Şu günler Türkmenistanyň "Halkbank" döwlet täjirçilik bankynda raýatlaryň daşary ýurt walýutasyndaky VISA bank kartlaryna pul salmaga gaýtadan rugsat berlip başlandy. Munuň üçin raýatlardan bir aý öňünden ýörite talon almak talap edilýär. Şol bir wagtda, türkmen hökümeti pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlaryny heniz dikeltmeýän mahaly, bu kartlardan ýurduň içinde peýdalanmakdaky çäklendirmeler saklanyp galýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berýär.
"Häzir "Halkbankda" raýatlaryň walýutadaky VISA bank kartlaryna pul geçirip berýärler. Munuň üçin raýatlar bir aý öňünden nobata durmaly we ýörite talon almaly. Talony almana baranyňda resminamalary, şol sanda pasportyňy we aýlyk girdejiň hakyndaky güwänamany hem eltmeli" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 22-nji oktýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagtda bu bankda bir maşgaladan diňe bir adamyň daşary ýurt walýutasyndaky VISA kartyna pul salmaga rugsat berilýär. Bu puluň möçberi 300 amerikan dollaryna deň.
Bellesek, türkmen häkimiýetleri ilatyň VISA kartlaryna bank üsti bilen pul geçirmek mümkinçiligine ýygy-ýygydan çäklendirmeleri girizýär. Ýurtda bu mümkinçiligiň bes edilendigi barada Azatlyk soňky gezek şu ýylyň ýanwarynda habar beripdi.
Türkmenistanyň "Halkbank" döwlet täjirçilik bankynda raýatlaryň daşary ýurt walýutasyndaky VISA kartlaryna pul salmaga gaýtadan mümkinçilik döredilen bolsa-da, bu babatda ýurduň käbir beýleki banklaryndaky çäklendirmeler heniz hem saklanyp galýar.
"Käbir banklarda VISA karta pul geçirmeklik düýbünden gadagan. Mysal üçin, Türkmenistanyň "Türkmenbaşy" täjirçilik bankynda VISA kartyny açyp berýärler, emma oňa pul geçirip bermeýärler. Näme üçin VISA kart açyp berýärsiňiz, emma pul geçirim gadagan? diýip sorag berseň, olar "Ýadygärlik üçin" diýip jogap berýärler" diýip, aşgabatly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, "Türkmenbaşy" bankynda raýatlaryň VISA kartlaryna indi üç ýyl bäri pul geçirip berilmeýär. Bu bankda diňe daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň bir ýylky okuw tölegini geçirip bolýar.
Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar. Türkmen hökümeti 2016-njy ýylyň ýanwarynda walýutanyň resmi söwdasyny gadagan edensoň, ýurtda dollaryň gara bazary emele geldi. Häzirki wagtda gara bazarda bir dollar 22 manat bahalanýar.
Ýurtda dollaryň resmi söwdasy çäklendirilýän mahaly, türkmen banklary raýatlara çäkli möçberdäki milli puly - manady - resmi kursda özleriniň VISA bank kartlaryna geçirmek mümkinçiligini döredipdi. Raýatlar kartlaryndaky bu daşary ýurt walýutasyndan ýurduň içinde we daşynda peýdalanyp bilýärdi.
Ýöne türkmen hökümeti global pandemiýa sebäpli halkara uçar we gury ýer gatnawlaryny ýatyrandan soň, 2020-nji ýylda raýatlaryň daşary walýutasyndaky VISA kartlaryndaky serişdeden ýurduň içinde peýdalanmak, nagt däl geçirimler, söwda gadagan edildi.
"Türkmenistanyň içinde walýutadaky VISA kart bilen diňe Russiýa federasiýasynyň S7 howa ýollary kompaniýasynyň kassasyndan Russiýa gitmek üçin ýol petegini satyn alyp bolýardy. Hökümet muňa hem maý aýyndan başlap gadagançylyk girizdi. Şondan bäri rus awia kompaniýasyndan ýol petegi diňe ABŞ-nyň dollarynda nagt görnüşde satyn alyp bolýar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň ençemesi halkara gatnawlary we VISA kartlaryndan ýurduň içinde peýdalanmak mümkinçiligi gaýtadan dikeldiler diýen umyt bilen, häzirki wagtda öz kartlaryna pul geçirmäge synanyşýandygyny aýdýar.
Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada 22-nji oktýabrda ýerli wagt bilen sagat 14:30 töwereginde ýurduň Merkezi bankyndan, Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankyndan, "Halkbankdan" we "Türkmenbaşy" bankyndan goşmaça maglumat almaga synanyşdy. Ýöne aradan üç sagat geçensoň hem, Azatlygyň bu babatda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.
Türkmenistan soňky ýyllarda garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizisleriniň birini başdan geçirýär. Walýuta kynçylyklarynyň fonunda türkmen banklary daşary ýurtlara iberilýän puluň möçberini tapgyrlaýyn çäklendirip gelýär. Bu ýagdaý daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen studentleriň we daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylaryň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýär. Azatlyk bu barada soňky ýyllarda yzygiderli habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.