Resmi metbugat 2021-nji ýyl üçin ýurt boýunça pagta plan borçnamasynyň doly berjaý edilendigini habar berdi. Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylary sebitde pagta hasylynyň pes bolandygy sebäpli borçnamany dolup bilmedik kärendeçileriň köpdügini aýdýarlar. Bu aralykda, Maryda döwlet telewideniýesine ýazgy etmek üçin nobatdaky köpçülikleýin mejbury çäre geçirildi. "Hasyl toýy" mynasybetli geçirilen çärä býujet işgärleri, talyplar we çagalar mejbury gatnaşdyryldy.
TDH-nyň habaryna görä, 11-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurduň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.
Resmi metbugat döwlet harmanyna 1 million 250 müň tonnadan gowrak pagta tabşyrylandygyny, munuň Hasyl toýuna "mynasyp zähmet sowgady" bolandygyny aýdyp, şu günler gowaça meýdanlarynda galan pagtany ýitgisiz ýygnap almak işleriniň dowam edýändigini hem mälim etdi.
Degişli maglumat Balkanda polisiýa pagta ýygmakdan boýun gaçyran raýatlary rezin dürre bilen "urýar"Şol bir wagtda, Mary welaýatyndaky habarçylarymyz gowaça ekilen meýdanlaryň köpüsinde pagtanyň doly gögermändigini aýdyp, döwlet plan borçnamasyny dolup bilmedik kärendeçileriň köpdügini habar berýärler.
"Bu ýyl hasyl pes. Pagtanyň gozalary az ýa-da goza duran ýerinde açylman, çüýreýär. Geçen ýyllarda ýygymçylar bir pelden iki-üç fartugy doldurýardylar, häzir bir fartugy zordan doldurýarlar. Mary welaýatynyň plan borçnamasyny dolandygy baradaky habar gaty gümana" diýip, ýagdaýdan habarly maryly kärendeçi anonimlik şertinde 12-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Şeýle-de, ol kärendeçileriň köpüsiniň 1-2 tonna pagta tabşyrandan soňra, pagtanyň ýokdugy sebäpli, gowaçanyň gozalaryny mal-garalara iým hökmünde ýygnaýandygyny hem sözüne goşdy.
"Gowaçanyň gögermedik gozasynyň bir teleşkasyny mallara iýmlik hökmünde 4 müň manada satyp bolýar. Pagta satanyňdan, gozasyny satanyň amatly bolýar. Eliňe nagt pul gelýär. Döwlet hasyl puluny wagtynda bank kartymyza geçirmeýär, soňra-da ony nagtlaşdyrmak kyn bolýar" diýip, maryly kärendeçi aýtdy.
Ýatlatsak, şu ýyl pagta hasylynyň pes bolandygy barada ýurt içindäki habarçylarymyz mundan ozal hem habar beripdiler. Şu aýyň başynda Balkandaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly ýaşaýjylar gowaça meýdanlarynda ýygar ýaly pagtanyň tas ýokdugyny aýdyp, welaýatda pagta plan borçnamasynyň 21%-niň ýerine ýetirilendigini belläpdiler.
Bu aralykda, Marydaky habarçymyz gowaça meýdanlarynda pagtanyň tas ýokdugyna garamazdan, mejbury pagta ýygymynyň dowam edýändigini habar berýär.
Degişli maglumat Ahalyň häkimiýetleri syrkaw okuwçylary işledip, pagta borçnamasyny dolmaga synanyşýar"Býujet işgärleri özlerine derek ýatymlaýyn pagta gidýän işçiler üçin 500-600 manat tölemeli bolýarlar. Günin gidýän ýygymçylaryň her gününe bolsa, 40 manat tölemeli. Mundan başga-da, meýdanda pagta bolmasa-da, "pagtanyň soňky hanasyna çenli ýygmaly" diýip, býujet işgärlerini-de her hepdäniň ýekşenbe güni gowaça meýdanlaryna çykaryp, pagta ýygmaga mejbur edýärler" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan bir býujeti işgäri aýtdy.
Ýurduň pagta pudagynda çaga zähmetinden we mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri Hasyl toýunda döwlet telewideniýesinde görkeziljek wideoreportažy öňünden taýýarlamak üçin-de üç günläp mejbury çäre geçirdiler.
Mary şäheriniň çetindäki "Ak öýde" geçirilen çäre üç günläp - 7, 8, 9-njy noýabrda - dowam etdi. Olara medeniýet işgärleri bilen bir hatarda, býujetçiler, talyplar we çagalar mejbury gatnaşdyryldy.
"Türkmen telewideniýesinde bir epizod görkezjek bolup, ençeme adamy kösediler. Ir sagat 8-de başlamaly çäräni sagat 11-de surata düşürip başladylar. Adamlary ir bilen çäräniň boljak ýerine çagyryp kösediler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran çärä gatnaşan maryly býujet işgäri 9-njy noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Bellesek, Türkmenistanda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde, adatça döwlet baştutany ýurt boýunça pagta plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigini yglan edenden soňra, Hasyl toýy bellenilýär.
Degişli maglumat “Potemkin pagta meýdany”: Lebapda TW-de görkezmäge niýetlenen ýörite gowaça meýdany barHabarçylarymyz Hasyl toýunyň bellenilip geçilendigi barada döwlet telewideniýesine öňünden wideoreportažlaryň taýýarlanýandygy, munuň üçin köpçülikleýin mejbury çäreleriň geçirilýändigi hakda indi birnäçe ýyl bäri habar berip gelýärler.
Maryly býujet işgärleri bu ýyl döwlet telewideniýesi üçin surata düşürmek işleriniň iki bölege bölünendigini aýdyp, bu çäreleriň irden daşarda we öýlän "Ak öýüň" içinde geçirilendigini belleýärler.
"Irden çärä gatnaşýanlar açyk meýdanda çykyş etmeli boldular. Adamlar güýçli şemalda, çäre gutarýança, ýukajyk egin-eşiklerde durmaly boldular. Ähli adamlar milli egin-eşikde bolmaly diýip, olaryň penjeklerini çykartdylar. Ýöne çärä gözegçilik edýän organ we häkimlik işgärleri galyň eşiklerini, penjeklerini çykarmadylar. Çäreden ýüz öwren adamlara, hemişe bolşy ýaly, işden çykarmak haýbatyny atýarlar" diýip, býujet işgäri aýtdy.
Ol çärä gözegçilik edýän resmileriň sowukdan üşäp, ýüzlerini sallap duran adamlara duýduryş berendigini, käte paýyş sözler aýdandygyny hem sözüne goşdy.
"Näme pata geldiňizmi? Hany, ýylgyryň" diýip, býujet işgäri häkimligiň bir işgäriniň mikrofonda gygyran sözlerini sitirledi.
Ol çärä gatnaşýanlaryň öz çykdajylarynyň hasabyna üç günläp "Ak öýe" gidip-gelmeli bolandygyny hem sözüne goşdy.
"Taksi her adam başyna 10 manat kireý aldy. Gün ýaşanyndan soňra 15-20 manat kireý tölemeli bolduk" diýip, maryly býujet işgäri sözüni jemledi.
Türkmenistanda mejbury geçirilýän köpçülik çäreleri telewideniýe üçin wideoýazgy edilýär we köplenç “berkararlyk we bagtyýarlyk” zamanasynyň subutnamasy hökmünde döwlet telewideniýesinde görkezilýär. Ýöne munuň ýönekeý raýatlaryň durmuşyna ýetirýän täsiri barada ýeke söz aýdylmaýar.
Şu ýyl Türkmenistanda pagta ýygym möwsümine resmi derejede 8-nji sentýabrda girişildi we ýurt boýunça 620 müň gektar meýdana gowaça ekildi.
Degişli maglumat Lebapda pagta ýygmak üçin ýygymçy tapdyrmaýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.