Aşgabatda ilat çörek üçin gijeden nobata durýar, käbir etrapçalara azyk paýlary oktýabrdan bäri getirilmeýär
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ilatyň çörek üpjünçiligi bilen bagly problema has-da ýitileşýär. Raýatlar çörek nobatlaryna indi gijeden durup başlaýarlar. Çäkli möçberde satuwa çykarylýan çöregiň üstünde dawa-jenjeller hem bolýar. Bu aralykda, paýtagtyň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna azyk paýlary oktýabryň ahyryndan bäri paýlanmaýar. Paýtagtyň döwlet dükanlaryndaky azyk problemalarynyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berýär.