Russiýa 1922-nji ýyla esasan harby ýagdaýlar düzgüni şertlerinde gowşan hökümet dolandyryşy, ýurtda heniz hem dowam edýän raýat urşy, Wolga sebitine ýaýraýan açlyk bilen gadam basdy, ýurduň käbir künjekleri heniz hem daşary ýurt interwensiýa güýçleriniň golastynda galýardy, ýurt halkara derejesinde üzňeleşipdi.
Ýöne bolşewikler ýylyň ahyryna çenli Oktýabr rewolýusiýasy diýlip bilinýän döwlet agdarylyşygynyň bäşinji ýyl dönümini belledi, ak monarhiýaçylar we kapitalist güýçler atlandyrylýanlara garşy dowam edýän raýat urşuny soňlandyrdy, daşary ýurt güýçlerini tas doly diýen ýaly yza serpikdirdi, hem-de özüniň ilkinji halkara parahatçylyk ylalaşygyny Germaniýa bilen baglaşdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
1922-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Russiýa, Ukraina, Belarus we Transkawkaz Respublikasynyň sowet hökümetleriniň wekilleri Moskwada täze döwletiň, aradan iki nesil soňra global güýje öwrüljek Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzynyň döredilýändigini yglan etdiler.
Ýöne aradan bir asyr soň açyk-aýdyň görnüşi ýaly, 1922-nji ýyl rus halky üçin hem-de goňşy ýurtlaryň halklary üçin ykbal kesgitleýji ýyl boldy. Ýurt 1922-nji ýylda öz geçmişi bilen arany aýgytly açdy. Syýasat, daşary gatnaşyklar we medeniýet babatda ýagdaýlar özgerdi, onlarça ýyl dowam etjek totalitar zulmuň düýbi tutuldy.
Sowet Soýuzynyň dargamagyny “geopolotiki betbagtçylyk” atlandyran rus prezidenti Wladimir Putiniň we beýlekileriň, ahmal, ýatlamazlygy saýlap aljak wakalarynyň ýüzýyllygy şu ýyl bellenip geçiler.
“Sosiopatyň” wezipä gelişi
“Şu ýyl biz öz tagallalarymyzy sosialist gurluşyň hakyky, anyk we esasy wezipelerine bagş etmek mümkiçiligine eýe bolduk” diýip, rewolýusiýaçy lider we sowetleriň esaslandyryjysy Wladimir Lenin 1922-nji ýylyň 2-nji aprelinde Bolşewik partiýasynyň Moskwada geçirilen 11-nji maslahatynda eden çykyşynda aýtdy. Leniniň bu çykyşy onuň ykdysady maksatnamalaryna gönükdirildi.
“Biz geçen bir ýylyň dowamynda özümiziň ykdysadyýeti dolandyryp bilmeýändigimizi aýdyň görkezdik” diýip, Lenin boýun aldy. “Biz öňümizdäki ýyl munuň beýle däldigini ýa subut ederis, ýa-da sowetler öz häkimiýetini dowam etdirip bilmez” diýip, ol aýtdy.
Ýöne yza ser salynsa, maslahatda kabul edilen iň çynlakaý karar din ruhanylaryny taýýarlaýan mekdebiň öňki okuwçysy, soňra rewolýusiýaçy bolan 43 ýaşly Iosif Staliniň partiýanyň baş sekretary wezipesine bellenmegi boldy.
“Bu rus rewolýusiýasynyň, aslynda tutuş 20-nji asyryň, iň ykbal kesgitleýji pursatlarynyň biri boldy” diýip, medeni taryhy öwreniji Kewin Jekson (Kevin Jackson) özüniň 2012-nji ýylda çap eden 'Zehinler toplumy: 1922 – Modernizmiň birinji ýyly' (Constellation Of Genius: 1922 Modernism Year One) atly kitabynda ýazýar.
Staliniň bellenen täze wezipesi onuň öňdäki ýyllarda ele geçirjek absolýut häkimiýetinden uzakda bolsa-da, bu wezipe oňa ýurda agalyk edýän nomenklatura gözegçilik etmäge mümkinçilik berdi.
Lenin soňra Stalini baş sekretar wezipesine bellemek barada kabul eden kararyna puşman etdi, ýöne ol şondan iki ýyldan hem az wagtyň içinde aradan çykdy.
1921-nji ýylda onsuz hem saglyk ýagdaýy ýaramazlaşan Lenin ilkinji gezek 1922-nji ýylyň maýynda, ikinji gezek şol ýylyň dekabrynda insult geçirdi. Şonda Stalin Leniniň saglyk idegini we Lenin bilen görüşmäge hukugy bolan adamlaryň gözegçiligini öz eline aldy. Lenin 1922-nji ýylyň ahyrlarynda we täze ýylyň başlarynda galdyran wesýetinde öz ýoldaşlaryna “Stalini wezipeden aýyrmagyň ugruny tapmagy” ündew etdi
Leniniň Stalini wezipeden aýyrmak barada eden çagyryşy onuň öz galdyran iň soňky wesýetinde eden ýeke-täk anyk teklibi boldy.
“Bu ýagdaýyň ähmiýetsiz detal ýaly bolup görünmegi mümkin...ýöne bu detalyň aýgytly ähmiýeti bar” diýip, ol öz galdyran wesýetinde aýtdy.
“Stalin sosiopatdy” diýip, Prinston uniwersitetiniň professory we Staliniň terjimehalyny ýazan Stefen Kotkin (Stephen Kotkin) 2017-nji ýylda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
“Has guramaçylykly” terror
Bütinrussiýa Adatdan daşary ýagdaýlar komissiýasy (ÇK) 1922-nji ýylyň 2-nji fewralynda Içeri işler halk komissarlygynyň (NKWD) Döwlet syýasy uprawleniýesi (GPU) boldy.
Rehimsiz Feliks Dzeržinskiýniň ýolbaşçylygynda ÇK-nyň gizlin polisiýasy Leniniň 1918-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen “Gyzyl terror” syýasatyny durmuşa geçirip başlady.
“Biz bir adama garşy göreşemzok” diýip, bolşewik rewolýusiýaçysy we ÇK ofiseri Martin Latsis 1918-nji ýylyň noýabrynda Gyzyl terror žurnalynda ýazdy. “Biz tutuş buržuaz gatlagy ýok edýäris... Bu Gyzyl terroryň özenidir” diýip, ol aýtdy.
Göräýmäge, ÇK-ny Döwlet syýasy edarasyna öwürmeklik durnukly döwlet institutlaryny döretmek we pudaklara syýasy gözegçiligi üpjün etmek tagallalarynyň bir bölegi bolmalydy. Ýöne, muňa garamazdan, pajarlaýan býurokratiýa baradaky şikaýatlar şeýle bir giň ýaýrapdy welin, bu ýagdaý, Wladimir Maýakowskiýniň 1922-nji ýylda ýazan “Oturanlar” (Прозаседавшихся) goşgusyndan başlap, sowet satira žanryny tutuşlygyna gurşap aldy.
ÇK-nyň täzeden guramalaşdyrylmagy Gyzyl terroryň jylawyny çekmelidi. Ýöne, tersine, bu iň gözçykgynç tejribeleri, şol sanda syýasy garşydaşlaryň matlaply yzarlanmagyny kada öwürdi.
“ÇK Döwlet syýasy uprawleniýesi (GPU) boldy. Munuň bilen bu edara belli bir derejede syýasy gözegçilik astyna alyndy. Bu, terroryň gowşamalydygyny aňladýardy” diýip, sankt-peterburgly taryhçy Boris Kolonskiý 2021-nji ýylda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda aýtdy. “Ýöne, munuň tersine, terror has-da guramalaşdy” diýip, ol belledi.
“Olar 1922-nji ýylda Sosial rewolýusionerleriň diňlenişigini geçirdi” diýip, Kolonskiý bolşewikleriň aman galan iň esasy syýasy garşydaş toparyny göz öňünde tutup, gürrüň berdi. “Bolşewik partiýasynyň öz içinde erkin diskusiýanyň hem-de bölünişikleriň çäklendirilmegi nurbatlary towlan iň berk çäreleriň biri boldy” diýip, ol belledi.
Raýat urşy döwründe ak gwardiýaçylaryň döreden howpy egsilensoň, täze düzüm içerik ünsi gönükdirip başlady. Bu reforma kazyýet karary bolmazdan ÇK-nyň adamlary jezalandyrmak ygtyýarlyklarynyň wagtlaýyn ýatyrylýandygyny aňladýardy, ýöne Döwlet syýasy uprawleniýesi (GPU) syýasy we ykdysady “duşmanlary” Sibire we Uzak demirgazyga sürgüne ibermek tejribesini tiz wagtda giňeldip başlady.
Gulag ulgamyna öwrülen ilkinji lager 1923-njy ýylda Solowetskiý adalarynda açyldy.
Şondan bir ýyl soň, Döwlet syýasy edarasynyň agentlerine “belli-belli şertlerde” adamlary jezalandyrmak ygtyýarlygy gaýdyp berildi.
“Jomart ýardam... Elhenç betbagtçylyk”
Russiýada we dünýäde 1922-nji ýylda bolan iň elhenç waka, gürrüňsiz, tutuş Wolga sebitinde dowam edýän açlyk boldy. Orta asyrdan bäri Ýewropada bolan iň aýylganç harby däl tragediýa hasaplanýan açlykda azyndan 5 million adamyň ölendigi çak edilýär.
“1921-1922-nji ýyllarda kän adam, gaty köp adam aýylganç açlygyň pidasy boldy” diýip, rus taryhçysy Wiktor Kondraşin sentýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy. “Bu, hem açlykdan ölen adamlaryň sany babatynda, hem-de açlykdan ejir çeken sebitlerdäki adamlaryň sany boýunça 17-nji asyryň başlaryndaky Bela-beter döwrüniň açlygyny ýatlatdy” diýip, ol aýtdy.
Açlyga bir topar harasatly hadysalar, şol sanda onsuz hem Raýat urşundan we I Jahan urşundan ejir çeken ýurda aralaşan gurakçylyk sebäp boldy. Üstesine, ak gwardiýaçylar tarapyndan Ukrainada we Sibirde azyk önümlerini öndürýän sebitlere girmekden mahrum edilen bolşewikler adamkärçiliksiz çemeleşmeler bilen sebitlerde adamlardan galla talap edip başlady.
“Aýylganç faktlar hasaba alyndy” diýip, Kondraşin aýdýar. “Kannibalizm, köpçülikleýin mazarlar, hem-de açlyk sebäpli tutuş maşgalalaryň öz janlaryna kast etmegi ýaly hadysalar” diýip, ol aýdýar.
1918-nji ýylda Lenin azyk önümlerini talap etmek üçin Stalini günorta Tsarytsin şäherine iberdi. Bu şäher soňra Stalingrad, häzir Wolgograd atlandyryldy. Lenin Staline rehimsiz bolmagy buýruk berdi.
“Arkaýyn bol, elimiz sandyramaz” diýip, Stalin jogap berdi. “Biz hiç kime rehim etmeris” diýip, ol aýtdy.
1921-nji ýylyň iýulynda ýazyjy Maksim Gorkiý açlyk zerarly ýardama mätäç “ähli akýürek adamlaryň” adyndan ýüzlenme ýazdy. Bu ýüzlenme Birleşen Ştatlaryň söwda sekretary Herbert Huwere gowşuryldy. Huwer, sowet hökümeti resmi taýdan kömek haýyş etse, hem-de ýardamlaryň ABŞ-nyň bolşewik hökümetini ykrar etmegi hökmünde kabul edilmezligi şerti bilen, Russiýada özüniň “Amerikan ýardam maksatnamasyny” döretmäge taýýardygyny aýdyp, jogap hatyny ýazdy.
Bu teklip Birleşen Ştatlarda ýiti jedel döretdi, köpsanly sagçy Russiýadaky açlygyň bolşewizmiň soňuny getirip biljekdigini öňe sürdi. Ýöne Huwer “biz rus halky bilen häkimiýeti ele geçiren topary biri-birinden tapawutlandyrmaly” diýdi.
2019-njy ýylda Duglas Smit tarapyndan ýazylan “Rus işi: Amerikanyň Russiýany harabaçylykdan halas edişiniň unudylan hekaýasy” atly monografa görä, Sowet hökümetinde köpler, hususan-da arabozar Leon Trotskiý, bu ýardamyň yz ýany Russiýada amerikan biznesiniň we banklarynyň açylyp başlamagyndan howatyr edip, bu plana garşy çykdy.
Ýöne, şonda-da, sowetler Huweriň şertlerini dessine kabul etdi. 1921-nji ýylyň awgustynda ylalaşyk baglaşyldy we ABŞ-nyň Kongresi bu maksatnama üçin 20 million dollar möçberinde maliýe serişdesini bölüp berdi. Rus hökümetiniň 18 million dollar möçberindäki goşandyny hem-de özbaşdak haýyr-sahawatçylary hasaba goşanyňda, Huwer ýardam tagallalary üçin 78 million dollar töweregi pul serişdesini toplady.
1922-nji ýylda Amerikan kömek gullugy azyndan 768 million tonnalyk azyk önümlerini getirip, her günde 10 million adamyň garnyny doýurýardy. Şeýle-de, bu maksatnamanyň çäginde açlykdan ejir çeken sebitlerde 125 müň russiýaly iş bilen üpjün edildi. Bu maksatnamanyň üsti bilen 16 müň keselhana ýardam iberildi, her günde ýarym milliondan gowrak adam saglyk bejergisini kabul edýärdi. Bu taslama arassaçylyk şertlerini gowulandyrdy, sebitde holera we beýleki keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni aldy. Şeýle-de, bu ýardamlaryň çäginde 1922-nji we 1923-nji ýyllarda müňlerçe tonnalyk galla tohumlary Russiýa getirildi, tohum ýardamlary soňy bilen sowet hökümetiniň eksport girdejilerine goşant goşdy.
“Rus halky we hökümeti elhenç betbagtçylyk döwründe özlerine edilen jomart ýardamlary asla unutmaz” diýip, açlykdan halas ediş gullugynyň başlygynyň orunbasary, bolşewik lider Lew Kamenew “Amerikan ýardam maksatnamasynyň” wekili William Haskelle ýazan hatynda belleýär.
1923-nji ýylyň fewralynda "Amerikan ýardam maksatnamasy" heniz hem 8 million orsýetliniň açlykdan ejir çekýändigini we ýardama mätäçdigini çaklady, sowet hökümeti bolsa galla eskportyny dowam etdirmek meýilnamalaryny yglan etdi.
Mart aýynda sowet hökümeti kilise emläginiň döwlet haýryna geçirilmegine garşy parahatçylyk protestlerini geçiren onlarça prawoslaw din ruhanysyny we bir katolik dinçini, Konstantin Budkewiçi, jogapkärçilige çekensoň, Günbataryň “Amerikan ýardam gullugy – Russiýa” maksatnamsyna bildirýän goldawy gowşady. Günä bildirilýänleriň Budkewiçden galany uzak möhetli türme tussaglygyna höküm edildi. Budkewiç bolsa katolikleriň pasha baýramçylygynda atylyp öldürildi we köpçülik mazarlygynda jaýlandy.
Amerikan ýardam maksatnamasy öz işini tamamlamak kararyna geldi.
“Jenap Hoover 'rus işi' ýaly bir işiň tamamlanandygyna özüniň örän şat bolandygyny aýtdy” diýip, Döwlet departamentiniň bir resmisi habar berdi. “Ol bolşewikleri düýbünden ýigrenýärdi we olaryň ýolbaşçylygynda bir hökümetiň işläp biljekdigine ynanmady” diýip, resmi aýtdy.
Staliniň golastynda 1930-njy ýyllarda we şondan soň “Amerikan ýardam maksatnamasynyň taryhy tanap bolmajak derejede ýoýuldy ýa-da pozuldy” diýip, Smit öz kitabynda ýazýar. Taslama gatnaşan rus resmileri ýa-da ýönekeý orsýetliler 1950-nji ýyllara çenli yzarlandy we arasslandy. Beýik Sowet ensiklopediýasynyň 1950-nji ýyldaky neşiri “Amerikan ýardam maksatnamasy Sowet Russiýasynda içalyçylyk we ýykgynçylyk hereketleri üçin hem-de kontrrewolýusioner elementleri goldamak üçin bölüm döretmegi maksat edinýärdi” diýýär.
1962-nji ýylda mekdep okuwçylary üçin çap edilen bir ders kitabynda “Amerikan ýardam maksatnamasy gizlinlikde gozgalaňçy güýçleri guramalaşdyrmagy maksat edinýärdi. Bu dildwüşik Döwlet syýasy edarasy tarapyndan puja çykaryldy” diýilýär.
Amerikan ýardam maksatnamasynyň tagallalary, Smite görä, Sowet Sozýuzynyň dargamagyndan soňra Ýewropanyň hem-de Birleşen Ştatlaryň öňki sowet ýurtlaryna iberen ýardamlaryna meňzeýär.
“1992-2007-nji ýyllar aralygynda ABŞ hökümeti öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlary 28 milliard dollara barabar ýardam bilen üpjün etdi” diýip, Smit ýazýar. “Diňe 1999-njy ýylyň özünde, Russiýa ABŞ-dan bahasy tas 2 milliard dollara barabar 5 million tonna iýmit önümlerini haýyş etdi... 1999-2000-nji ýyllarda ABŞ-nyň we Ýewropanyň Russiýa iberen azyk ýardamlarynyň möçberi tutuş Afrika yklymyna iberilen ýardamlardan geçdi” diýip, ol belleýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Gizlin duşuşyklar
1922-nji ýylyň 16-njy aprelinde Sowet Russiýasy Germaniýa Weimar respublikasy bilen “Rapallo şertnamasyna” gol çekip, halkara üzňelikden halas boldy. Iki ýurt hem I Jahan urşunyň hem-de “Wersal şertnamasynyň” yz ýany, diplomatiki taýdan üzňeleşipdi.
“Rapallo şertnamasy” iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklary täzeden ýola goýdy we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýol açdy. Ylalaşyk harby şertleri agzamasa-da, “Wersal şertnamasynyň” düzgünlerini bozup, ýakyn hyzmatdaşlyga ýol açdy. Bu hyzmatdaşlyk 1922-nji ýylyň tomsunda geçirilen birnäçe gizlin duşuşyklar bilen başlandy. Birnäçe ýylyň içinde Germaniýa Sowet Soýuzynda awiasiýa mekdebini, himiki ýarag desgasyny we tanklar üçin söweşjeň synag meýdançasyny açdy.
“Bu bazalar Gyzyl goşuny döwrebaplaşdyrmaga ýardam berdi we Gitler ýolbaşçylygynda german goşunynyň täzeden janlanmagyna ýol açjak harby tehnologiýalaryň ösdürilmeginde möhüm rol oýnady” diýip, Ian Jonson (Ian Johnson) 2016-njy ýylda “War On The Rocks” blogunda ýazdy.
Germaniýada kimler “Rapallo şertnamasyna” gol goýulmagyna ýurda “ýewreý-bolşewik howpunyň” aralaşmagynyň alamaty hökmünde garady. Bu ýagdaý aşa sagçylary we olary maliýeleşdirýän taraplary işjeňleşdirdi. Şertnama gol çekilmeginden bary-ýogy iki aý soňra, 1922-nji ýylyň iýunynda bir sagçy terror topary Germaniýanyň daşary işler ministri Walter Ratenauwyň janyna kast edip öldürdi. Adolf Gitler 1922-nji ýylyň awgustynda özüniň ilkinji möhüm çykyşlarynyň birinde “respublikany goramak bahanasy bilen süýşüp gelýän ýewreý bolşewizmi” babatda duýduryş berdi. Bu çykyşda Gitleriň goňur köýnekli “ýakasy gaýyşly” “ýörite esgerleri” ilkinji gezek köpçülige çykdy. Italiýada faşist lider Benito Mussolini şol ýylyň oktýabrynda premýer-ministr boldy.
‘Ýeretiklere, hyýalbentlere we gozgalaňçylara’ orun ýok
1922-nji ýyl medeniýet babatda hem Russiýa üçin ykbal kesgitleýji ýyl boldy. Rus medeniýetiniň şekillendiriş sungaty, edebiýat, aýdym-saz, tans, amaly-haşam sungaty we beýleki ugurlar boýunça 1920-nji ýyla çenli döredilen eseler bilen şondan 15 ýyl soňra orta çykan eserler deňeşdirilende, bary-ýogy 15 ýyl ýaly gysga wagtyň içinde bolup geçen düýpli özgeriş haýran edýär.
Sungat taryhyny öwreniji Kamilla Greý (Camilla Gray) “Sungatda rus tejribesi: 1863-1922” atly ylmy işinde 1922-nji ýyly taryhdaky iň bir ajaýyp medeni ösüşleriň biriniň soňlanan ýyly hasaplaýar.
1922-nji ýylda Boris Pilnýak “Ýalaňaç ýyl” atly impressionistiki eserini çap etdi. Bu roman 1917-nji ýylyň oktýabryndaky döwlet agdarylyşygyndan soň ýazylan ilkinji rus romany boldy.
Ol 1938-nji ýylyň 21-nji aprelinde Stalini öldürmek üçin dildüwşük etmekde günäli tapyldy we şol günüň özünde kellesinden atylyp öldürildi hem-de Moskwadaky Kommunarka atuw meýdançasynda ýerleşýän köpçülikleýin mazarlyga gömüldi.
Şeýle-de, 1922-nji ýylda Ýewgeniý Zamýatin özüniň bir ýyl ozal tamamlan “Biz” atly distopiýa romanynyň şahsy okaýyşlaryny guraýardy. Ol şol ýyl “Men gorkýaryn” atly essesini ýazdy. Zamýatin öz eserinde “Bolşewik döwletinde mejnunlara, ýeretiklere, hyýalbentlere, gozgalaňçylara we gümanly adamlara orun ýok ýaly bolup görünýär” diýip, ýazdy.
Zamýatin 1937-nji ýylda Parižde sürgünde aradan çykdy.
“Biz” romany iňlis dilinde 1924-nji ýylda, rus dilinde bolsa, ahyrsoňy, 1952-nji ýylda çap edilen hem bolsa, bu kitap Sowet Soýuzynyň dargamagyna üç ýyl galýança, tä 1988-nji ýyla çenli Sowet Soýuzynyň çäginde çap edilmedi. Russiýada doglan emigrasiýadaky tankytçy Mirra Ginsburg 1967-nji ýylda şeýle ýazdy:
“Zamýatin Mihail Bulgakow we Isaak Babel ýaly, diktatorçylyk edebi döredijilikden garaşsyzlygy, batyrgaýlygy we indiwiduallygy rehimsizlik bilen goparyp aýyrmadyk bolanda rewolýusiýadan soňky rus edebiýatynyň nähili bolup biljekdigi barada pikir döretdi”
Raýat urşunyň tamamlanmagy bilen bolşewikler häkimiýeti doly ele geçirenden soňra, ýolbaşçylar ünsi jemgyýeti täzeden şekillendirmegiň ugurlaryna gönükdirip başlady. 1921-nji ýylda hökümet Russiýanyň prawoslaw kilisesine göz dikip başlady. Ilkibaşda, baş maksat mümkin boldugyndan köp kilise emlägini konfiskasiýa etmekdi, ýöne 1922-nji ýyla çenli Leninde has hyjuwly meýiller döredi.
1922-nji ýylyň 19-njy martynda ýazan ýatlamasynda Lenin syýasy liderleri, GPU-nyň ýolbaşçylaryny we Adalat halk komissarlygynyň ýolbaşçylaryny “gizlin duşuşyga” çagyrdy. “Gizlin çözgüt kabul ediler” diýip, ol ýazdy we “bu rehimsiz çözgüt bilen gysga wagtyň içinde kilisäniň ähli emläklerden mahrum ediljekdigini” buýruk berdi.
“Bu pursatda näçe reaksioner din ruhanysyny we reaksioner buržuaz wekilini atmagy başarsak, şonça-da gowy. Sebäbi ‘ilata’ indi şeýle bir sapak bermegiň wagty geldi welin, goý olar öňümizdäki birnäçe onýyllygyň dowamynda garşylyk barada düýbünden pikir etmäge-de milt edip bilmesinler” diýip, bolşewik lideri ýazdy.
Sankt-peterburgly taryhçy Aleksandr Margolis 2016-njy ýylda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda kilisä garşy tutha-tutlygyň “örän wagşyçylyk bilen” alnyp barlandygyny gürrüň berdi.
“Elbetde, din ruhanylary her niçik-de bolsa muny togtatmaga synanyşdy” diýip, ol aýtdy. “Ýöne jogap örän açyk we aýdyňdy: olardan näçe köp adamy asyp öldürsek, şonça-da gowy”
13-nji awgusta geçilen gije bolşewikler Petrgrad ruhanysy Benýaminiň we başga-da birnäçe din ruhanysynyň sakgalyny syryp, olara köne-küşül eşik geýdirdi. Bu mekir emel atuw jezasyny ýerine ýetirýän esgerler özleriniň atyp öldürýän adamlarynyň din ruhanylarydygyny bilmez ýaly oýlanyp tapylypdy. Olar şäheriň eteginde atylyp öldürildi we köpçülikleýin mazarlyga jaýlandy.
Olar Sowet Soýuzy dargandan soňra, 1992-nji ýylda Benýamin we beýlekileriň birnäçesi Rus prawoslaw kilisesiniň keramatly ruhanylary hökmünde ykrar edildiler we Sankt-Peterburgdaky Aleksandr Newskiý ybadathanasynda olaryň hatyrasyna ýadygärlik dikildi. Din ruhanylaryny keramatly yglan eden karar “olaryň gymmatly jeset galyndylarynyň, eger tapylan halatynda, mukaddes ýädygärlik hökmünde hasaplanylmalydygyny” talap edýär.
Leniniň intellektual elita üçin hem birmeňzeş planlary bardy.
1922-nji ýylyň 12-nji martynda çap eden “Söweşiji materializminiň ähmiýeti hakynda” atly makalasynda Lenin intellektual adamlary “ruhanylygyň diplomly talabanlary” hökmünde ýazgardy:
“Demokratiýa diňe buržuazlaryň bähbitlerini wagyz etmek erkinliginden başga hiç zat däl, ýagny, demokratiýa, iň bir konserwatiw pikirleri, dini, gaflatparazlygy wagyz edýär hem-de ekspluatatorlaryň bähbitlerini goraýar” diýip, Lenin ýazdy.
Parasatly adamlara garşy girişilen kampaniýa 1922-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlary aralygynda Petrograd şäherinden Günbatara tarap ýola düşen üç gämi bilen ýetjek derejesine ýetdi. Döwlet syýasy edarasynyň agentleri Günbatara tarap ýola rowana bolan gämiler bilen ýurduň iň görnükli akyldarlaryny we pähimli adamlaryny hem-de olaryň maşgala agzalaryny emläklerinden mahrum edip, sürgüne iberdi. “Filosof gämileri” atlandyrylan gämiler Nikolaý Lotskiý, Ýuliý Aihenwald, Nikolaý Berdýaýew, Sergeý Bulgakow we Semýon Frank ýaly adamlary alyp gitdi.
Olar 1933-nji ýylda çap edilen “Milli sosializm: Täze ruh” atly makalanyň awtory, faşist pelsepeçisi Iwan Ilýini hem alyp gitdiler. Putin Ilýin barada öwgi bilen söz açýar. 2005-nji ýylda Putiniň hut özi Ilýiniň jeset galyndylaryny 2005-nji ýylda Moskwa getirip, jaýlamak çäresine gatnaşdy. Ol 2009-njy ýylda Ilýiniň mazaryny resmi taýdan keramatly ýer yglan etdi.
1922-nji ýylda ýurduň daşyna sürgüne iberilen 300 paýhasly adamyň ählisi belli-meşhur adamlar däldi. Olaryň arasynda lukmanlar, hukukçylar, magaryfçylar, ykdysatçylar we beýlekiler hem bardy.
Rus emigrasiýasynyň ilkinji tolkuny barada gürrüň berýän “Rus gaçyşy” atly dokumental filmiň awtory, russiýaly režissýor Alekseý Denisow 1922-1939-njy ýyllar aralygynda ýurduň daşyna sürgün edilen adamlaryň Sowet Soýuzyny terk edenden soňra 13 müňden gowrak ylmy makala ýazandyklaryny aýtdy.
1922-nji ýylyň maý aýynda Moskwadaky suratkeşler topary “Rewolýusion Russiýanyň hudožnikleriniň birleşigini” döretdi. Bu bileleşik 1932-nji ýylda Sowet Soýuzynyň Hudožnikler birleşigi boldy. Rewolýusion Russiýanyň hudožnikleriniň birleşigini döreden toparynyň esasy ideologiýasyna görä, sungat işiniň “didaktiki mazmuny” onuň estetiki aýratynlygyndan has möhüm bolup durýardy.
Topar “sungat köpçülik üçin düşnükli bolmaly” diýen pikirden ugur alýardy. Döredijilik işgärleri öz temalaryny “jemgyýetiň we partiýanyň” zerurlyklary esasynda saýlap almalydy.
Beýik Sowet ensiklopediýasynyň 1950-nji ýylda çap edilen neşiri “Russiýanyň hudožnikleriniň birleşigi” döwrüň “iň öňdebaryjy sungat” gurmasydy diýýär. “Bu, sowet sungatynda realizmiň aýgytly ýeňşiniň başlangyjy boldy” diýip, sowet ensiklopediýasynda aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.