Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegeni Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenmäge taýýarlanýar. Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesine görä, prezident halk arasynda Şammy ady bilen tanalýan Şamyrat Rejepowy Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek kararyna geldi. Rejepowyň bu wezipä bellenilmek ähtimallygy baradaky maglumat prezidentiň agzalýan banka ýurtda himiýa desgasyny gurmak üçin Birleşen Arap Emirliklerinden karz alyp başlamagy buýrandan birnäçe gün soň peýda boldy. Şeýle-de, çeşmelerimiz prezidentiň ýakyn töweregindäki beýleki adamlaryň hökümetdäki "möhüm wezipelere" belleniljekdigini hem öňe sürýärler.
Azatlygyň Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna ýakyn bir çeşmesi Şammy ady bilen tanalýan 36 ýaşly Şamyrat Rejepowy bu wezipä bellemek meselesiniň "eýýäm çözülendigini" öňe sürýär.
“Prezident ýegeni Şamyrat Rejepow hakykatdanam daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi. Onuň bu wezipä bellenilendigi heniz yglan edilmese-de, prezident eýýäm bu baradaky karary kabul etdi. Şu hepdäniň başyndan Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrundaky daşary ykdysady iş bankynyň binasynda täze resmi üçin eýýäm otag taýýarlap başladylar. Birinji gatdaky otagyň durkuny täzelemek işleri tas tamamlandy. Işgärler ýowuzlygy bilen tanalýan prezidentiň ýegeniniň köp adamy işden çykaryp başlamagyndan aladalanýarlar " diýip, çeşmämiz 21-nji noýabrda habar berdi.
Bu maglumatlaryň diňe bir çeşmeden alnandygyny we Azatlygyň muny entek başga çeşmelere tassykladyp bilmändigini bellemelidiris. Emma bu çeşme mundan ozal hem ygtybarly maglumatlary beripdi.
22-nji noýabrda Azatlyk Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň bir bölümine jaň etdi. Bu bölümdäki resmi başlygyň täze orunbasarynyň otagyndaky abatlaýyş işleriniň eýýäm tamamlanandygyny we "hemmeleriň onuň işe başlamagyna garaşýandygyny" tassyklady. Emma bank işgäri, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşýändigini bilende, täze orunbasaryň adyny aýtmakdan saklandy.
Degişli maglumat Derňew: Berdimuhamedowyň ýegenleri döwlet zawodlarynyň önümlerini eksport edýän kompaniýalar bilen baglanyşyklyAzatlyk Türkmenistanyň prezidentiniň administrasiýasyna ýakyn başga bir çeşmesi bilen habarlaşdy, ol entek bu maglumatlary tassyklap bilmedi. Ýöne ol prezident Berdimuhamedowyň ýakyn töweregindäki adamlaryň hökümetdäki "möhüm wezipelere" bellenmeginiň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy.
“Şu ýylyň başyndan bäri prezidentiň apparatynda prezidente ýakyn adamlary möhüm wezipelere bellemek barada gepleşikleriň bolandygyny aýdyp bilerin. Bilşiňiz ýaly, bizde prezidentiň ýakyn töweregindäki adamlar esasan onuň ýakyn garyndaşlaryny öz içine alýar. Ýeri gelende aýtsak, Şammy prezidentiň iň gowy görýän ýegeni diýip bilinýär. Şol sebäpden, ol hakykatdanam bu wezipä bellenen bolsa, men geň galamok" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Şamyrat Rejepow türkmen lideriniň uly aýal dogany Durdynabat Rejepowanyň iki oglunyň biridir. Onuň Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilmek ähtimallygy baradaky maglumat prezident Berdimuhamedowyň "Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek" üçin BAE-den karz almak meselesini Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň jogapkärçiligine tabşyrandan birnäçe gün soň peýda boldy.
Garaşsyz neşirleriň habaryna görä, Şamyrat Rejepow uly dogany Hajymyrat bilen bilelikde Türkmenistanyň himiýa senagatyna gözegçilik edýär.
Şu ýylyň oktýabr aýynda garaşsyz neşirler “Turkmen.news” we “Gundogar” Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty proýekti (OCCRP) bilen bilelikde, Rejepow doganlarynyň ýurtda öndürilen himiýa önümleriniň täsirli bölegini daşary ýurtlarda hasaba alnan galp kompaniýalaryň üsti bilen eksport edýändiginiň üstüni açdy. Şeýle-de, žurnalistler doganlaryň işine prezident daýysynyň gol çeken kararlarynyň kömek edendigini hem anykladylar.
Prezidentiň 16-njy noýabrda gol çeken kararyna laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen ylalaşyga gol çeker. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky BAE-den karz serişdeleriniň bölünip berilmegini üpjün eder.
Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy tarapyndan beriljek karzyň mukdary kesgitlenmedi, ýöne kärhananyň ýylda 170 müň tonna dökün öndürjekdigi çak edilýär.
Şu ýylyň başynda Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy birnäçe taslama, şol sanda 10 müňden hem az ilaty bolan Jebel şäherçesindäki aeroportuň gurluşygy üçin Türkmenistana 100 million dollar karz berjekdigini mälim etdi.
Degişli maglumat Berdimuhamedowlar Döwlet býujetini maslahatlaşdy. Ykdysatçy ilatyň ýurtdan gysylyp çykarylýandygyny aýdýarŞu ýylyň dowamynda prezident Berdimuhamedow ogly Serdaryň karýerasynyň çalt ösmegini üpjün etdi we netijede ol ýurtdaky güýç iýerarhiýasynda ikinji adam boldy. Fewral aýynda döwlet baştutany ony birbada üç wezipä belledi - hökümetiň premýer-ministriniň orunbasary, Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy we Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy. Aradan alty aý geçmänkä, iýul aýynda Serdar Berdimuhamedow ykdysady, bank meseleler we halkara maliýe guramalary boýunça wise-premýer wezipesine bellendi.
Eger Şamyrat Rejepow Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilse, onda bu prezident maşgalasynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýeke-täk gözegçiligini ep-esli güýçlendirer.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.