygynda goýsa bolmaýarmy?! Men ilki goňşularymyzdan kömek sorap, oglumyň yzyndan çörek eltdim. Ýöne häzir ýurtda tas hemme adamyň hal-ýagdaýy kynlaşdy" diýip, pensioner ene gije-gündiz iki oglunyň aladasyny edýändigini hem sözüne goşdy.
Ol iki gelniniň indi ençeme wagt bäri iş tapyp bilmeýändigini, şol sebäpli özüniň, gelinleriniň we bäş agtygynyň özüne berilýän pensiýa garaşlydygyny, ýöne munuň hojalygy dolandyrmaga ýetmeýändigini aýdyp, şeýle diýdi:
"Men agtyjaklarym üçin dilegçilik etmäge mejbur boldum. Her baran ýerim bir süýji berse-de, olaryň birneme garynjygy doýýar. Ýaňy bir hojalyga bardyk. Olar bize iki sany alma berdi. Agtygym, "ene, sumkaňa sal. Öýde doganlarym bilen paýlaşyp iýeris" diýdi" diýip, pensioner ene aýtdy.
Soňky ýyllarda Türkmenistan öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Bu kynçylyklar pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşdi we sosial problemalaryň möwjemegine getirdi. Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, ýurtda dilegçiler, zibil dörýänler, ten söwdasy bilen meşgullanýanlar we öýsüz raýatlar köpelýär. Ogurlyk, talaňçylyk we adam öldürmek ýaly jenaýatlar hem artýar.
Degişli maglumat Farabyň polisiýasy häkimligiň öňünde üýşen adamlary "gozgalaň etmekde aýyplady"Türkmen hökümeti ykdysady krizisi, barha ýitileşýän sosial problemalary aç-açan boýun almaýar.
Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz awtobus duralgasynda gaharly we aglap oturan bir gartaşan aýala duşandygyny habar berýär. Ol özüniň onuň ahwaly bilen gyzyklanandygyny we oňa 27 ýyl iş stažyndan soňra 300 manat pensiýa bellenendigini anyklandygyny aýtdy.
"Men sosial üpjünçilik edarasynda näme üçin 300 manat pensiýa berilýändigini soranymda, bu ýerdäki işgärler maňa "täze pensiýa çykýan raýatlara iň pes pensiýa hakyny bellemek barada ýokardan buýrugyň bardygyny" aýtdylar" diýip, habarçy pensioner zenanyň sözlerini sitirledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 8-nji oktýabrynda gol çeken permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ýurtda pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 410 manat möçberde bellemeli edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.