Marynyň döwlet dükanlarynda çörek satylmaýar

Çörek nobatynda duran türkmenistanlylar. Arhiw suraty

Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda ilatyň çörek üpjünçiligi bilen bagly problema barha ýitileşýär. Şu ýylyň başyndan bäri döwlet dükanlarynyň tas ählisinde çörek satuwa çykarylmaýar. Ilat çörek gözläp, her gün daň atmanka, garaňkyda döwlet dükanlaryna aýlanýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berýär.

"Mary şäheriniň we Baýramaly etrabynyň döwlet dükanlarynyň tas hiç birinde arzan nyrhdan azyk satylmaýar. Adamlar "diňe çörek bolsa bolýar" diýip, birek-birek bilen jaňlaşyp, "şu ýyla geçip, haýsydyr bir döwlet dükanynyň çörek satandygyny eşitdiňizmi? Eger kimdir birinden bir ýerde satylypdyr diýip eşiden bolsaňyz bize-de aýdyň" diýip aýdýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 11-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabatda çörek nobatlary uzaýar, subsidirlenen bahalar ýatyrylýar

Habarçymyz şu günler Mary Gres şäherçesindäki döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň daňdan garaňkyda nobata durup başlaýandygyny, ýöne çöregiň satuwa çykarylmaýandygyny hem habar berýär.

"Adamlar edil çüýlenen ýaly bolup nobata durýarlar. Nobata duran adamlary ilki polisiýa işgärleri kowýar, ýöne olar bir salymdan ýene üýşýär. Şondan soňra-da dükan satyjysy çykyp, arzan bahadan hiç bir azygyň ýokdugyny aýdyp, adamlary dükanyň töwereginden kowýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, ýaşaýjylar Türkmenistanyň hökümet başlygynyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow welaýata gelip gidensoň, çöregiň we beýleki azyk harytlarynyň has-da gymmatlamagyndan hem şikaýat edýärler.

"Mundan öň döwlet dükanlarynda 3 manatdan satylýan çörek 4 manat boldy. Şeýle-de, olaryň göwrümi has-da kiçeldi. Serdaryň aýagy düşmedi. Häzir bu çörek hem satylmaýar. Ýöne ol satuwda bolsa-da, ondan 1-2 sany alanyň bilen, hojalygyň ýa çagaň garny doýmaýar" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Türkmenistanda çörek we un satyn almak meselesi ýylyň başyndan bäri has-da kynlaşdy. Azatlygyň habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä, welaýatlardaky döwlet dükanlarynyň aglabasynda çörek tapdyrmaýan mahaly, paýtagt Aşgabatda çörek nobatlary günsaýyn artýar. Köp adamlar nobatda dursalar-da, çörek satyn alyp bilmän gidýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda çörek ýetmezçiligi barha agyrlaşýar, goşmaça çörek satyn alan raýatlar yzarlanýar

5-nji ýanwarda Aşgabatdaky habarçylarymyz döwlet dükanlaryndan goşmaça çörek satyn alan raýatlaryň yzarlanýandygyny we olara pul jerimesiniň salynýandygyny habar berdiler. Habarçylarymyz häkimiýetleriň şeýdip azyk ýetmezçiligine garşy göreşýändigini hem aýtdylar.

Türkmenistanda dört ýyldan gowrak wagt bäri ilat çörek we un ýaly esasy azyk önümlerini satyn almakda uly kösençlikleri başdan geçirýär, uzyn nobatlarda durmaga mejbur bolýar. Bu ýagdaý azyk önümleriniň, şol sanda unuň we çöregiň hususyýetçilerdäki bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň arasynda bolup geçýär.

Hökümet ilaty resmi taýdan habarly etmezden, subsidirlenen bahadan satýan azyk paýlarynyň möçberini azaldýarka ýa-da doly ýatyrýarka, çörek ýurt ilatynyň gitdigiçe has uly bölegi üçin esasy iýmit bolýar.

Türkmen hökümeti ýurduň her ýyl galla hasylynyň 1 million 400 müň tonna barabardygyny we ýurtda "azyk howpsuzlygynyň döredilendigini" öňe sürýär. Ýöne ilatyň çörek we un ýeter-ýetmezçiligi barada hiç zat aýtmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.