Eli ýuka maşgalalar agyr düşýän baýramçylyk ýygymlaryndan gaty nägile bolýar

Bezeg suraty

Türkmenistanda geçirilýän dürli çäreler sebäpli döwletiň maşgala býujetine, çagalaryň rysgalyna el garmagy ýylyň soňky aýynda, Bitaraplyk we Täze ýyl baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda hem dowam etdirilýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär. Bikanun salgytlar Farapdaky garyp maşgalalaryň käbirini mekdep direktoryna ýüz tutup, özlerinde beýle puluň ýokdugyny aýtmaga mejbur etdi. Şu aralykda polisiýa, baýramçylyga pul ýygnamak üçin, okuwçylara salnan smartfon gadaganlygyny hem tutaryk edinýär.

Adat bolşy ýaly, ýerli häkimler sebit paýtagtlarynda gurlan Ak öýleriň ýanynda bezelýän Baş arçalary bezemegi buýurdylar. Ýazylmadyk kanuna görä, bu arçalary bezejek ýalpyldawuk bezegler we oýunjaklar ýerli telekeçileriň we býujet işgärleriniň hasabyna satyn alynýar.

“Her edara, kärhana täze ýyl bezegleri üçin azyndan 50 manatdan pul ýygnamak buýruldy, ol pullar nagt görnüşinden tabşyrylmaly” diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.

Mundan başga, adamlar öz işleýän ýerlerini reňkli çyralar bilen bezemeli we arassaçylyk işlerini geçirmeli edildi.

Degişli maglumat Ykdysady kynçylyklaryň arasynda maryly býujet işgärlerinden nobatdaky gezek pul toplanýar

Şeýle-de, edara-kärhanalaryň ählisi, ak öýe barýan ýoluň boýlaryny arassalamak üçin, hakyna tutulan işgär ugratmaly; olar ir sagat 8-den agşam sagat 18-e çenli köçeleri arassalamaly diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, arassaçylyk işleri üçin hakyna tutulan adamlara her günki zähmeti üçin 40 manat tölenýär we bu puly býujet işgäri, öz adyndan ugradylan adama tölär ýaly, günde öz edara başlygyna gowşurýar. Arassaçylyk işiniň näçe dowam etjegi we bu puly näçe günläp bermeli boljagy hem belli edilmeýär.

Baş arçanyň şäher daşynda bezelmeginiň sebäbi adamlaryň köp bolup üýşmezligi bilen bagly, geçen ýyl baş arçanyň ýanyna baranlara jerime saldylar, esasy bezelýän Ak öý, şähere kän üns berilmeýär diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.

Marydakydan tapawutlylykda, Lebap sebitinde pul diňe Täze ýyl bezegleri üçin däl, dekabrda bellenýän Bitaraplyk güni üçin hem ýygnalýar.

“Şu gün Farabyň 1-nji we 4-nji mekdeplerinde Bitaraplyk güni we Täze ýyl üçin okuwçylardan 100 manatdan, mugallymlardan 50 manatdan pul ýygnamaga başladylar diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berdi.

Garyp maşgalalardan bolan okuwçylaryň ene-atalary özleriniň beýle pullarynyň ýokdugyny aýdyp, 1-nji mekdebiň direktoryna haýyş bilen ýüz tutdular. Şondan soň gurply maşgalalaryň çagalary 200 manatdan, garyplar 40 manatdan pul getirmeli boldy, esasy pul sebit arçasynyň ýanynda we mekdepde geçiriljek çärelere harçlanar diýip, habarçy bilen gürleşen mekdep mugallymy aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda mejbury abuna ýazylyşyk doly onlaýn görnüşe geçýär. Onlaýn gazet-žurnallar ähli okyjylar üçin tölegli bolýar

Mundan başga, ýokary klas okuwçylaryny sapak wagty ýerli polisiýa bölümine çagyrmak köpeldi; olaryň ýantorbalaryny, jübilerini barlap, eger smatfon çyksa, ene-atalaryna 200 manatdan jerime salýarlar, ýöne töleg kwitansiýasyny bermeýärler diýip, habarçy aýtdy.

Ogly 8-nji synpda okaýan Soltanmyradyň sözlerine görä, onuň ogly öňem mekdebe smartfon alyp gelýärdi, muny mugallymlar hem bilýärdi.

“Çagaň mekdebe smartfon alyp gelipdir diýip, ene-atalar bilen düşündiriş işlerini geçirýärler, bu bahana bilen goşmaça pul ýygnamak üçin edilýän emel. Bu biz ýaly adamlaryň maşgala býujetine urlan urgy, emma ol gurply adamlaryň çagalarynyň telefon ulanmagyna hiç bir täsir etmeýär” diýip, Soltanmyrat Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Täze ýylyň öňüsyrasyndaky bikanun salgytlar gurak gelen ýyldan agyr zyýan gören oba hojalyk işgärlerini, daýhanlaryň maşgalalaryny hem aýap goýmaýar, Farap häkimligi olardan, özlerine berilmeli sowgat üçin diýip, 100 manatdan pul ýygnaýar.

Daýhanlar bu ýygymdan gaty nägile diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň bu mesele boýunça Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezinden düşündiriş almak synanyşygy netijesiz boldy; Praga wagty bilen sagat 11-12 aralygynda edilen telefonlara guramanyň kabulhanasyndaky +993 (12) 44-87-77 belgili telefonda hiç kim jogap bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.