Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda mejbury abuna ýazylyşyk doly onlaýn görnüşe geçýär. Onlaýn gazet-žurnallar ähli okyjylar üçin tölegli bolýar


Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň websaýtyndan alnan surat. Illýustrasiýa suraty
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň websaýtyndan alnan surat. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda döwletiň howandarlygyndaky metbugata hökmany abuna ýazylmak möwsümi başlandy. Bu mejbury çäräniň başlamagy bilen, Lebabyň häkimiýetleri edara-kärhanalaryň işgärlerine 2022-nji ýyldan başlap gazet-žurnallary diňe onlaýn görnüşde okap biljekdiklerini duýdurýarlar. Bu aralykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2022-nji ýyldan başlap hyzmatlaryň tölegli esasda ýola goýulmagy ugrunda işleriň geçirilýändigini habar berýär. Häzirki wagt bu gullugyň websaýtynda ýurtda çap edilýän gazet-žurnallar pdf formatynda okyjylara muzdsuz hödürlenýär.

"Täze 2022-nji ýyldan gazet-žurnallar öýlere getirilmeýär. Olary indi diňe onlaýn okap bolýar. Şu günler bu barada Türkmenabadyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ähli býujet işgärlerini duýdurýarlar. Gazet-žurnallary okamak mümkinçiligi doly onlaýn görnüşine geçýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply býujet işgäri 29-njy noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, býujet işgärlerinden gazet-žurnallary alty aý, ýagny ýanwar-iýun aýlarynda onlaýn görnüşde okamak üçin 60 manat tabşyrmak talap edilýär.

"Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary metbugata onlaýn abuna ýazylmakdan ýüz öwürýän işgärlere, adat bolşy ýaly, işden kowuljakdygy barada haýbat atýarlar" diýip, býujet işgäri belledi.

Türkmenistanda býujet işgärlerinden we ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryndan, orta hünär mekdepleriniň okuwçylaryndan ýurtda çap edilýän gazet-žurnallara abuna ýazylmak hökmany talap bolmagynda galýar. Häzirki wagtda bu gazet-žurnallar býujetçileriň, talyplaryň we okuwçylaryň tas ählisine kagyz görnüşinde gowşurylýar.

Türkmenistanda gazet-žurnallary diňe onlaýn görnüşde okap boljakdygy baradaky habarlar ilkinji gezek geçen ýylyň noýabrynda peýda bolupdy. Şonda habarçylarymyz býujet işgärleriniň belli bir böleginiň kagyz, beýleki bir böleginiň onlaýn abuna ýazylmaly edilendigini habar beripdiler.

Munuň yz ýany, has takygy geçen ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda çap edilýän gazet-žurnallary elektron ulgama geçirmegiň tizleşdirilmegini tabşyrypdy.

Bu aralykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2022-nji ýyldan başlap hyzmatlaryň tölegli esasda ýola goýulmagy ugrunda işleriň geçirilýändigini habar berýär. metbugat.gov websaýtynda ýurtda çap edilýän gazet-žurnallar pdf formatynda okyjylara muzdsuz hödürlenýär.

Websaýtyň baş sahypasynda ýerleşdirilen bildirişde bahalar we töleg usullary barada maglumat berilmeýär.

Bu aralykda, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetiniň 24-nji noýabrdaky sanyna salgylanyp, gazet-žurnallara "Türkmenmetbugat.gov.tm" saýtyndan ýa-da onuň "Türkmenmetbugat" mobil tilsiminden abuna ýazylyp, onlaýn okap boljakdygyny habar berýär.

"Şol bir wagtda, maglumatlary okamak üçin Türkmenistanda açylan mobil telefon belgisi zerurdyr, ondan pul serişdesi tutulyp alnar. Şeýle-de, abuna ýazylýan adamlardan ady we familiýasyny, işleýän ýa-da okaýan ýerini görkezmek hem talap edilýär" diýlip, neşiriň 25-nji noýabrda çap eden habarynda türkmen metbugatynyň daşary ýurtly okyjylar üçin elýeterli bolmajakdygy hem aýdylýar.

Bu aralykda, "Türkmenmetbugat" mobil tilsimine abuna ýazylan okyjylaryň köpüsi “Google Play-de” ýazan teswirlerinde abuna tölegini töländigine garamazdan gazet-žurnallary okap bilmeýändiginden zeýrenýär.

Galyberse-de, Lebapdaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň ençemesi özleriniň köpüsinde döwrebap smartfonlaryň ýokdugyna, Internetden kadaly peýdalanyp bilmeýändigine, şeýle-de ýurtda Internetiň hiliniň pesdigine ünsi çekdi.

"Onlaýn abuna ýazylmak üçin "Türkmepoçta" baranyňda, anyk maglumat hem bermeýärler. Smartfondan, Internetden peýdalanyp bilmeýän adamlar gazet-žurnallary nädip okamaly - bu barada hiç zat aýtmaýarlar. Olar diňe puluňy alyp, eliňe kwitansiýa berýärler. Ony işleýän edaraňa eltip bermeli, bolany" diýip, lebaply býujet işgäri aýtdy.

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda döwlet metbugatyna abuna ýazylyşyk ýylda iki gezek guramaçylykly häsiýetde amala aşyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG