Serdar Berdimuhamedow sebitlerde bazarlara aýlandy, Lebapda emeli söwda tekjeleri gurnaldy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Serdar Berdimuhamedow Daşoguz bazaryna aýlanýar

Türkmenistanda ilatyň azyk howpsuzlygy bilen bagly eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edýän aladalaryň arasynda, 17-nji dekabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bazarlarda nyrh barlaglaryny geçirmek üçin wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa welaýatlara sapar etmegi tabşyrdy. Bu tabşyrygyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatynyň iri bazarynda emeli söwda sahnalarynyň gurnalyp, kiçi Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlyk görülýändigini habar berýärler.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi 20-nji dekabrda we 21-nji dekabrda Serdar Berdimuhamedowyň degişlilikde Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň bazarlaryna eden saparlary barada habar berdi.

Wideo reportažlarda Türkmenistanyň hökümet başlygynyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän orunbasary bazarlara we dükanlara aýlanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Serdar Berdimuhamedowyň 22-nji dekabrda Lebap welaýatyna sapar etmegine garaşylýandygyny habar berýärler.

Degişli maglumat Lebabyň we Marynyň häkimiýetleri bazarlardaky bahalary mejbury arzanladyp, kiçi Berdimuhamedowa garaşýar

Onuň maglumatlaryna görä, bazarlara guralýan saparlar özakymlaýyn amala aşyrylmaýar, eýsem, onuň üçin öňünden ep-esli taýýarlyk görülýär.

Görülýän taýýarlyklar bazarlarda söwda tekjeleriniň gurnalmagyny, ýörite alyjylaryň we satyjylaryň taýýarlanylmagyny we beýleki emeli çäreleri öz içine alýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürleşen bir söwdagär bazarlarda görülýän taýýarlygy “spektakl” atlandyrýar. Onuň sözlerine görä, Serdar Berdimuhamedow bazarlara aýlananda öňünden bellige alnan adamlaryň bazarda söwda etmegine rugsat berilýär.

“Daşyndan gelen adamlar we öňünden bellige alynmadyk raýatlar bazaryň çägine goýberilmeýär” diýip, lebaply söwdagär Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

21-nji dekabrda döwlet telewideniýesinde görkezilen bir wideo reportažda Serdar Berdimuhamedow Daşogzuň bir bazarynda aýlanýan mahaly bir erkek adam, görnüşinden, jogapkär işgär, bir ýaş gelni onuň çagasy bilen bilelikde bazardan çykaryp goýberýär.

Wise-premýeriň Lebap welaýatyna amala aşyrýan saparynyň dowamynda Mary – Türkmenabat magistralynyň ugrundaky “Ak bazara” baryp görmegine garaşylýar.

Döwlet mediasy welaýatlara amala aşyrylýan saparlaryň, hususan-da, bazarlarda nyrhlary kadaly saklamaga hem-de oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge gönükdirilendigini aýdýar.

“Çölüň içinde ýerleşýän ‘Ak bazary’ öňünden taýýarlap bezediler. Bu bazar karantin sebäpli sentýabrdan tä 20-nji dekabra çenli ýapyk durdy. 20-nji dekabrda irden bu ýerde Täze ýyl arçasyny gurnadylar. 50-ä golaý söwda tekjesi oturdyldy” diýip, ýerli söwdagär Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Habarçymyza görä, Türkmenabadyň howa menzilinden bazara barýan ýoluň ugry jemagat gullugynyň işgärleri tarapyndan arassalandy.

Uly Berdimuhamedow wise-premýere beren tabşyrygynda bazarlarda Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýyna syn etmegi hem tabşyrdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapda ýörite sapar üçin taýýar edilen bazaryň Täze ýyl ýarmarkasy hökmünde gurnalandygyny aýdýar, ýöne onuň maglumatlaryna görä, bu bazaryň täze ýyl ýarmarkasy boljakdygy barada Türkmenabat ýaşaýjylaryna habar berilmändir.

Degişli maglumat Lebap bazarlary kiçi Berdimuhamedowyň nyrh barlaglaryna taýýarlanýar

“Ähli tomaşa diňe Serdar Berdimuhamedow üçin” diýip, ýerli söwdagär Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Döwlet telewideniýesiniň wideo reportažlarynda wise-premýer welaýatlarda azyk dükanlaryna hem aýlanýar.

Azatlygyň habarçysy, Berdimuhamedowyň bazardan soňra Lebap atly bir azyk dükanyna baryp görmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Dükan Türkmenabat şäheriniň merkezinde, Bitaraplyk seýilgähiniň golaýynda ýerleşýär. Habarçymyz bir gün ozal, 21-nji dekabrda jemagat gullugynyň işgärleriniň hem-de Öý müdirliginiň işgärleriniň dükanyň töwereginde güýçlendirilen ýowar geçirendiklerini habar berdi.

Bir bazar işgäriniň gürrüň bermegine görä, Berdimuhamedowyň saparyndan soňra Türkmenabadyň bazarynyň ýene pandemiýa çäklendirmeleriniň çäginde ýapylmagyna garaşylýar.

“Hemme edilýän zatlar diňe Serdar Berdimuhamedow üçin, galyberse-de “Watan” habarlar gepleşiginde görkezmek üçin” diýip, bazar işgäri aýtdy.

Habarçymyza görä, Lebabyň beýleki bazarlarynda azyk harytlarynyň bahalary sähel peselýär, ýöne habarçymyz söwda tekjesinde ýazylan baha bilen harydyň hakyky bahasynyň deň gelmeýändigini habar berýär.

“Bir kilogram etiň bahasy söwda tekjesinde 35 manat diýlip ýazylypdyr. Ýöne et satyn aljak bolsaň, onuň bahasy 64 manat” diýip, bir alyjy habarçymyza gürrüň berdi.

“Satyjylar harydyň nyrhyny sorasaň bir baha aýdýarlar, satyn aljak bolsaň başga bir baha aýdýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Telekeçiler harytlary özleriniň hem gymmat satyn alýandyklaryny aýdyp, öz ýagdaýlaryna düşünilmegini soraýarlar.

“Biz gymmat bahadan haryt satyn alyp, olary arzan satalymy?” diýip, bir telekçi aýdýar.

“Bize-de dogry düşüniň!” diýip, ol haýyş edýär.

Degişli maglumat Kiçi Berdimuhamedow Balkana geldi, bazarlarda TW üçin bolçulyk döredildi

Bu aralykda, sebitdäki beýleki bir habarçymyz hususy maldarçylyk hojalyklaryndan arzan bahadan döwlete et tabşyrmagyň talap edilýändigini habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, döwlet maldarçylyk hojalyklardan etiň bir kilogramyny 26 manatdan satyn alýar, we olary 30 manatdan bazara çykarýar.

Habarçymyz Lebapda bir kilogram etiň 60 manatdan bahalanýandygyny, jylka etiň bir kilesiniň 80 manada durýandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedowyň bazarlara amala aşyrýan saparlary, soňky ýyllarda oňa yzly-yzyna has uly wezipeleriň ynanylýan wagtlaryna gabat gelýär. Ol häzir hökümet başlygynyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän orunbasarydyr.

Synçylar Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýeke-täk ogly Serdar Berdimuhamedowy ýurduň prezidenti wezipesine taýýarlaýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.