Türkmenistanda çörek ýetmezçiligi barha agyrlaşýar, goşmaça çörek satyn alan raýatlar yzarlanýar

Çörek nobaty. Aşgabat, 2021-nji ýylyň sentýabry

Uzaga çeken azyk krizisiniň fonunda ýurduň ilaty yzarlanýar we "artykmaç" çörek satyn alany üçin jerimä sezewar bolýar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler şeýdip azyk ýetmezçiligine garşy göreşýär.

Azatlygyň habarçylary, häkimiýetleriň çörek we un alyp satýanlara garşy göreşiniň çäginde ilata görkezýän nobatdaky basyşy barada habar berýärler. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetleriň kesgitlän paýyndan köpräk çörek satyn almak bagtyna eýe bolan ýönekeý alyjylar zarba astyna düşýär.

Ýaňy-ýakynda bolan ýagdaýlaryň birinde, är-aýalyň goşmaça çörek satyn almagy olaryň awtoulagynyň tussag edilmegi, jerime salynmagy we sürüjilik şahadatnamasynyň elinden alynmagy bilen tamamlandy.

Degişli maglumat Aşgabatda öýlere iýmit paýlandy, Maryda çörek almak üçin nobatlar we ýakalaşyklar döreýär

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy maşgala agzalary bilen bilelikde Teke bazardan subsidirlenen bahadan çörek satyn alypdyr. Çörek satyn alyp, maşgala ony awtoulaga salyp, gaýtadan nobata durup, ýene biraz çörek satyn alypdyr. Olar ikinji gezek satyn alan çöregi bilen ulagyň ýanyna baranlarynda, Köpetdag etrabynyň polisiýa işgärleri tarapyndan saklanypdyr. Maşgala polisiýa bölümine eltilip, resmi düşündiriş ýazylansoň, ulag Aşgabadyň ýol polisiýasynyň jerime duralgasynda salnypdyr. Azatlyk Radiosy çeşmeleriň howpsuzlygy üçin bu ýagdaýy başdan geçiren adamlaryň adyny tutmakdan saklanýar.

Habarçynyň sözlerine görä, bu dekabr aýynyň soňky güni bolup geçipdir. Awtoulag bir hepde töweregi wagtlap, ulag duralgasynda saklanansoň, 300 manat jerime töledip, eýesine gaýtarylyp berildi. Bu pul awtoulagyň duralgada galmagy üçin jerime hökmünde alyndy. Emma sürüjilik şahadatnamasy entek eýesine gaýtarylyp berilmändir. Bu ýagdaýdan habarly çeşmäniň sözlerine görä, eýesinden 2000 manat para talap edilýär, emma onda bu pul ýok.

Habarçy, raýatlara çörek satyn alany üçin jeza bermek üçin kanun taýdan esasyň ýokdugyny belläp, şu sebäpden polisiýanyň jezalandyrmak üçin başga dürli sebäpleri gözläp tapýandygyny aýdýar. Rugsat berlenden has köp çörek satyn alandygy üçin saklanan aşgabatly, resmi wezipelerini ýerine ýetirýän polisiýa işgärini kemsitmekde aýyplanypdyr. Azatlyk Radiosy Aşgabadyň Köpetdag etranbynyň polisiýa bölüminden resmi taýdan düşündiriş alyp bilmedi.

Çörek satyn almak meselesinde polisiýanyň gözegçiligi ýiti iýmit krizisiniň fonunda ýüze çykýar. Birnäçe ýyl bäri çörek we un ýetmezçilik edýär. Döwlet dükanlarynda bu önümler subsidirlenen bahadan we gaty çäkli mukdarda satylýarka, täjirçilik bahalary yzygiderli ýokarlanýar.

Degişli maglumat Aşgabatda ilat çörek üçin gijeden nobata durýar, käbir etrapçalara azyk paýlary oktýabrdan bäri getirilmeýär 

Şu günler paýtagtda subsidirlenen bahadan 60 teňňeden satylýan wagty, Ahal welaýatynda şol bir çöregiň 2-3 manatdan satylýan ýerleri duş gelýär.
Mysal üçin, Gokdepe şäherinde alyjylara adam başynda iki çörekden hersi 3 manatdan satylýar. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky ýene bir habarçysy 5-nji ýanwarda habar berdi.

Güýzüň başynda sebitlerde döwlet dükanlaryndan un alyp satýanlary anyklamak üçin köpçülikleýin reýdler geçirildi we öýlerde çörek bişirýän hususy söwdagärler häkimiýetleriň üns merkezine düşdi. Sentýabr aýynda Balkan welaýatynyň häkimiýetleri subsidirlenen bahadan unuň bikanun satylmagyna garşy göreşini güýçlendirip, öýde çörek bişirýän we bazarlarda satýan aýallara garşy reýd gurady.

Degişli maglumat Aşgabadyň polisiýasy nobatlary 'düzgünleşdirmäge' çalyşýar we mobil telefony bolan adamlary saklaýar

Azatlygyň habarçylarynyň şonda habar berşi ýaly, un alyp satýanlary anyklamak üçin çörek satýanlar soraga çekldi. Yzysüre çörek satýan dükanlarda barlaglar we subsidirlenen unuň ogurlanandygyny anyklamak üçin derňew çäreleri geçirildi. Döwlet dükanlarynyň birnäçe müdirine garşy jenaýat işi açyldy.

Oktýabr aýynda un we çörek ýetmezçiligi sebäpli Aşgabatdaky onlarça hususy çörek bişirýän kärhana işini bes etmäge mejbur boldy. Netijede, hususy pudagyň ýüzlerçe işgäri işsiz galdy.

Türkmenistanda çörek we un ýetmezçiligi 2017-nji ýylyň dekabrynda ýüze çykdy. Şondan bäri çörek üpjünçiligi bilen baglanyşykly ýagdaý yzygiderli agyrlaşýar. Häkimiýetler uzaga çeken meseläni resmi taýdan ykrar etmeýärler, şol bir wagtyň özünde ilata yzygiderli basyş edýärler, alyp satýanlary anyklamak üçin iş geçirýärler, nobatlary gadagan edýärler, ilatyň azyk paýyny çäklendirýärler we çöregi gijelerine satmak bilen nobatlary gizleýärler.

Hökümet ýurduň her ýyl bugdaý hasylynyň 1,4 million tonna barabardygyny öňe sürýär we döwlet habar beriş serişdeleri ilatyň “bagtly we gülläp ösýän ýurtda” ýaşaýandygyny yzygiderli habar berýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.