Maryda çagalaryny harby gullukdan alyp galmak isleýänleriň köpelmegi 'para-berimiň' möwjemegine getirdi

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda häzir harby gulluga çagyryş möwsümi dowam edýär. Şu ýyl Mary welaýatynda degişli resmilere para berip, öz çagalaryny harby gullukdan alyp galmakçy bolýan adamlaryň sany geçen ýyldaka garanda iki esse artdy. Bu ýagdaý çagyryş boýunça harby gullugyň töweregindäki para-berimiň hem möwjemegine getirdi. Bu barada welaýatyň harby bölüminiň bir işgäri anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.