Maryda talaňçylyk wakalary köpelýär, ilatyň işigindäki goşlary ogurlanýar

Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ilatyň dürli gatlagy koronawirus ýokanjyndan we ykdysady krizisiň açlyk derejesindäki kynçylyklaryndan kösenýän mahaly, ýurtda sosial problemalar barha ýitileşýär. Soňky bir aýyň dowamynda Mary welaýatynda ogurlyk, talaňçylyk, aldaw ýoly bilen adamlaryň puluny almak ýaly wakalar köpelýär. Munuň şeýledigini Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar we kanun goraýjy edaralaryň işgärleri aýdýar.

"Karantin çäklendirmeleri sebäpli ähli ýerler ýapyk dur. Gazançsyz galan adamlar eklenç üçin her zada baş goşýarlar. Adamlaryň öýleriniň içindäki goşlary we howlularyndaky, derege ýaraýjak, islendik zatlary ogurlanýar. Iň bärkisi elektrik geçiriji simleri hem kesilip alynýar we satylýar. Soňky aýda bular ýaly wakalaryň köpelendigi hasaba alyndy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly kanun goraýjylaryň biri 3-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol welaýatyň Baýramaly etrabynyň häzirki wagtda jenaýatçylygyň iň köp hasaba alnan etrapdygyny hem sözüne goşdy.

Degişli maglumat Aşgabatda ogurlyk we adamlaryň öldürilmegi bilen bagly hadysalar köpelýär

Türkmenistanda COVID-19-yň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen hökümeti tomus paslynda wirusyň ýaýramagyna garşy berk karantin çäklendirmelerini girizdi. Bu çäklendirmeler ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ölýänleriň ozal görlüp eşidilmedik derejede köpelen mahalyna gabat geldi.

Ýurtda hereket çäklendirmeleriniň girizilip, bazarlaryň we ilata hyzmat ediş nokatlarynyň hem-de güýmenje ýerleriniň ýapylmagy, habarçylarymyzyň sözlerine görä, müňlerçe adamyň gazançsyz galmagyna getirdi. Bu bolsa ykdysady kynçylyklardan kösenýän ilatyň onsuz hem agyr durmuşyna has aýylganç agram salýar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan Marynyň oba ýaşaýjylarynyň ençemesi işiklerinde duran ulaglarynyň batareýalarynyň, ýol gyrasynda duran (belarus, John Deere kysymly) traktorlarynyň, uly kamaz ulaglarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň ogurlanmagyndan hem şikaýat edýärler.

"Geçen hepde men ulagymyň batareýasyny ogurladyp, täze satyn almaly boldum. Bir goňşymyň bolsa, traktorynyň yzynda berkidilen kebşirleýji abzalynyň kabel simini ogurladylar. Biz indi traktorlary köçämizde däl-de, edarada goýmaklygy dogry hasaplaýarys. Her güni ýol puly bermejek bolup, traktorlary işigimizde goýýardyk. Emma ogurlanýan ätiýaçlyk şaýlary bize ýol pulumyzdan gymmada düşýär" diýip, Baýramalynyň Azat daýhan birleşigindäki bir traktor sürüjisi gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, soňky aýda welaýatda ilata özlerini döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri diýip tanyşdyryp, aldaw ýoly bilen adamlaryň puluny alýan raýatlar hem köpeldi.

Degişli maglumat Ykdysady, saglyk we sosial krizis: Men başga çykalga tapmadym, ejejan, meni bagyşla!

"Polisiýa geýmini geýip, adamlardan dürli usullar bilen, şol sanda maska režimini bozandyklary üçin pul alan iki adam oktýabr aýynda tussag edildi. Olar polisiýada işleýän doganlarynyň egin-eşiklerini geýip, döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň taýagyny alyp, gijelerine köçä çykýar eken, uly ulaglary hem saklap, sürüjileriň pullaryny alýar eken" diýip, kanun goraýjy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

"Biziň ýurdumyzda adamlar polisiýa geýimini geýen adamlardan hakykatdan hem polisiýada işleýändigi baradaky resminamany görkezmegi talap etmeýärler. Sebäbi polisiýa sesinden halys ýadan halkymyz bar. Bu bolsa, aldaw ýoly bilen adamlaryň puluny alýan talaňçylaryň işini aňsatlaşdyrýar" diýip, kanun goraýjy belledi.

Onuň sözlerine görä, aldaw ýoly bilen ilatyň puluny alýan adamlaryň ýene bir bölegi gaz, suw we elektrik edaralarynyň işgärleriniň eşiklerini geýip, öýlere aýlanýarlar we dürli usullar bilen hojalyklardan pul ýygnaýarlar.

"Köp hojalyk "biz iki-üç gün mundan öň pul töledik" diýip aýtsa, bu adamlar "biz täze işe başladyk" diýýärler. Adamlar hem olara ynanýar, sebäbi köp döwlet edaralarynda her 5-6 aýdan işgärler täzelenýär" diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Iýmäne çörek tapmaýandygyny aýdýan onlarça maryly prokuraturanyň öňüne üýşüp, prokurordan haraý gözleýär

Bu adamlar ele salnanda, köplenç ozal özleriniň aldaw ýoly bilen hiç haçan adamlardan pul almandygyny, karantin sebäpli ähli ýerler ýapyk bolansoň, çagalaryny ekläp bilmän çykalgasyzlykdan bu işe baş goşandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Mary welaýat we Baýramaly etrap Polisiýa müdirliklerinden goşmaça maglumat hem-de kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 3-nji noýabrda sagat 12:00-16:30 aralygynda eden yzygiderli synanyşygy netije bermedi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň we koronawirus ýokanjynyň Mary welaýatynda ilata agyr zarba urýandygy, munuň sosial problemalary barha ýitileşdirýändigi barada Azatlyk soňky aýlarda ençeme gezek habar berdi.

Türkmen hökümeti pandemiýanyň arasynda, has-da ýitileşen ykdysady krizisiň hakyky gerimini aýan etmeýär. Şeýle-de, ýurtda karantin ​çäklendirmeleri we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan mesele gozgalmaýar.

Maglumat üçin aýtsak, dünýäniň ençeme ýurdunda, şol sanda Türkiýede, ABŞ-da we Ýewropa döwletlerinde berk karantin çäklendirmeleri döwründe işsiz we gazançsyz galan ilata döwlet tarapyndan maddy ýardam berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.