22-nji noýabrda Aşgabatda ençeme sagatlap internet üpjünçiligi kesildi. Bu erkin maglumat akymyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleriniň ýurtda alternatiw maglumat çeşmeleriniň öňüni almak synanyşyklaryny hasam güýçlendiren mahalyna gabat geldi.
Duşenbe güni Aşgabat boýunça Internet üpjünçiliginiň kesilendigi barada Azatlygyň ençeme çeşmesi habar berdi. Şol bir wagtda, bu barada resmi türkmen habar serişdelerinde, şeýle-de ýurduň ýeke-täk internet üpjünçisi “Türkmentelekomyň” websaýtynda öňünden hiç hili duýduryş çap edilmedi.
Azatlyk bu mesele dogrusynda “Türkmentelekomyň” Aşgabatdaky hyzmatdaş ediş bölümleriniň biri bilen habarlaşanda, edaranyň degişli wekili bu baradaky maglumatlary umuman ret etdi.
Azatlygyň habarçylary Internet üpjünçiligi täzeden ýola goýlandan soň, petiklenen saýtlara we sosial torlara girmäge mümkinçilik berýän VPN tilsimleriniň birnäçesiniň hem işlemegini bes edendigini nygtadylar.
Ýatlatsak, media azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanda garaşsyz habar, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýty, şeýle-de iri sosial ulgamlar petikli galýar.
Degişli maglumat ÝOJ mugallymlaryndan sosial torlara girmezlik barada dilhaty alynýarTürkmen ýörite güýçleri ençeme aýdan bäri VPN-den peýdalanýanlary we ony gurnap berýänleri soraga çagyryp, eger-de proksi ulgamlaryny ulanmagyny bes etmeseler, onda jogapkärçilige çekiljekdigi bilen haýbat atýarlar.
Türkmen häkimiýetleriniň bu çäreleri sosial medialarda türkmen hökümetiniň, şol sanda prezident Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna garşy tankydy pikirleriň artyp başlan döwrüne gabat gelýär. Şeýle-de soňky özgerişler geçen aýdan başlap ýurt boýunça Internetiň tizliginiň peseldilmeginiň fonunda bolup geçýär.
Galyberse-de, mundan on gün töweregi ozal prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek boýunça, “Türkmenaragatnaşyk” agentligine daşary ýurtly kompaniýalar bilen şertnama baglaşmagyna ygtyýar beripdi.
Emma internetdäki soňky bökdençlikleriň resmi habarda aýdylyşy ýaly “öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek” boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly bolup-bolmandygyny tassyklatmak başartmady.
Gepiň gerdişine ýatlatsak, türkmen hökümeti öz ilatynyň Internet elýeterliligini çäklendirmek üçin daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalary bilen geçmişde ýaşyryn hyzmatdaşlyk hem edipdi.
Degişli maglumat Azatlygyň derňewi: Türkmenistanyň ýörite gulluklary türkmenleri Internetde nädip yzarlaýarAdam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ýurtda adam hukuklaryny çynlakaý bozmakda, özge pikirli adamlara basyş etmekde, Interneti çäklendirmekde yzygiderli tankyt edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.