Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy girizilen hereket çäklendirmeleri saklanyp galýarka, raýatlaryň ýurduň bir sebitinden beýleki bir sebitine sapar etmegi bilen bagly kynçylyklary hem dowam edýär. Raýatlar munuň üçin resminamalaryň ençemesini taýýarlap, ýörite saglyk toparynyň barlagyndan geçmeli bolýarlar. Munuň bilen bagly, şu günler Aşgabadyň degişli saglyk merkezlerinde barlagdan geçip, rugsatnamany almak üçin günde onlarça adam nobata durýar.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, şu günler Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän 6-njy Saglyk öýüniň 8-nji otagyndaky barlag toparyndan geçmek üçin günde 50-den gowrak adam nobata durýar.
Raýatlar ilki saglyk barlagyndan geçýärler, soňra-da zerur resminamalary topara tabşyrýarlar. Eger talap edilýän resminamalaryň ählisi düzüw bolsa, barlagçy topar raýatyň Aşgabadyň daşyna üç günlük sapar edip biljekdigi baradaky rugsatnamany ýazyp berýär.
"Nobaty ýeten adamlar otaga girip, haýsy maksat bilen beýleki welaýata gitmek isleýändigini düşündirip başlaýarlar. Näme sebäpden gitmek isleýändigiňi hökman delillendirmeli we muny goldaýan resminamalary görkezmeli. Mysal üçin, beýleki welaýatda garyndaşyň ýogalan ýa-da iş bilen sapar edýän bolsaň, bulary delillendirmeli. Şeýle-de, barjak ýeriňden çakylyk, saglyk we waksina urulandygy baradaky kepilnamalar hem talap edilýär. PCR testiniň negatiw netijesi 72 sagatdan geçen bolmaly däl" diýip, toparyň barlagyndan geçen aşgabatlylaryň biri 1-nji dekabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu resminamalardan biri kem bolsa, onda raýata rugsatnama berilmeýär. "Şeýle raýatlaryň sany az däl. Sebäbi köp adamda çakylyk ýa iş ýerinden hat ýok" diýip, ol sözüne goşdy.
Habarçymyz gürrüňi edilýän toparyň şu ýylyň martynda döredilendigini we onuň düzümine saglyk öýüniň hem-de Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň girýändigini aýdýar. Topara Migrasiýa gullugynyň jogapkär emeldary ýolbaşçylyk edýär.
Mundan başga-da, şahsy awtoulagynda gitjek raýatlar "ulagyň salonunda zyýansyzlandyryş işleriniň doly geçirilendigi" barada Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan güwänama almaly bolýarlar. Olardan bu hyzmat üçin 200 manat talap edilýär.
Şeýle-de, habarçymyz ýurtda giň ýaýran korrupsiýanyň bu ýerde-de göze ilýändigini, hususy awtoulaglarynda welaýatlara gatnap, kireý edýän taksi sürüjileri bilen toparyň agzalarynyň arasynda "özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygyny" hem aýtdy.
"Topardaky resmiler eýýäm haýsy raýatlaryň kireý edýändigini bilýärler. Sürüjiler saglyk barlagyndan geçmek üçin 100 manat bermeli bolýarlar. Ýöne olaryň çakylyk ýaly beýleki zerur resminamalary ýok. Şol sebäpli olar topardaky resmileriň birine 200 manat para bermäge mejbur bolýarlar. Şondan soň topar oňa rugsatnamany berýär" diýip, hususy ulagynda kireý edýän aşgabatlylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada 6-njy Saglyk öýünden we Migrasiýa gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
COVID-19 pandemiýasy eýýäm iki ýyl bäri dünýäde ýaýraýarka, türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň hasaba alynandygyny heniz hem resmi taýdan ykrar etmeýär.
Muňa garamazdan, häkimiýetler geçen ýylyň martyndan bäri ýurtda berk karantin çäklendirmelerini girizip gelýärler. Bularyň çäginde ýurduň içindäki uçar, otly we jemgyýetçilik awtobus gatnawlary, raýatlaryň bir welaýatdan beýleki bir sebite sapar etmegi çäklendirildi. Bu çäklendirmeleriň gerimi ýurtda wirusa ýoluganlaryň we ondan ölýänleriň köpelen wagty güýçlendirildi.
Türkmen häkimiýetleri bu çäklendirmeler, olaryň möhleti we ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan beýanat bilen çykyş etmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.