"Halkbank" raýatlaryň VISA kartlaryna gaýtadan pul geçirip başlady

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Şu günler Türkmenistanyň "Halkbank" döwlet täjirçilik bankynda raýatlaryň daşary ýurt walýutasyndaky VISA bank kartlaryna pul salmaga gaýtadan rugsat berlip başlandy. Munuň üçin raýatlardan bir aý öňünden ýörite talon almak talap edilýär. Şol bir wagtda, türkmen hökümeti pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlaryny heniz dikeltmeýän mahaly, bu kartlardan ýurduň içinde peýdalanmakdaky çäklendirmeler saklanyp galýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berýär.