Dünýä Türkmenleri: 2021-nji ýylyň jemleri

Türkmenistan 14-nji dekabrda owgan halkyna azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwer kömegini ugratdy. Owganystanyň esasan demirgazyk sebitlerinde etniki türkmen ilaty köplük bolup ýaşaýar. 14-nji dekabr, 2021 ý. Demirgazyk Owganystan.

Täze ýylyň ilkinji gepleşiginde Dünýä Türkmenleri programmamyzyň 2021-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan sany bilen tanyş bolmaga çagyrýarys.

Dünýä Türkmenleri arka atylan ýylyň dowamynda her hepdäniň dynç alyş günleri mümkin boldugyndan täze we gyzykly temalar bilen diňleýjilerimiz bilen tolkun arkaly didarlaşdy.

Dünýä Türkmenleri 2021-nji ýylyň dowamynda türkmen dünýäsi bilen ýakyndan arabaglanyşykly temalara gönükdirildi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Dünýä Türkmenleri: 2021-nji ýylyň jemleri

Köne möwsüm türkmenleriň arasynda familiýalardaky rus goşulmalarynyň taşlanmagy bilen bagly meýillerden söhbet açyp, öz işine başlady, Gökdepe söweşinde duşmana garşy göreşen türkmen gerçekleriniň günbatar žurnalistlerinde galdyran täsirleri baradaky söhbet bilen dowam etdi. Ýylyň dowamynda etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlarynda, hususan-da awgustyň ortalarynda Owganystanda bolup geçen syýasy tolgunyşyklar, tomsuň ortalarynda eýran türkmenleriniň geçiren protest aksiýalary Dünýä Türkmenleri programmamyzyň radaryna düşdi.

Gepleşigimiziň bu sany ýylyň jemlerine bagyşlanýar. Şonuň üçin, programmamyzyň dowamynda bir pursat yza ser salyp, bir möwsümde gozgalan gürrüňlere, açylan temalara, diskusiýalara we söhbetdeşliklere ser salarys!

Başda-da belleýşimiz ýaly, 2021-nji ýylyň Dünýä Türkmenleri möwsümi türkmenleriň arasynda familiýalardaky rus goşulmalaryny taşlamak meýilleriniň artmagy baradaky söhbet bilen öz işine başlady.

Habarçylarymyz ýurt raýatlarynyň arasynda familiýalardaky sowet döwrüne mahsus goşulmalaryň taşlanyp, oňa derek “pylan ogly” ýa-da “pylan gyzy” ýaly goşulmalaryň, ýa-da hiç hili goşulmasyz ata atlarynyň ulanylmagynyň ýoň bolup barýandygyny habar berdiler.

Bu gepleşik YouTube ulgamynda her niçik-de bolsa seslenme döretdi. “Dogry. Familiýalardaky ors goşulmasy (-owa, -ewa) gerek däl bize. Öz milliligimizi unutmalyň. Biz türki milletden. Özümize ýaraşan familiýa bolmaly” diýip, özüni Aleks Aleksandr hökmünde tanyşdyran bir diňleýji öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdi.

“Halk birinji doýsun, erkinlik alsyn! Soň ol meseläni çözerler” diýip, beýleki bir diňleýji pikir beýan etdi. Ýogsa-da, 2021-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda barha erbetleşen ykdysady kynçylyk alamatlary baradaky habarlar ýylyň dowamynda jemgyýetçilik pikiriniň gönükdirilen esasy ugurlarynyň biri boldy.

Belki-de, hut şonuň üçin “ilkibaşda halkyň garnyny doýursynlar” diýip, Anna lakamly diňleýji familiýalar baradaky gepleşige özüniň biparh galmandygyny görkezdi.

“Biz-ä ruslardan razy” diýip, Güjükow öz sözüni jemledi.

Degişli maglumat Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri

Ozallar her ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanda türkmen taryhynyň iň ganly sahypalarynyň biri bolan Gökdepe söweşi hatyralanansoň, Dünýä Türkmenleriniň bir ýanwar sany “XIX asyr Günbatar žurnalistleriniň we syýahatçylarynyň galdyran ýazgylarynda Gökdepe söweşi” atlandyryldy. Gepleşik 140 ýyl töweregi mundan ozal, 1881-nji ýylyň gyşynda, Patyşa Russiýasynyň goşunlary bilen türkmenleriň arasynda Gökdepe söweşi dowam edýän günleri türkmen topragyna syýahat eden günbatarly syýahatçylaryň we žurnalistleriň uruş sahnalary barada galdyran ýazgylaryndan söz açdy.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň iň soňky gepleşigi pandemiýa döwründe Internetiň ähmiýetinden söhbet açdy. Innowasion tehnologiýalar boýunça hünärmen pandemiýa döwründe dünýädäki meýilleriň üýtgemegi, keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, adamlaryň uzak aralykdan iş tertibine geçmegi we bu ugurda Internetiň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Bu gepleşik pandemiýanyň arasynda daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanan talyplaryň onlaýn sapak geçmekde haýal Internet tizligi sebäpli görýän kynçylyklaryndan ugur alnyp taýýarlanyldy. Innowasion tehnologiýalar hünärmeni Türkmenistanda Internet tizliginiň haýal bolmagynyň mümkin bolan sebäpleri barada dürli çaklamalary beýan etdi. Ýöne soňra, görüp otursak, Türkmenistan düýbi Britaniýada ýerleşýän Cable.co.uk neşiriniň hünärmenleri tarapyndan dünýäde iň haýal internetli ýurt hökmünde hasaba alyndy. Bu hasabat sentýabrda çap edildi. Munuň öň ýany we yz ýany türkmen häkimiýetleriniň Interneti çäklendirmek tagallalary, olaryň girişýän VPN göreşleri jemgyýetçiligiň ünsünden gaçmady.

Türkmenistanyň hökümeti bu ýyl türkmen paýtagtynyň, Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyny 25-nji maýda dabara-şowhun bilen belledi. Toý uludan tutuldy. Şondan dört aý töweregi ozal, Dünýä Türkmenleri Aşgabadyň irki hronologiýasy barada gepleşik efire berdi.

Gysgaça ser salsak, häzir dünýäde iň köp mermeri bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Aşgabatda ilkinji köçe çyralary 1882-nji ýylyň, 15-nji oktýabrynda dikilipdir. Häzirki türkmen paýtagtynda ilkinji hususy dermanhana 1884-nji ýylyň 21-nji awgustynda, şol wagtky Skobelew meýdanynda açylyp ulanylmaga berlipdir. Häzirki döwürde, synçylara görä, köplenç boş durýan gymmat bahaly myhmanhanalary bilen tanalýan Aşgabatda ilkinji modern otel 130 ýyl töweregi mundan ozal, 1891-nji ýylyň 20-nji dekabrynda açylypdyr. Gepleşik türkmen paýtagtynyň irki hronologiýasy bilen bagly başga-da bir topar seneleri we möhüm wakalary öwrendi. Eger, gyzyklanaryn diýseňiz, Azatlygyň arhiwinden, ýa-da YouTube we Facebook sahypalaryndan bu gepleşigi tapyp, diňläp görmegi maslahat berýäris. Bu gepleşikde “12-nji maý: Konstitusiýa güni” bilen bagly hem täsin tötänlik agzalyp geçilýär. Eger täzeden diňlärin diýseňiz, gepleşik “Ýakyn taryhyň çatrygynda (4-nji bölüm): Irki Aşgabadyň hronikasy” atlandyrylýar.

Degişli maglumat 'Talyban' etniki türkmenleri öýlerinden zor bilen göçürmekde aýyplanýar

Fewral aýyndaky ikinji gepleşigimiz “içerki bosgunlykda ýaşaýan owgan türkmenleriniň sowuk gyş şertlerinde çekýän jebrine “ üns çekdi. Bu ýyl, bilşimiz ýaly, etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan ýurdy bolan Owganystan wakalara baý boldy. Onsuz hem 20 ýyldan gowrak wagt bäri, hatda Sowet Soýuzynyň çozuşlary hem hasaba goşulanda, 40 ýyldan gowrak wagt bäri uruşlardan we gandöküşikden ejir çeken owgan halky, şol sanda etniki türkmenler, gyş-ýaz dürli durmuş kynçylyklaryna sezewar boldular. Programmamyzyň 7-nji fewral sany Demirgazyk Owganystanda çadyrlarda ýaşaýan içerki bosgunlaryň ýyladyş, saglyk we iýmit üpjünçiligi bilen bagly problemalaryna gönükdirildi.

YouTube ulgamynda bir diňleýji bu gepleşigiň aşagynda gözýaş dökýän “smaýlik” galdyrdy. Soňra başga bir diňleýji bu gepleşige gözýaş “smaýligi” bilen reaksiýa bildirdi.

Türkmenistan bilen bagly habar çap edýän garaşsyz habar serişdeler fewralyň ahyrynda Türkmenistanda bir ýaş sportçynyň gümürtik ölümi baradaky habarlar bilen sarsyldy. Dünýä Türkmenleriniň 21-nji fewral sany bu waka bagyşlandy. Bu gepleşik YouTube ulgamynda 10,878 gezek diňlenip, belki-de ýylyň dowamynda iň köp diňlenen Dünýä Türkmenleri programmalarynyň hataryna goşuldy.

Bahar paslynyň ilkinji günlerinde mylaýym öwsen şemal Dünýä Türkmenleriniň ünsüni birden edebiýata çekdi. Gepleşigimiziň 7-nji mart sany “Sowetler döwrüniň aýagynda rowaçlanan “aç-açanlyk” we onuň türkmen edebiýatyndaky öwüsgini” atlandyryldy. Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bu gepleşikde sowetler döwrüniň “maýylganlyk” we “aç-açanlyk” tagallalarynyň türkmen edebiýatyndaky täsirleri barada gürrüň berdi. Ýöne bu temanyň saýlanyp alynmagyna diňe bir bahar şemaly däl, eýsem, sowetler döwründe “aç-açanlyk” pikiriniň arhitektorlaryndan Mihail Gorbaçýowyň doglan gününiň 2-nji marta gabat gelmegi hem şeýle temany saýlap almaga itergi berdi.

Degişli maglumat Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar

Şondan iki hepde soň, 21-nji mart – Nowruz güni, biz ýene bir gezek edebiýatyň ymgyr sährasyna syýahata çykdyk. Bu gepleşik “Edebi söhbet: Durgunlyk we geçiş döwürlerinde döredijilik böwşeňligi” atlandyryldy. Ýazyjy Hudaýberdi Hally türkmen edebiýatynyň ägirtlerini ýatlap, galyberse-de, türkmen aňynda yz galdyran edebi işlere nazar aýlap, bu gepleşigimize gatnaşdy.

Biz bir gepleşikde ýylyň dowamynda efire giden ähli gepleşikleri ýatlap bilmeris, ýöne olaryň arasynda has öňe çykan gepleşikler barada gürrüň etsek, meselem, tomus aýlary, hususan-da etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan ýurdy bolan Owganystanda syýasy tolgunyşyklar bolup geçdi.

ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler awgustyň ahyryna çenli özleriniň Owganystandaky missiýalaryny tamamlaýandyklaryny yglan etdiler. Bu bildirişleriň yz ýany, owgan halky, şol sanda etniki türkmenler, aslynda tutuş dünýä jemgyýetçiligi, Owganystanda bolmagy ahmal wakalara üns gönükdirip başlady. Bir tarapdan öňki owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda Dohada başlanan gepleşiklere diň salynýardy, beýleki tarapdan sebitdäki beýleki oýunçylaryň ädimleri ýakyndan yzarlanýardy. Aprelde parahatçylyk gepleşiklerine Türkiýäniň hem beýemçilik etjekdigi barada maglumatlar ýaýrady. Şonda owgan türkmenleri hyjuwlanyp, özleriniň parahatçylyk gepleşiklerine goşant goşmak isleýändiklerini beýan etdiler. Dünýä Türkmenleri bu tema boýunça hem bir gepleşik efir berdi.

Ýöne etniki türkmenleri ýakyndan gyzyklandyran we synçylar tarapyndan “elhenç” atlandyrylan ýene bir waka bahar aýlarynda Eýrandan gelip gowuşdy.

23-nji martda Demirgazyk Eýranda etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Kümmet Howuz şäherinde ýerli ýaşaýjylar 7 we 8 ýaşlaryndaky iki gyz çaga jynsy zorluk etmekde aýyplanýan 55 ýaşly bir adamyň jezalandyrylmaýandygyna gahar-gazap bildirip protest geçirdi. Ýerli ýaşaýjylar protestçileriň esasan etniki türkmenlerdigini we jebir çeken gyz çagalaryň hem türkmen maşgalalarynyň çagalarydygyny aýtdylar. Protest polisiýa tarapyndan basylyp ýatyryldy.

Protest barada gürrüň gozgalanyna görä, şu ýerde daşary ýurtlardaky türkmenleriň geçiren, has dogrusy geçirmäge synanyşan ýene bir protest aksiýasyny ýatlap geçmek ýerlikli bolar. 1-nji awgustda Türkiýede türkmen aktiwistleri Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde türkmen hökümetine garşy protest geçirmäge synanyşdy. Bu protest aksiýasyna türkmen hökümeti tarapyndan hakyna tutulandyklary güman edilýän nätanyş adamlaryň eden hüjümi türkmen aktiwistleriniň öňüni baglady . Ýöne bu wakada bir aktiwistiň konsulhananyň içine aldaw ýoly bilen salnyp, soňra urlup ýenjilendigi baradaky habar giň seslenme we nägilelik döretdi. Programmamyzyň 8-nji awgust sany bu waka bagyşlandy.

Degişli maglumat Ekspert syny: Türki Geňeş Türkmenistana nähili täze mümkinçilikleri hödürläp biler?

Gepleşigimiziň maý aýynda yzly-yzyna efire berlen iki sany Türkmenistanda söz azatlygynyň gözgyny ýagdaýyndan söhbet açdy. Bu gepleşikler toplumy “Türkmenistanda erkin sözüň anatomiýasy atlandyryldy”. Iki bölümden ybarat gepleşik YouTube-da köp tomaşçy çekdi, Azatlygyň saýtynda hem köp okaldy.

Iki gepleşigiň aşagynda 22 sany teswir galdyryldy, ýöne gynansak-da, olaryň tas hiç haýsy “söz-beýan azatlygyndan”, “metbugat azatlygyndan”, “pikir azatlygyndan” giňişleýin söhbet açmady.

Soňra iýunyň başlarynda türkmenistanly bir ýerli synçynyň ýazmaça beren gürrüňlerine salgylanyp, “Demokratiýa maşgalada başlaýar” atly gepleşik taýýarladyk.

Bu programma Türkmenistanda häkimiýetleriň demokratiýa ýerli öwüşgin çaýmak synanyşyklaryndan söz açdy. Şol bir wagtda Sokratyň, Eflatunyň, Aristoteliň, galyberse-de, Jon Lokuň (John Locke), Monteskonyň, Žan-Žak Russonyň demokratiýa taglymatlaryna salgylandy.

Gepleşik demokratiýanyň manysyny, esaslaryny we täsirini öwrenmäge synanyşdy.

Türkmenistanda dowam edýän maliýe krizisi geçen apreliň başlarynda has-da çuňlaşyp, gara bazarda dollaryň bahasy 40 manatdan aşdy. Bu dollaryň hümmetiniň resmi taýdan 3,5 manat bolan alyş-çalyş kursundan 11-12 esse gymmatlandygyny, manadyň dollar garşysynda 11-12 esse ejizleýändigini aňladýardy.

Programmamyzyň 18-nji aprel sany türkmen manadynyň hümmetsizlenmegine, galyberse-de, manadyň 30 ýyllyk gysga taryhyna nazar aýlady.

Bu aralykda, maý aýynyň ikinji ongünlüginde Aşgabatda geçirilen bir kinofestiwalyň fonunda Dünýä Türkmenleriniň 23-nji maý sany türkmen kinosynyň geçen ýoluna bagyşlandy. Gepleşikde “Mankurt”, “Aýgytly ädim”, “Magtymguly”, “Uzakdaky gelinlik”, “Dursun”, “Mukamyň syrlary”, “Ýandym”, “Rowaýat” ýaly başga-da birnäçe kinonyň mazmunyna gysga nazar aýlamaga synanyşyk edildi.

Bu aralykda, 14-nji awgustda Owganystanda “Talyban” häkimiýeti ele geçirdi. Dünýä Türkmenleriniň tomus aýlarynda efire giden iň soňky sany Owganystanyň täze şertlerinde etniki türkmenleriň rolundan hem-de “Talybanyň” legitimlik gözleglerinden söhbet açdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda, täze okuw ýylynyň başynda talyp ýaşlaryň öňünde eden çykyşynda ýaşlary watany söýmäge çagyrdy we “Müsürde şa bolandan, öz ýurduňda geda bol” nakylyna salgylandy.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally Dünýä Türkmenleriniň bu leksiýa bagyşlanan sanynda bu nakylyň manysyna we prezidentiň taryh leksiýasyna analiz berdi.

Degişli maglumat Hytaýyň Merkezi Aziýada barha batlanýan ykdysady agalygynyň fonunda türkmen-hytaý gatnaşyklaryna syn

Prezidentiň bu sözleri köpleri geň galdyrdy, sebäbi ýurtda giň ýaýran işsizlik we ykdysady kynçylyklar sebäpli ýüzlerçe müň raýaty daşary ýurtlarda kyn şertlerde eklenç etmäge çalyşýan Türkmenistanyň prezidentiniň öz raýatlaryny gytaklaýyn “öz ýurdunda geda bolmaga çagyrmagy” diňleýjilerimiziň arasynda reaksiýa döretdi.

“Halk keýpine daşary ýurda gaçýarmy?” diýip, bir ulanyjy bu gepleşigde teswir galdyrdy.

“Elbetde, bu nakyllar öz bähbidi üçin aýdylan” diýip, beýleki bir diňleýji teswirledi.

Owganystanda Aşraf Gani hökümetiniň synmagyndan göni bir aý töweregi ozal, Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana sapar etdi.

Dünýä Türkmenleri ýokary derejeli hytaý resmisiniň saparynyň yz ýany, Hytaýyň Merkezi Aziýada güýçlenýän täsiriniň fonunda türkmen-hytaý gatnaşyklaryna syn berdi. Bu gepleşige Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Hytaý boýunça bilermeni Reýd Stendiş gatnaşdy.

Bu aralykda, 2021-nji ýylda Türkmenistan daşary syýasatda täze derejelere çykyp, Türki Döwletler Guramasyna synçy agza boldy. Munuň öň ýany, Dünýä Türkmenleri Türkmenistanyň bu gurama agzalyk ähtimallygyna we mümkinçiliklerine nazar aýlady. Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer bu gepleşikde guramanyň Türkmenistana hödürläp biljek mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.

“Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar”, “Ýazyjy: Merkezi Aziýa halklaryny umumy medeni miras we umumy taryh birleşdirýär”, “Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri” atly gepleşiklerimiz hem üstünlikli çykan gepleşiklerimiziň hataryna girdi.

Biz 2021-nji ýyl möwsümini “Talyban etniki türkmenleri öýlerinden zor bilen göçürmekde aýyplanýar” hem-de “Memorial arhiwleri – geçmişiň sesi: Sowet repressiýasynyň pidalary ýowuz geçmişi ýatlaýar” atly gepleşiklerimiz bilen jemledik.

Täze 2022-nji ýyl gutly bolsun, eziz ildeşler. Sag oturyň!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.