Aşgabatda ilata döwletiň kesgitli bahasyndan satylýan azyk paýynyň möçberi ýene azaldyldy. Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda un we towuk budy subsidirilenen azyk önümleriniň hataryndan çykaryldy. Şeýle-de, ösümlik ýagyna derek pagta ýagy berlip başlandy. Bu aralykda, paýtagtda 10-a golaý aýal ösümlik ýagynyň subsidirilenen azyk önümleriniň hataryndan çykarylmagyna nägilelik bildirip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine bardy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan babaraply ýaşaýjylaryň birnäçesi subsidirilenen azyk önümleri bilen bagly meseläniň barha ýaramazlaşýandygyny aýdyp, onuň düzümindäki önümleriň azaldylandygyny ýa üýtgedilendigini belledi.
"Noýabr aýyndan şeker bir däl-de, ýarym kilogram berlip başlandy. Şeýle-de, ösümlik ýagyna derek bir litr "Ahal" pagta ýagy we alty guty kükürt - otluçöp berildi. Bular üçin 35 manat töledik" diýip, babaraply ýaşaýjy anonimlik şertinde 3-nji dekabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Degişli maglumat Lebabyň häkimiýetleri ilaty azyk paýlarynyň berlendigi baradaky kartoçkalara gol çekmäge mejbur edýärOnuň sözlerine görä, mundan öň ilata subsidirlenen azyk önümleriniň hatarynda bäş kilogram un we bir sany towuk hem berilýärdi. Ýöne noýabrdan başlap bu önümler subsidirilen azyk harytlarynyň hataryndan çykaryldy.
"Babarapda subsidirlenen azyk önümleri her 15 günden bir sapar kadaly paýlanýar. Iň soňky gezek noýabryň ahyrynda paýlandy" diýip, babaraply ýaşaýjy sözüni jemledi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we azyk gymmatçylygynyň arasynda, soňky ýyllarda häkimiýetler ilata un, şeker, towuk budy, ýumurtga, ösümlik ýagy ýaly harytlaryň çäkli möçberini döwletiň kesgitlän arzan bahasyndan satýar. Bu önümler hususy söwdada iki-üç esse gymmat bahadan satylýar.
Ýöne soňky iki aýa golaý wagt bäri ýurt resmileri ilata berilýän azyk paýlarynyň düzümindäki harytlary we olaryň möçberini azaldyp gelýärler.
Geçen aýyň ortalarynda Aşgabadyň etegindäki Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda bir jaýda näçe maşgalanyň hasapda durandygyna garamazdan, her jaý üçin diňe bir sany azyk paýynyň paýlanyp başlanandygy mälim boldy. Mundan ozal, häkimiýetler bir jaýda ýaşaýan maşgalalaryň her birine aýry-aýry azyk paýlaryny paýlaýardylar.
Şeýle-de, paýtagtyň ençeme etrapçasynda, şol sanda Parahat-7 etrapçasynda ösümlik ýagy azyk paýynyň düzüminden çykaryldy. Şonda dükan satyjylary ýaşaýjylara mundan beýläk ösümlik ýagyny bazar bahasyndan satyn almagy maslahat berdiler.
Bu aralykda, paýtagtda 10-a golaý aýal ösümlik ýagynyň subsidirilenen azyk önümleriniň hataryndan çykarylmagyna nägilelik bildirip, şu hepdäniň duşenbe güni, 29-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine bardy.
Degişli maglumat Aşgabadyň bazarynda towuk etiniň we Pepsiniň "arzançylygy we bolçulygy" döredildiMinistrligiň jogapkär resmisi şäheriň Magtymguly, Kemine we Baýmyrat Garryýew köçeleriniň ýaşaýjylary bolan bu aýallara ösümlik ýagynyň nobatdaky azyk paýlarynyň düzümine gaýtadan goşuljakdygyny wada berdi.
"Resmi ösümlik ýagynyň Russiýadan import edilendigini aýtdy. Ol ösümlik ýagynyň gutarandygy sebäpli öňki gezeklerde onuň azyk paýyna goşulmandygyny hem belledi. Şeýdip, söwda emeldary aýallary hoş sözler bilen gaýtardy, göreliň netije bolarmy?" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz 3-nji dekabrda beren maglumatynda aýtdy.
Bu habarlaryň arasynda, şu günler paýtagtyň döwlet dükanlarynda ilata arzan bahadan satylýan çöregiň hili hem ýaramazlaşdy. Habarçymyz çöregiň hiliniň örän pesdigini, ondan kepegiň ysynyň gelýändigini we reňkiniň hem garadygyny habar berýär.
"Alyjylaryň käbirlerine bişmedik, käbirine gaty bişip, ýanan çörekler gabat gelýär. Ýaşaýjylar çöregiň ýanan ýerlerini pyçak bilen gazap aýyrmaly bolýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjylaryň biri habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Habarçymyz döwlet dükanlarynda çöregiň satuwynyň her gün ir sagat 5-6 aralygynda dowam edýändigini, ýöne adat bolşy ýaly onuň nabata duran raýatlaryň diňe ýarysyna ýa-da 60 göterimine ýetýändigini aýdýar.
Ol bu ýagdaýyň nobata duran adamlaryň käbiriniň arasynda nägilelikleri döredýändigini aýdyp, 3-nji dekabrda şäheriň 14-nji döwlet dükanynyň öňünde bolan bir wakany şaýatlara salgylanyp gürrüň berdi.
"Irden dükanyň gapysynyň arka tarapynda nobata duran ýaşuly adam prezidenti tankytlap başlady. Onuň gapdalynda duran aýallar oňa "haýyş edýäris, gürlemäň, ýogsa häzir sizem, bizem alyp giderler we MHM-niň ýerzeminine gabarlar. Iň gowusy gürlemäň" diýdiler. Bu sözlerden soň ýaşuly adam gürlemedi" diýip, waka şaýat bolan ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Degişli maglumat Aşgabatda ilat çörek üçin gijeden nobata durýar, käbir etrapçalara azyk paýlary oktýabrdan bäri getirilmeýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.