Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çörek nobatlary uzaýar, subsidirlenen bahalar ýatyrylýar


Maşgala dükandan gaýdyp gelýär. Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Maşgala dükandan gaýdyp gelýär. Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ilatyň un we çörek bilen üpjünçiligi meselesi ýitileşýär. Paýtagtda azyk dükanlarynyň öňünde irden çörek satyn aljak bolýanlaryň nobatlary uzaýar, ýöne çörek hemmä ýetmeýär. Hökümet ilaty resmi taýdan habarly etmezden, subsidirlenen bahadan satýan azyk paýlaryny azaldyp-ýatyrýarka, çörek ýurduň ilatynyň gitdigiçe has uly bölegi üçin esasy iýmit bolýar.

Türkmenistanda çörek we un satyn almak meselesi ýylyň başyndan bäri hasam kynlaşdy. Azatlygyň habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä, Aşgabatda dükanlaryň öňünde çörek nobatlary günsaýyn artýar. Köp adamlar nobatda dursalar-da, çörek satyn alyp bilmän gidýär.

Çörek köpler üçin esasy azyga, käbir maşgalalarda bolsa tas ýeke-täk iýmite öwrülýär.

Azatlyk bilen adyny agzamazlyk şertinde gürleşen bir ýaşaýjy: "Köp adam esasan çörek iýýär. Çörek bilen çaý, ýa-da çörege margarin çalyp iýýär. Başga önümler elýeterli däl, Türkmenistanda berilýän aýlyk oňa ýetmeýär" - diýip, gürrüň berdi.

Ýylyň başyndan bäri ýagdaý has erbetleşdi. Paýtagtda çörek nobatlary irden başlaýar. Habarçylar nobatlarda adam sanynyň köpelendigini, köpçülige çöregiň ýetmeýändigini aýdýarlar.

Bu aralykda, ýylyň başyndan bäri subsidirlenen bahalardan ilata satylýan azyk paýlaryndaky önümleriň sany we görnüşleri esli azaldy.

Azatlygyň habarçysy indi azyk paýlarynda diňe iki sany towuk budunyň we ýumurtganyň galandygyny, satyjylaryň munuň tutuş bir aý üçin berilýändigini duýdurandygyny 9-njy ýanwarda habar berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, azyk paýy soňky gezek berlende, ilata dükanlara we Söwda ministrligine ýüz tutmazlyk we subsidirlenen azygyň indiki gezek haçan boljakdygyny soramazlyk barada duýduryş berlipdir. Şeýle hem fewral aýyndan towuk budlarynyň we ýumurtganyň arzan bahadan satylmagynyň bes ediljegi aýdylypdyr.

Subsidirlenen bahalardan satylýan önümleriň sany dekabryň ahyrynda azaldyldy we azyk paýlaryna girýän ösümlik ýagy we şeker täjirçilik bahasyndan, ýagny subsidirlenen bahadan iki esse gymmat satyldy.

Bu aralykda, “Turkmen.news” garaşsyz neşiri subsidirlenen azyk önümleriniň öýlere eltilip satylmagynyň ýatyrylandygyny habar berdi. Neşiriň bellemegine görä, döwlet dükanlaryndaky we hususy söwda nokatlaryndaky bahalar indi deňleşipdir.

Aşgabat şäheriniň käbir ýaşaýjylaryna paýoklaryň ýatyrylmagy barada öý dolandyryş edaralary habar beripdir. Paýtagtyň beýleki ýaşaýjylary azyk paýlaryny satyn almak mümkinçiliginiň bardygyny, ýöne onuň bahasy bazardaky azyk önümleriniň bahasyna deň bolany üçin munuň manysynyň ýokdugyny aýdypdyr. Türkmenabatdaky çeşmeler paýoklaryň bahalarynyň bazar bahalaryndan has ýokarydygyny aýdypdyr. Bu barada "Turkmen.news" neşirniň 7-nji ýanwarda çap eden habarynda aýdylýar.

Iýmit paýlaryny subsidirlenen bahalardan öýlere eltip satmak düzgüni diňe Aşgabatda amala aşyryldy. Bu düzgün maý aýynda prezidentiň ogly wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň dükanlardaky nobatlaryň kakasynyň abraýyna zyýan edýändigini aýdansoň ýola goýlupdy. Türkmenistanyň galan ýerlerinde adamlar çörek, un we ösümlik ýagyny bazar bahasyndan arzan bolan subsidirlenen bahadan satyn almak üçin uly nobatlarda durmaly boldular. Sebit merkezlerinde önümleriň sany soňky aýlarda ep-esli azaldy. Etraplarda subsidirlenen önümler birnäçe aýlap satylmady.

Bu aralykda ýurtda täjirçilik bahalarynyň ýokarlanmagy dowam etdi.

“Turkmen.news” döwlet dükanlaryndaky önümleriň kesgitlenen bahasy bilen bazar bahalarynyň arasyndaky düýpli tapawudyň, esasanam, türkmen häkimiýetleriniň walýuta çalyşygy babatyndaky berk syýasaty bilen düşündirilýändigini belleýär. Aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň möçberi we halkyň ýaşaýyş üçin çykdajylarynyň mukdary resmi walýuta hümmetinde hasaplanýar, şonuň üçin raýatlaryň köpüsi bazarlarda azyk satyn alyp bilmeýär diýip, neşir belleýär.

Türkmenistanyň Merkezi Banky 7 ýyl bäri resmi manatyň bahasyny bir amerikan dollaryna garanda 3,5 manat derejesinde saklaýar, gara bazarda walýutanyň hümmeti alty esse ýokary. Dollaryň gara bazarda soňky gymmatlamagy täze ýylyň başynda ýüze çykdy.

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň prezidenti 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10% ýokarlandyrmak barada karara gol çekdi. Resmi karara görä, ortaça aýlyk 1010 manada, iň pes pensiýa 410 manada we döwlet kömek pullary 390 manat derejesinde bolmaly.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG