Hereket çäklendirmeleri: Aşgabadyň saglyk öýüniň öňünde günde onlarça adam üýşýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy girizilen hereket çäklendirmeleri saklanyp galýarka, raýatlaryň ýurduň bir sebitinden beýleki bir sebitine sapar etmegi bilen bagly kynçylyklary hem dowam edýär. Raýatlar munuň üçin resminamalaryň ençemesini taýýarlap, ýörite saglyk toparynyň barlagyndan geçmeli bolýarlar. Munuň bilen bagly, şu günler Aşgabadyň degişli saglyk merkezlerinde barlagdan geçip, rugsatnamany almak üçin günde onlarça adam nobata durýar.