Maryda ilatdan gaz hasaplaýjylary barlagdan geçirmek talap edilýär

Gaz hasaplaýjy enjam. Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda hojalyklardaky gaz hasaplaýjy enjamlary barlamak boýunça nobatdaky çäreler geçirilip başlandy. Şu günler welaýatyň gaz üpjünçilik edarasynyň işgärleri hojalyklara aýlanyp, raýatlardan gaz hasaplaýjy enjamlaryny öz çykdajylarynyň hasabyna "Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugynda barlagdan geçirmegi talap edýärler. Mundan ozal bu talap bäş ýyl bäri ulanyşdaky hasaplaýjylara degişli bolan bolsa, indi ol iki ýyl öň gurnalan enjamlary hem öz içine alýar. Bu talabyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

"Biziň öýümizde gaz hasaplaýjy enjam bolsa-da, gaz edaranyň işgärleri "Seniň gaz hasaplaýjy enjamyňda möhür ýok. Ol tehniki gözegçilikden geçirilmändir" diýip aýtdylar. Men olara "Bu enjamy iki ýyl ozal siziň edaraňyz gurnap berdi we munuň üçin 640 manat töledik" diýdim. Men olara enjamda ähli zadyň düzüwdigi barada özleriniň beren kitapçasyny hem görkezdim. Olar maňa "Bu öňler bolýardy, ýöne şu ýyla geçip bolanok, bizden başlyklaryň talaby şeýle" diýdiler" diýip, welaýatyň Baýramaly şäheriniň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde 21-nji oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda elektrik energiýasynyň tölegini ‘iki esse artdyrmak göz öňünde tutulýar’

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň ýanwarynda ilatyň gaz, suw we tok üpjünçiligi tölegli görnüşe geçirildi. Bu karar Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edilenden soň, häkimiýetleriň hojalyklardan gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak talaplary güýçlendi. Şondan bäri ýurtda, adatça, her ýylyň güýzünde gaz we tok hasaplaýjylary barlamak işleri işjeň alnyp barylýar.

Häzirki wagtda “Türkmengazüpjünçilik” edarasynyň “Marygazüpjünçilik” şahamçasynyň işgärleri raýatlara mundan iki ýyl ozal oturdylan gaz hasaplaýjylaryň-da öz hasaplaryna "Türkmenstandartlaryndan" barlagdan geçirilmelidigini duýdurýarlar.

Ýatlatsak, mundan ozal Azatlyk bilen söhbetdeş bolan gaz resmileri we ýerli ýaşaýjylar hasaplaýjylaryň her bäş ýyldan barlagdan geçirilmelidigini aýdypdylar.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady çökgünlik sebäpli gurpdan düşen köp raýat täze barlaglar üçin özlerinden 120 manat talap edilýändigini we muny tölemäge maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdyp, muňa garşylyk görkezýär.

Gaz resmileri bolsa, hasaplaýjylar barlagdan geçirilmedik öýlerde gaz hasaplaýjy enjam ýok diýlip hasaplanýandygyny we bu hojalyklaryň her birinden ýylda 312 manat pul alynjakdygyny aýdýarlar. Şeýle-de, olar bu serişdäni töläp bilmedik hojalyklaryň gazynyň kesiljekdigini hem duýdurýarlar.

Degişli maglumat Lebapda elektrik töleglerini ýylyň ahyryna çenli geçirmedikler tölegleri ýokarlanan bahadan "tölär"

"Gazçylar maňa "Gazy kesenimiz üçin töleg alynmaýar, ýöne gaýtadan birikdirmek üçin 200 manat tölemeli bolarysyňyz. Öňümiz gyş, iň gowusy birinden karz alyp hasaplaýjyňyzy barlagdan geçiriň. Biz indiki hepde gaýtadan geleris" diýdiler" diýip, baýramalyly ýaşaýjy belledi.

Ýaşaýjy ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň, koronawirus ýokançlygynyň, gytçylygyň we gymmatçylygyň ilata agyr zarba urandygyna ünsi çekip, häzirki wagtda karz berip biljek raýatlaryň tas ýokdugyny sözüne goşdy.

Mundan üç ýyl ozal türkmen hökümeti ilata çärýek asyrlap mugt berlen ýeňillikli hyzmatlary ýatyranda, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanandygy aýdyldy. Ýöne Azatlyk ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň arasynda ilatyň gün-güzeran aladalarynyň has hem kynlaşandygy barada dowamly maglumatlary beripdi. Soňky aýlarda habarçylarymyz ykdysady krizisiň saglyk krizisi bilen utgaşyp, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň has-da ýaramazlaşandygyny we sosial problemalary barha ýitileşdirýändigini habar berýärler.

Degişli maglumat Marynyň gaz üpjünçilik edaralary prokuratura barlaglaryndan alada galýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.