Balkanda çäklendirmeler gowşadylýar, BSG-niň wekiliýeti Türkmenistana "ýokary baha berdi"

Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynda pandemiýa çäklendirmeleri bölekleýin gowşadylyp başlandy. Mundan üç aý çemesi ozal ýapylan myhmanhanalar, restoranlar, kafeler, toý mekanlary açyldy we "Hazar" bazary bölekleýin öz işini dikeltdi. Bu aralykda, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň wekiliýeti Aşgabatda iş saparynda bolup, türkmen döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, ýokanç keseliň garşysyna göreşmegiň çäklerinde Türkmenistanda ýola goýlan öňüni alyş çärelerine "ýokary baha berdi". Şol bir wagtda, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi we Lebapdaky habarçysy BSG-niň wekilleriniň öňünden taýýarlanylan desgalara eltilendigini aýdyp, ýurduň gündogar welaýatyndaky hassahanalardaky gözgyny ýagdaýlar barada habar berýärler.

Balkandaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 20-nji noýabrda "Awaza" syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň tas ählisi doly açyldy. Şeýle-de, "Awaza" şypahanasy hem raýatlary doly tertipde kabul edip başlady.

Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerindäki restoranlar, kafeler, toý mekanlary hem açyldy. "Hazar" bazary bölekleýin öz işini dikeldip, ol hepdede iki gün işleýär. Onuň ýakyn günlerde doly açylmagyna garaşylýar.

Türkmenistanda koronawirusyň ýeke ýagdaýyny-da resmi taýdan hasaba almadyk türkmen häkimiýetleri şu ýylyň tomus paslynyň ahyrynda berk karantin çäklendirmelerini girizdiler. Bazarlary, restoranlary, ilata hyzmat ediş nokatlaryny we güýmenje merkezlerini ýapdylar, ýurduň içinde transporty çäklendirdiler. Bu waka ýurtda wirusyň möwjän mahalyna gabat geldi.

Degişli maglumat BSG wekili Türkmenistanyň öz çäginde COVID-19-yň ýokdugy baradaky öňe sürmesine şübhe bildirdi

Ýagdaýdan habarly ygtybarly çeşmelerimiziň habarçymyza aýtmagyna görä, myhmanhanalar açylmazdan ozal, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awazadaky rezidensiýasynyň ähli işgärlerine "Pfizer" sanjymynyň üçünji dozasy edildi.

Şeýle-de, ol dynç alyş zolagyndaky myhmanhanalaryň pandemiýa çäklendirmelerinden uly maddy zyýan çekendigini, şol sebäpli myhmanlary dessine kabul edip başlandygyny hem belleýär. Munuň bilen bagly, myhmanhanalar öz nyrhlarynyň tas 50% arzanladylandygyny yglan etdiler.

""Şamekan" myhmanhanasyndaky bir standart nomer ozal 250 manatdy, häzir 128 manada çenli arzanladyldy. "Berkarar" myhmanhanasy hem öz nyrhyny 150 manada çenli aşaklatdy" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Ýatlatsak, sentýabryň başynda Azatlygyň habarçylary "Awaza" syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň 1600 töweregi işçini işinden boşadandygyny we olaryň awgust aýy üçin zähmet haklaryny alyp bilmeýändiklerini habar beripdiler.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada Awaza etrap häkimliginden we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň baş müdirliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan we agzalan myhmanhanalardan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ne girizilen çäklendirmeler, ne-de olaryň möhleti barada resmi derejede beýanat bilen çykyş etdiler.

Degişli maglumat Maryda karantin çäklendirmeleri bölekleýin gowşadylyp başlandy

Ýöne ýurtda pandemiýa çäklendirmeleriniň gowşadylyp başlanandygy barada geçen hepdäniň başynda Marydan we Lebapdan hem maglumatlar gelip gowuşdy. Şonda Lebapda ýapylan bazarlaryň bölekleýin açylandygy mälim boldy. Maryda supermarketleriň, kafeleriň, restoranlaryň ençemesi gaýtadan açyldy. Şeýle-de, etrapara ýolagçy awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldildi.

Ýurtda karantin çäklendirmeleriniň gowşadylýandygy baradaky maglumatlar, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň wekiliýetiniň Aşgabatda iş saparynda bolan mahalyna gabat gelýär.

Ýurduň degişli ministrliklerinde we ugurdaş edaralarynda geçirilen duşuşyklarda "häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran ýiti ýokanç keseliň garşysyna göreşmegiň çäklerinde Türkmenistanda ýola goýlan öňüni alyş çäreleriniň toplumlaýyn guralyşy, şol sanda sanjym işleriniň geçirilişi barada gürrüň edildi".

Türkmen döwlet telewideniýesiniň 19-njy noýabrda beren maglumatyna görä, BSG-niň wekiliýeti ýokanç keseliň garşysyna göreşmegiň çäklerinde Türkmenistanda ýola goýlan öňüni alyş çärelerine "ýokary baha berdi".

"Ýokanç keselleriň öňüni almakda wagyz-nesihat işleriniň ýola goýulmagy, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünleriň berjaý edilmegine, keselleriň öňüni alyş sanjymlary bilen ilatyň gurşap alynmagy wajypdyr. Bu işler doly derejede sizde ýola goýlan. Ýurtda COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlar bilen ilatyň aglaba bölegi gurşap alnan. Bu öwerlik wakadyr" diýip, döwlet telewideniýesi BSG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň immunizasiýa we waksina bilen dolandyryp bolýan ýokançlar boýunça baş hünärmeni Oleg Beneşiň sözlerini sitirledi.

Degişli maglumat Karantin çäklendirmeleriniň saklanyp galmagy ilat arasynda nägilelik çykyşlaryny döretdi

Bu duşuşyk barada TDH-nyň, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýa-da BSG-niň websaýtlarynda häzirlikçe hiç hili maglumat göze ilmeýär.

Bellesek, 8-nji noýabrda Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) wekili Türkmenistanyň öz serhet çäginde koronawirusyň ýokdugy baradaky öňe sürmesine ilkinji gezek açyk ýagdaýda şübhe bildiripdi.

Bu habarlaryň arasynda, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi we Lebapdaky habarçysy BSG-niň wekilleriniň ýene öňünden taýýarlanan desgalara eltilendigini aýdyp, ýurduň gündogar welaýatyndaky hassahanalardaky we saglyk öýlerindäki gözgyny ýagdaýlar barada habar berýärler.

"Türkmen telewideniýesinde ýene-de şol öňki spektakl gurnaldy. BSG-niň wekillerini ýene öňden taýýarlanylan ýerlere eltdiler. Olar şäher we etrap hassahanalaryna eltilmedi. Bu ýerdäki hassahanalarda koronawirus näsaglary beýle-de dursun, ýönekeý syrkawlaryň bejergi almagy üçin-de kadaly şert ýok" diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Ol sebitlerdäki hassahanalaryň tas ählisiniň 1960-njy ýyllarda gurlandygyna ünsi çekip, bularda abatlaýyş işleriniň geçirilmän, doly ýykylyp, täzeden gurulmalydygyny hem aýtdy.

"Hassahanalarda her ýyl saglyk işgärleriniň hasabyna boýag işleri geçirilýär. Olaryň diwarlary jaýrylyp ýatyr, hajathanalara girer ýaly däl. Otaglar tomsuna ot ýaly yssy, gyşyna buz ýaly sowuk. Gyşyna gyzgyn suw hem ýok. Saglyk işgärleri medisina eşiklerini öz hasabyna satyn alýarlar. Näsagyň bejergi almagy üçin hiç hili şert ýok" diýip, çeşmämiz sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.