Türkmen migrantlarynyň, tussaglaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň maşgalalary subsidirlenen azyk önümlerinden mahrum edilip bilner

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda agzalary daşary ýurtlarda işleýän maşgalalar subsidirlenen bahadan azyk önümlerini satyn almak mümkinçiligini ýitirip bilerler. Azyk paýlary mundan beýläk raýatlaryň ençemesine elýeterli bolmaz. Ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy, işsizlik we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň peselmegi ilatyň uly bölegini azyk önümlerini döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan satyn almaga mejbur edýär we bu köpçülik üçin iýmitlenmegiň ýeke-täk çeşmesi bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatyndaky soňky ýagdaýlar barada habar berdiler.